Premium rexha [off] 23.05.2025 / 07:13 Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
Sen meni şeýle bir aldadyñ welin,
Dünýäñ çepbe çöwrülerne yrzadym.
Gaýtdym.
Ýöne dowul düşüp ýüregme,
Göýä, yzda galan ýaly bar zadym,
Umytlam aýagma çolaşdy şonda,
Köýdüren arzuwlañ nalyşy bilen,
Sen dözdüñ-ä söýgä!
Menem şoñ üçin,
Yzda ýanan yşkyñ galyşy bilen,
Ahmyrda, armanda ylalaşdym, wah..!
Şo mahal kalbymda ilkinji kerep
döredi-de, dönüp galdy zibile.
Seret!
Sowadym hut şu owadan dünýäden,
Sen şo gün şeýle bir aldadyñ welin.
...Doñan ýürek erärdenem geçipdir,
Sen şu gün şeýle bir agladyñ welin...
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...