Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Saňa söýgiden doly ýüregimi berjek söý ýöne hiç wagt ynjytma
Ömrüme ýüzlenme
Täzeje Baharyaz [off] 27.05.2025 / 09:53 "Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor".
Nepese söýenýän ömrüm!
Ne pese,
ne beýige degişli bir adam men.
Düşünmedim kyýamda söm elibe,
Baş çykaryp germesatan „A“-dan men.
Diri wagtym diriligmi duýşum deý,
Soň diri däldigmem bilesim gelýär.
Ýüzüm bolmasa-da, sessiz bolsa-da,
Garaz, bir maý tapyp gülesim gelýär.
Içilmän sowady,
Için sowatdy
Hum deý çişen böwri gülli çäýnegim.
Aklym dökän-saçan, goşgulam çyrşak,
Çemçesi gemirlen kelle çanagym,
Pikirlermi ýarty berýär, al kakmyş
Sähetli sekundy gözläp, mazaly.
Men saçym penjeläp pikir edýärin:
Jesedimiň gazylmadyk mazary
Boz meýdanda taba gelip ýatandyr.
A men, ýaşap ýörün taplanyp bilmän.
Tobamy jemläre elim degenok,
Ownuk gussalardan saplanyp bilmän.
Eý, ömrüm! Dat, ömrüm!
Sen nirä ýetdiň,
Guşlukmy, öýlemi, ikindidemiň?!
Seni goşgy bilen uzaltjak bolup,
Demläp goýan çaýyny-da ejemiň
Içibem bilmedim gyzgyny barka.
Ýogsa, men bilýänem, duýýanam ahyr,
Bir gün çaý deý sowajagnam ejemiň -
Men bolaýyn ýa-da bolmaýyn şahyr!
Isle, hala, hala, isleme, ömrüm,
Süňksiz dilim ölkä şunam diýmeli:
Diňe moda üçin däl, eginbaşy,
Aýby-da örtünmek üçin geýmeli.
Biz bu dünýä kynlyk bilen öwrenişdik,
Gyzgyn çaýam, pejem, hatda söýgü-de
Ikimizem awundyrdy, biz uwnup,
Çydamaly bolduk sojap nijeme
Ah, meslekdeş, senem ýadansyň, gowsy,
Men gürrüň bereýin baryn ejeme.
Birdenem ýuwaşja gapym açyldy,
...ejem, mährem ejem, eli çäýnekli...
Şu ýerde goşgymy, pikirmi böljek.
Bakyýa, kapyýa her çak tapylar
Ýöne bu pursaty soň edip bolmaz.
Köp çorbasyn sowatsak-da gelinleň,
Ejeleň çaýyny sowadyp bolmaz.
Ejemogly boljak çaý içim salym,
Goý, beýnim sowasyn, meň nä azarym.
Belki, pikirimden owarra bolar,
Tozap ýatan gazylmadyk mazarym.
Author: Seýitmyrat Geldiýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Menem kem galmayyn
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...
dowamy...Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk