Ýürekdeş sözler!
Tahýa
yurekdes [off]
05.02.2024 / 00:37
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
Her agşam az-azdan paýlap gutardyň
Elbukjaňda gizläp ýören kişdäňi.
Şonda-da irkilmän, synlap otyrdym
Ak gaýmaly tahýa çeken keşdäňi.
Ak barmaklaň arasynda sozulyp,
Işilerdi ak ýüpekleň gaýmagy.
Gije-gündüz arzuw etdik biz alyp
Şol tahýany başymyza geýmegi.
Ýalňyz şerti bardy ony geýmegiň.
Sebäbi sen garaşýardyň ýaryňa.
Garaşýardy tahýa kimdir biriniň
“Agam gelýär” diýip, buşdularyna.
Hiç birimiz ony buşlap bilmedik.
Ýatdy tahýa elbukjaňda aşa kän.
Asyl şunça garaşdyryp, gelmedik.
Esger bizden has kiçi, has ýaş eken.
Ýok ýalydy indi garaşýan oňa.
Wah, tahýa-da undulandyr öýderdim.
Gel-gel bu gün çagyrdyň-da ýanyňa,
Nämüçin sen ony maňa geýdirdiň?
A. Annaberdiýew
102 |
3 |
1 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...