Ýürekdeş sözler!
Perman : Sen beýik depeden bökeniñde yzyñdan böken çyn dost däl, aşakda seni gapyp alan çyn dostdyr !
(Ýaryş üçin) Çekmejek bolsaň
Betinden Sebap [1m] 23.05.2025 / 09:56 Lekum dinukum we liýe din
Çekme söýgi sallançagmyň bagyny,
Ýürekde yşk odun ýakmajak bolsaň.
Küle öwürme sen ýaşlyk çagyny,
Gerdenňe göterip çekmejek bolsaň.
Ilki özüň söýüp, neden sataşdyň,
Bar umydym, bar ykbalym, ataşdyň,
Uçganaklan otduň birden tutaşdyň,
Ynjytma, nur bolup çökmejek bolsaň.
Sözlerňi gaplapdym altyn-zerlere,
Özümi deňäpdim hüýr meleklere.
Howlukdym mydama bagta ýetmäge,
Gol uzatma, goldan çekmejek bolsaň.
Adyň ýüregimiň çuňňur gatynda,
Gursagym söýgüden doly wagtynda,
Daň ýyldyz deý çykanymda bagtyňdan,
Ezizleme, bagra basmajak bolsaň.
Ynandym boş sözden kän allaryňa,
Gül çemenli geleniňde ýanyma,
Ýatlaýaryn otlar salýaň janyma,
Indi bir örteme ýakmajak bolsaň.
Öçürip bilemok, söýgim köretdiň,
Gül ýüzüňe, hoş sözüňe zar etdiň,
Ahmyr çekdiripler şeýle har etdiň,
Ýalbarma, derdi deň çekmejek bolsaň.
Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Menem kem galmayyn
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...
dowamy...Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk