Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️?
Ýazmasy agyr düşen goşgy.
Özümiziňki Fantom [off] 23.05.2025 / 17:59 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Yazmasy agyr düSen goSgy
Bütin oba garaSyp dur.
Yola bakyar hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
"Geler. Geler. Geler”.
Gelnejesi pySyrdayar:
"Gelermikä? Kim biler…”
agasy göwünlik beryär:
"Geler-le… hökman geler”.
Gök torannan sayasynda
Yüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
TurSy damja damyp dur.
YygnanySdy babadaSlar,
Ýçginler hem daSgynlar.
Ne signal bar, ne Sowhun –
DymySyp dur maSynlar.
Geldi dürli maSynlar –
Gyzyl, sary, yaSyl, ak.
Geldi garaSylmayanlar.
GaraSylyan gelenok.
Göyä pikir hem etmän
Bu gürrünler babatda,
Ak guS kimin irkilip,
Ene yatyr tabytda.
Göterlerne garaSyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene yatyr üstünde
Gin manlayly,
Agajet.
Sol enänin ogluna
GaraSyp dur hemmeler.
Geldi tanyS, nätanyS –
Geldi Sondan önneler.
…Ol henizem gelenok.
Meger, häzir yoldadyr.
In söygüli ulagy
Samolyot däl, "Wolgadyr”.
Yöne weli uçuryandyr
Samolyota deneçer.
Sondan yza-ha galmaz,
Onarsa öne geçer.
Ol henizem gelenok…
Meger, häzir yoldadyr.
Ya-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.
Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Yany bolsa has ullakan
Bir stula mindi ol.
"Sypaymasyn birden!” diyip,
Oturandyr yapySyp.
Owadanja gelinler
Çay çekyändir çapySyp.
ÜytegeSikdir önündäki
KiSmiS, kemput, Sokolad.
Ya gök çayyn humaryna
Yazyandyr bir doklad.
Yok, yok, özi doklad yazmaz,
Yazyandyrlar baSgalar.
Yaranjanlar her sözüne
Ellerin çarpySarlar.
Ol bolsa özi yazan dek
Gülümsirär, yylgyrar.
Yazanlar onun deregne
Utanjyrar, yygrylar.
…Yigrimi yyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony ona gutardan hem
Tabytdaky ezizi.
Güyzde pagta yygypdy,
GySda körek çöpläpdi.
"Oglum ullakan okuwda!”
Buysanç bilen gepläpdi.
Howdan gurdy, gazy gazdy
Laya batyp dyzyndan.
Yygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.
Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
ÜSlügini, manadyny,
Sayysyny, köpügni –
Artdyranja puljagazyn
Atdy Sonun içine.
Seyde-Seyde kyrk yaSynda
Ak çozupdy saçyna.
Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp yykyldy.
Ol Sonda sypap otyrdy
Bir gözelin çokulny.
Dakyardy enän pulundan
Her barmagna bir yüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegne bilezik.
SöyüSdi, gujaklaSdy.
Paytagtdan jay tutundy.
…Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.
Ene käte paytagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diydi: "Yok etsene
Bu porsy garabagty!”
Ogly diydi: "Yakymsyz
Ysyn bar-la, jan eje.
Bu eyyamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”
Ene diydi: "Wah, jan ogul,
Her nije porsasak-da,
Ulalansyn, yetiSensin
Su porsuja gujakda…”
Sonra bolsa yzak giyje
Yorganynda aglardy.
Danyn ataryna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.
… Seyde-Seyde günler ötdi,
Aylar ötdi nobatly.
Edeni Sowuna boldy.
DurmuS ony aynatdy.
Her gözünde bir oyun,
Her elde bir desmaly –
Bir yyl bäri saklap otyr
Has ullakan bir stoly.
Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabSyrdy…
Gelen telegrammany
Stolunda yygSyrdy.
Ony ayalyndan baSka
Görkezmedi hiç kime.
Är-heley karara geldi:
"Barsak bor-la üçüne!”
…Bütin onan gözi yolda.
GaraSyp dur hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
"Geler. Geler. Geler”.
Gelnejesi pySyrdayar:
"Gelermikä! Kim biler!”
Ene-de misli gozganyar:
"Geler balam, geler, geler”.
Onyança-da
"Gelyär!” diyip,
ardyndy bir yaSuly.
Göründi yaSyl meydanda
"Wolgalaryn” yaSyly.
"Geler diydim ahbeti!”
bir dayandy atasy.
Gara-köyük yüzünin
Artyp gitdi yagty.
Onyança-da yaSyl "Wolga”
ASak indi yapydan.
Gelmeli adamyn deregine
Sofyor çykdy gapydan.
"Su gün gelip biljek däl.
Gyssatly bir iS çykdy…”
Birden atan gözlerinden
Ýki çogdam yaS çykdy.
YetmiS yaSyn içinde
Aglamadyk ol goja,
GözyaSyny süpürdi-de,
Bir
yylgyrdy çalaja.
Ol yylgyryS ömürbaky
Çykmaz menin yadymdan.
Beyle aylyganç yylgyrSy
Görmändim men adamda.
…Göterdiler enänin
Ak guS yaly tabydyn.
Yaz Semaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.
Salladylar çukura
Ak baSly bir dünyani.
Ýçki öyün gapysyna
Eltilende enäni –
Ýki omzuny diräp
Çukurun ernegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öyüne.
Ýn sonkuja pursatda-da
Öz ogluna garaSdy.
…Yazsamam yazdym weli,
Agyr düSdi bu goSgy.
Kerim aga!
Teswirler:
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 23.05.2025 / 18:47+0Gynaçdymda 
Göyä pikir hem etmän
Bu gürrünler babatda,
Ak guS kimin irkilip,
Ene yatyr tabytda
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 23.05.2025 / 18:48+0Nädip ýazdyň munçany ýa koprawat etdiňmi?
ÖzümiziňkiFantom (23.05.2025 / 19:02) Sebap, kopýala... Maňa bir saýtda tötänleýin gabat geldi.
BetindenSebap (23.05.2025 / 20:23) Fantom, Aha bolýa
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 23.05.2025 / 18:52+0Eejelerimiz başymyzda jany sag gezewersin
Premium
rexha [off] Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸 23.05.2025 / 19:40+0Halal ýazlan goşgylaý.
Premium
rexha [off] Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸 23.05.2025 / 19:41+0Menem tipa togo mowzuk açypdym.Ýöne ol goşgy ata we ogul hakdady
Täzeje Arzyhan [off] 23.05.2025 / 22:44+0Hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejek goşgy.
Özümiziňki Aydymcy_Jemile [off] Allahym bir gun gowusudurar M❤😥 23.05.2025 / 23:03+0Onler menem acdym suny mlds👍
Soňky teswirler
Menem kem galmayyn
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...
dowamy...Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk