Premium Belki [off] 16.02.2025 / 14:38 Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
DIÝDIŇ SEN MAŇA
Gabat geldim sen näzenin jenana,
Sorsam «Başym boş-la» diýdiň sen maňa.
Öňem ýaşap gören ýaly hamana,
«Yşga başyň goşma» diýdiň sen maňa.
Durna ýaly sakdym, barladym yzyn:
«Başy boş däldir-le seň ýaly gyzyň?!»
Buýsançlyrak diýdiň: «Meniň ýek özüm!
Şu gün göwnüň hoşla» diýdiň sen maňa.
Söýgiň tagamy bar, bar onuň reňki...
Bu dünýäde söýgi bilen meniňki.
«Ellerim seniňki, lebim seniňki,
Şondan aşak düşme» diýdiň sen maňa.
«Gül syýa batyryp tawus ýelegin —
Diýdim — seni wasp edeýin, melegim»
«Olam bir alydyr tersa pelegiň,
Şygyr-gazal goşma» diýdiň sen maňa.
«Söýgi betbagtlykdyr, ah bilen zardyr,
Dünýä giň bolsa-da, aşyga dardyr,
Gepi gepe sepläp ýörenler bardyr,
Bir özüňe osma» diýdiň sen maňa.
Süňňüm syzsa näme meniň ýazygym,
Aýtdym ähli aýallar dek azjagyň.
Diýdiň: «Näbileýin ula ýazjagyn,
Oýun bildim başda» diýdiň sen maňa
Parran geçmän, peýkam galdy arada,
Tapylmady derdimize çäre-de.
Men takal okadym söýgi barada,
«Ümsüm otur öç-de» diýdiň sen maňa.
Ýyldyza ýörän dek boldum men bu gün,
Goýduň ýüregimde dag bilen düwün.
«Bir gadyrbilmeze berdim men göwün,
Meň kerwenim göçdi» diýdiň sen maňa.
Gaty gördüm öň aýtmadyk sözüňi,
Men öpmezdim dodagyňy, gözüňi.
«Ýigrenmeli edersiňiz özümi
Meni irde-giçde» diýdiň sen maňa.
NÄDEMDE NÄME
«Adyňy tutmaryn» diýen däldirin,
Ýazyk barmy seniň adyňda näme?
Men seni oýundan söýen däldirin,
Dälmi boýdan-başa ýadyňda näme?
Men aşykdym, bolupdy meň boljagym,
Duşuşyga söz beripdiň sen şo gün.
Diýdiň: «Çykdym, bilen ýaly geljegiň!»
Göwün-garyn barmy adamda näme?
Sorag berdiň: «Meniň nämämi söýdüň?»
Bu soraga jogap barmydyr eýsem?
«Ogşadyň-a» diýdiň, Ogşaýyn diýsem,
Doýulmaýan zatdan dadaňda näme?
Diýdim: «Ikimiz dek görüşip gowy,
Aýrylyşsaň, içde dag goýar söýgi»
«Bolmanam dag goýar!» diýipdiň, eý, gyz,
Soň aňsat aýrylsaň aýdaňda näme?
«Pylandyryn» diýip, aýdypdyň tiräň.
(Kim ony yzarlan, kim ony soran?)
Ah, sen meniň entek oglantak joram,
Tire bormy söýen adamda näme?
Zyňdym söýgim aşagyna aýagyň,
Aklyňa aýlanyp, ony aýagyn.
Men ýene bararyn süýräp süýegim,
«Indi gelmen» diýip gaýdamda näme?
Unudarmy yşgy ýürekde beslän?
Bir gün göwnüň meni ýene-de islär.
Men söýgimden dänip bilmerin asla,
Sen dönmek mümkindir öýdeňde näme?
Şeýdip bejererin ýürek ýaramy:
Goý, gaçsynlar göreninden garamy.
Diýsinler: arakhor, hülgan, haramy,
Sen bolmajak bolsaň, nädemde näme?
BOÝNUŇA ALSAŇ
Men bu ömri oýun bilip geçirýän,
Ömrüň hoş geçerdi oýnuňa alsaň.
Häli-şindi arzuw guşun uçurýan,
Awan men şykarly oýuňa alsaň.
Näz bilen özüňe çekipdiň meni,
Alma gapan ýaly gapypdyň meni.
Nämüçindir özüň tapypdyň meni,
Dogruçyl gyz borsuň, boýnuňa alsaň.