Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Biraz insan ol diyeceğim ama seni de zor durumda bırakmak istemiyorum.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Terk edilen toba. (Hekaýa) 2
 Betinden
 Sebap [off]
 22.04.2025 / 18:40
 Lekum dinukum we liýe din

Tomzak diýip lakam berlen Matiz ulagy. Bu tarapda iň kän ulag. Şeýle ulaglardan biri Şabat tarapa gidýän köprüniň aşagynda indi kän wagt bäri gozganman dur. Ýadygär ulagyň roluna ýaplanyp irkilen ýaly. «Ýatyp bilemok wapşe, kelle işlänok. Şahnoz».
Ýadygär Şahnoza bilen soňky gezek gepleşende telefony ýüzüne goýup goýberen ýaly, hoşlaşman birden öçürip goýberipdi. Şeýle owadan gyzyň özüni terk edýändigi onuň içini ýakyp barýar. Gaharmy, gabanjaňlyk ýa öýke?! Haýsydygyny hem bilenok. Emma ýene Şahnozyny göresi gelip dur. «Suçka» diýip, maza bilen sögündi, öz ýanyndan, namaz okamak nämäňe gerek diýsene. Amjygyň keýpini görüp ýaşabermeli ahbeti. Ýa-da men seni ulanyp bir zada zar etdimmi?! Agzyň geplese, aýdan zadyňy tapyp saňa iýdirerdim, geýdirerdim. Salona gitmek üçin, dodagyňa botaks etdirmek üçin, aýratyn pul berýärdim, Şahnozam?! Başga-da planlar bardy».
Ol türkde ýören gyz doganynyň jaý üçin ugradan pulunyň ujundan özüne hem bir otagly jaýjagaz alyp, oňa hem Sahnozasyny eltmegiň niýetinde ýördi. Bu oňa sýurpriz bolmalydy.
Ýadygär «Bu belki bir bet senarýo bolmasyn — diýip, ýene oýlandy. — Menden dynmak üçin oýlanyp tapylan bir k#tak senarýo bolmasyn.»

* * *

Şahnoza öz otagynda ýeke. Telefony jana geldi, ýakymly saz. Emma tel ýüzüne bakyp gyzyň inçe gaşlary çytyldy. Telefony göwünsiz alan Şahnoza:
-Diňleýän — diýdi. — Aýdyberiň Ýadygär aga!
— Öň maňa Ýadygär aga diýmeýärdiň, Şahnoz?!
— Men size aýtdym-a, Ýadygär aga, men namaza başlajak, inşalla, Sizi hem agam ýaly görýän şonuň üçin.
Ýadygär gaharlanman parahat:
— Öň bileje eden işleriň indi maňa aga diýmäge rugsat berýärmi? Birhili dälmi?!
Şahnoza dymdy biraz:
— Sizem namaza başlasaňyz maňa dogry düşünerdiňiz, Ýadygär aga.
— Şahnoz, senden iň soňky haýyşym, dilegimi bitirjek bol.
Şahnoza:
— Näme haýyş, näme dileg, Ýadygär aga — diýip, telefony özüne has golaý tutdy.- Aýdyberiň, elimden gelse janym bilen edeýin.
— Eliňden gelýä, Şahnoza, soňky gezek seň bilen bolasym gelýä, maňa ýok diýme.
Şahnoza ýok diýjek boldy, emma:
— Geçen günleriň hatyrasyna — diýdi Ýadygär.
Şahnoza dymdy.
Ýadygär ýene:
— Men seň bilen iň soňky gezek bolmak isleýän, maňa bolýa diý, haýyş. Soň gaýdyp hiç görüşmeýäs.
Şahnoza:
— Bolýar — diýdi biragyz.

dowamy bar....


58

9

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика