Ýürekdeş sözler!
Goşgy..!
Arzuw [off]
04.02.2024 / 06:21
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
Mazaryň başynda otyryn ümsüm,
Hol aňyrdan sesi gelýär garganyň,
Indi eýýäm uly adam bolsamam,
Duýman galdym gozüme ýaş aýlanym.
Bu ýerde goş basyp ýatyr tukatlyk,
Gara ýer astynda ýatyr ynsanlar,
Şowhun-galmagaldan juda uzakda,
Dynç alýar bu ýerde baka gidenler.
Her mazar astynda ýatyr bir dünyä,
Hersiniň ýetmedik arzuwy bardyr...
Kim bilýär,belki-de bu ýatanlaryň,
Öz islegi bilen gidenem bardyr???
Ululy-kiçili sansyz tümmekler,
Ses-sedasyz dymyp otyr ýer bolup,
Bir ýerlerden gelen bölejik bulut,
Sepeläp başlady damjasyn seçip.
Gözlerimden gaýdan gözýaş monjugy,
Hasratyň howrundan göyä bugardy.
Mazaryň başynda ýeke-täk çykan,
Ösüp barýan güljagazy suwardy.
Şu goşgyny okap oturan ynsan,
Günleriň bir güni gitmeli senem,
Wah,garryja atam,garryja enem!
Bir gün-ä bu ýere gelerin menem...
72 |
14 |
2 |
7 |
1 |
0 |
2 |
Teswirler:
Täzejekent8 [off]
04.02.2024 / 10:41
+0
Hawa her kim gitmeli. Allajan oz islegmiz boyunca bir gitmeli etmesin
Soňky teswirler
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Tankytlanýan mowzuk näderejede subýektiw we anyk materiallara esaslanmadyk bolsa, tankytlaýan mowzugam şo derejede subýektiw we anyk materiallara...dowamy...
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Begenip girdim gyzykly diskussiýa başlajagow diýip (saýtda beýleki mowzuklara garanyñda), garaşýan tankydym çykmady. Tankytlamak üçin tankytlanan...dowamy...
Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную
Jogaba jogap bilen sorag berjek bolupsyň, bu tema giň we senem hakyky yagdayy orta goymak uçin dälde awtory tankytlamak uçin yazanyn gornup dur,...dowamy...
Syrly älem
Kagyz pul: Pullar hakyky kagyzyň aksine, agaçdan däl-de pagta we zygyr matasyndan ýasalýar. Aksine sözüni intäk türkmen diline goşanoklar...dowamy...
...