Ýürekdeş sözler!
King-official : Tek isteğim seni bir ömür boyu sevmek
Seni menden alyp giden çarşenbe
Gytyndan yurekdes [off] 23.05.2025 / 23:45 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
Biziñ söýgimizden hiç zat galmady,
Yzymyzy süpürip ýör süwsegär.
İndi saña gerekmejek ýüregmi,
Başyn ogşap, gamgyn ýeller hüwdilär.
Dilimden düşenok aýralyk aýdym,
Gan görünýär notasynda sazymyň.
Düşinip bilemok, kemterräkmi ýa,
Çynym bilen söýmekdemi ýazygym.
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz,
Şu toý mekan, şum habarly çarşenbe.
Süýjilik tortuňda özümi gördüm,
Hemem eräp barýan gijeki şemde.
Aýnada synlaman, özümi gördüm.
Ýanyp, eräp barýan gijeki şemde
"Günäkär sen" diýip gargyndym şu gün.
Seni menden alyp giden çarşenbä.
Bilmedim, nämeler göwnüň awlady.
Aglady, bagtyma garaşan günler.
Heniz ysgalmanka seň üçin ýolunan,
Söýgimiziň mazarynda dur güller.
Zibilleri dörýän itler çeýnäpdir,
Seň halaýan ýumşak "panda" gurjagyň.
Ýyldyzlar süýnende arzuw etmezdim,
Bilsedim, ýyllaryň sensiz geljegin.
Kemal Meretdurdyýew
Teswirler:
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 24.05.2025 / 00:21+0
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 24.05.2025 / 00:22+1Ýetirip duruň gowy eken
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 24.05.2025 / 03:16+1
Soňky teswirler
Menem kem galmayyn
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...
dowamy...Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk