Ýürekdeş sözler!
Belki : Öñler gamlananymda ýylgyrmagyma sebäp bolýardyñ, indi ýylgyranymda gamlanmagyma sebäp bolýarsyñ. #Belki
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
Premium
BAYOGUL [on] 18.02.2025 / 12:24 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -2 gradus sowukdan +3... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +6 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +4... +9 gradus maýyl bolar.
Ahalwelaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +7 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Teswirler:
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein🙃 19.02.2025 / 13:47+0Her hepde goysana şeydip howany
Premium
General [off] Who are you referring to? 19.02.2025 / 14:01+0Bilmedimda hazira bulut yok
Soňky teswirler
Sоrag
Äý, şu babatynda kän kitaplaram ýazylda ahwetin. Nemedä, эфект бабочки diýip bir zat bar. Anha şo geljege git, geçmişe git, bary byr adam ýalňyşy...
dowamy...Sоrag
2 nji
Ýöne ýazgytdan çykma ýok
Ýalňyşy düzetjek diýip beterne duşmagyň hem mümkin
Öňki turkleriň miras teleýaýlymda açarly kinodaky ýaly
Ýaz...
dowamy...soyguli aydymcynyz kim ?

Hersinin oz yoly bar
Ýigrenyanim yok
Name ucindir bilemyok kop aydymlary meni duygulandyryp goze yash aylaya Jahan Geldiyewa
Esas...
dowamy...Sоrag
Gecmisde duzetjek zatlam bolardy yone olaram tejribe boldy. Son cun goy yerinde dursun. Bizi yasymyza mynasyp kamillige eltyan zat yalnyslyklarym...
dowamy...soyguli aydymcynyz kim ?
Belli bir aýdymçyn olemen musdagy dal. Duygycyl aydymlary halayan. Sona gora aytsam Gowsut Saryyewin aydymlary menlikdi. Hemem elbetde Pälwan Hal...
dowamy...
Ýokaryk