“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýýäñmi ❤️ Elbetde söýýän ? kimi ? Ak süýt beren Ejemi ?? Xiçkimden kem etmedik Kakamy ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ene mukaddesligine çäksiz hormat
 Täzeje
 Shatlyk [off]
 03.02.2024 / 18:25

Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň zehin sahawatyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, zenan mertebesi barada giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen jümläni getirýär. Şu jümläniň many-mazmunynda her bir perzendiň öz enesine bolan sylag-hormaty, söýgüsi öňe çykýar.

Ýurdumyzda eneleriň we zenanlaryň kämil Kanunlar bilen kepillendirilen hukuk goraglylygy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň döredilmegi, aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy halkymyzyň enä goýýan hormatynyň nesillerden-nesillere geçýän milli ruhy ýörelgelere görä dowam etdirilýändigi dogrusyndaky durmuş hakykatynyň ykrarnamasydyr.

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýandygyny belleýär. Olar mukaddeslik hökmünde mähriban enelere, wepaly ýanýoldaşlara, söýgüli uýalarymyza uly sarpa goýupdyrlar we bu ajaýyp däbi öz nesillerine geçiripdirler.

Bu gün Türkmenistanda zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, göwün islän hünäri bilen meşgullanmagy hem-de hakyky watançylaryň neslini terbiýelemegi üçin ähli şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň zenanlar barada hemişe alada etjekdigini, olaryň bagtly bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini, zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny nygtaýar.


106

5

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 04.02.2024 / 16:49

+0

Aslynda gaty gowy tema,Yone iniki dowurse eje sozni dine hapa sozde ulanyan bolpdurlar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Şugün, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (Düýn, 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (Düýn, 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...

Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk


W.yanyn eseri...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->