Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
rexha : Uykulu gözlerini sevdiğim adam#rexha

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Yssyköl ilim!
 Öwreniji
 Daniel [off]
 17.05.2025 / 02:17
 Quran lover 🤍

Täjigistan ýurdynda, köp ýyllar gören.
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!
Ärsary türkmenleň , neslinden bolan
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!

Diňe türkmen däldir, kändir milletiň,
Täjik ,türkmen,özbek ,rusly ilatyñ.
Arasynda saýlanyp dur türkmen sungatyñ.
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!

Asyrlary gören, goja daglañ bar .
Al elwan öwüsýän ,depe düzleň bar .
Alma, erik süýji narly baglaň bar.
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!

Akar suwy joş urup, Wagş derýanyñ,
Gür tokaýlyk büräp , obam kenaryň,
Gün geçirmez hatar-hatar çynaryñ,
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!

Birinji Maý, Bäş aryk hem Türkmenabat,
Sawhoz Moskwa, hem obam Lebap
Dost-dogan gatnaşyk, ýok garşy-gabat
Türkmen obalarym , Yssyköl ilim!

© Awtor: Gülnar Arslanowna
, 2020y yazylan senesi
• Täjigistanyň, Hatlon welaýaty, Yssyköl raýony (türkmenleriň ýaşaýan ýeri )
• 10 njy orta mekdep , Iñlis dili mugallymasy


66

15

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [52s]
  Lekum dinukum we liýe din
 17.05.2025 / 02:22

+0

Goşgy Gowy eken


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 02:23) 

Sebap, bilýädiñmi Yssyköl turkmenleri hakda


Betinden
Sebap [52s] (17.05.2025 / 02:26) 

Daniel, Goşgyň adyny eşidipdim ýöne okap göremok ilkinji gezek okadym şumat

 Betinden
 Sebap [52s]
  Lekum dinukum we liýe din
 17.05.2025 / 02:24

+0

Täjigistanda başgada nirelerde barka türkmenler köp ýerlerdede ýaýrandyr


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 02:26) 

Sebap, Sapanyñ kursdaşlary Yssykölden


Betinden
Sebap [52s] (17.05.2025 / 02:27) 

Daniel, Ha bolýa

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 17.05.2025 / 03:34

+1

Bilyadim az owlak yadyma dushya

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 17.05.2025 / 07:57

+0

Yssykölde Ärsarylar ýaşaýamy?


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 11:02) 

Luckyboy, köpçüligi


Özümiziňki
Fantom  (18.05.2025 / 21:14) 

Daniel, 92-de köpisi gaýtda o ýerden. emma galan kän diýýär... şolar bilen gepleşýänler sorapdyrlar aňry nähiýli diýip, gaty ökinýärler diýär gaýtmanlarna... olar iň bärkisi ýakýan odunlarny ekip ýetişdirýän ekeniler.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Kopelip ugrady şolar soňky dösür...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
FanB (Şugün, 00:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика