Bagyşla, ýüregim,
Bagyşla meni!
Seni köp süteme sezewar etdim.
Geldi-geçer duýga aldyryp seri,
Mähir-muhabbete seni zar etdim.
Adam ataň ýalňyşlygyn gaýtalap,
Ynandym erkiňi yrga ellere.
Öz dyrnaklaryndan bilmänsoň aýap,
Estafeta ýaly,
kesekilere
Geçirip gitdiler howlugyp bir ýan,
Sen bolsa garaşdyň umydyň bile.
Men seniň saglygňy eýledim girýan,
Sende ýok sözleri getirip dile.
Bagyşla, ýüregim,
Bagyşla meni!
Dost bolup müň ýaşly pelsepelere
Kösedim, gynadym ýaşlykdan seni,
Derdiňi öwrüp men enterpelege.
Saňa ýylanjaklar seni ýakdylar,
Gitdiler. Oduňy söndürmediler.
Soň alysdan ýanyşyňa bakdylar,
«Özi öler» diýip öldürmediler.
Sen sessiz agladyň, ümsüm agyrdyň,
Pyşyrdaýşyň eýmendirdi bedeni.
Aýt, sen haýsy perişdäni çagyrdyň?!
Bagyşla, ýüregim,
Bagyşla meni!
Seýitmyrat Geldiýew
40
12
1
3
0
0
0
Teswirler:
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 23.05.2025 / 16:30
+0
Wah, meň gowy görýän şahyrymyň goşgylaryny ýene bar bolsa paýlaşaýyň...
Gytyndan Pegas(23.05.2025 / 16:39)
Fantom, kitaby gerekmi, agam?
Betinden Sebap(23.05.2025 / 18:44)
Fantom,https://turkmengazet.com/ şundada bar girip gör
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...