Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Çakalların özgürlüğü Aslan yerden kalkana kadardır.
ÝOL ÝAZGYSY
Gytyndan Pegas [off] 02.06.2025 / 08:41 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Ilkinji gezek uzak ýola maşynly gidip görüpdim — Marydan Lebaba. Gije ugradyk. Sürüjä uky ýok. Kyn-da! Aslynda maşyndakylaryň hijisem ýatmandy şo gije. Aýal doganym, ýoldaşy we enem. Biz türkmenlerde şeýle bir zat bar: uzak ýola çykylanda, onda-da gije çykylanda hökman biri gapdalyndaky oturgyçda oturyp, sürüjiniň uklamazlygy üçin onuň bilen gürrüň edip oturýar. Ýöne bu gezek diňe sürüjä kyn bolmady, bize-de şeýle. Eziz ynsanyň agyry çekip oturanyny görüp otyrka hiç kime hem aňsat bolmasa gerek. Hawa, enem ýaramandy, onda-da nähili ýarawsyzlyk... Biline nämedir bir zat sünjülip duran ýaly, agyrysyny şo wagtam, häzirem özümde bolýan ýaly duýýan. Gaty ejir çekdi. Düşekde uzak ýatmaga karary ýetmän ýören enemi bir ulaga “ýükläp”, Lebaba — lukmana äkitdik. (Ah-h, enem, şo ýerlere gidip em tapmadygam bolsak, o agyryň geçdigi bolsun...)
...Edil häzirem men uzak ýola rowana boldum. Ýöne kiçi ulagly däl-de, awtobusly. Uzak diýsemem, onçakly däl, üç sagatlyk ýol. Her uzak ýola çykanymda, diňe bir ýylan ýaly towlanyp duran ýollara hem däl, oklaw ýaly göni ýollara çykanymda-da, şo ilkinji uzak ýola çykanym, şo enemiň çeken yzalary ýadyma düşýär. Edil häzir ýene bir zat ýadyma düşdi. Men biraz sabyrsyz ynsan. Hemem çaga häsiýetlerim bar entegem. Uzap ýatan ýolda birde aşak düşýäs, birde depä çykýas we gözýetimdäki depäni göremde içimden bir ses “Şu depäni geçsek, ýetýäs” diýýär... Şeýle bir zat bar: öýde-hä şo depe ullakan bolup görünýär, a depä çykanymda bolsa, ony bilemogam — adaty ýol ýaly. Hut şu hadysa-da çagalykdan okuwy arzuwlap, gije-gündiz okuwy diläp we ýetenimden bihabar ýaly bolup ýörşümi ýatlatdy. Ynsan, gör, nähili üýtgeşik barlyk! Her nahardan soň töwirde sypdyrman, yrym edip, üç gezek dilän arzuwynyň wysalyna gowuşanyndan habarsyz. Men bilýän, men ýeke däl. Siziň aglabaňyz şeýle. Siziň ýaşaýan döwletiňiz, milletiňiz, diniňiz, ynanjyňyz, ýaşyňyz... tapawutly bolsa-da, biziň birmeňzeş taraplarymyz juda kän. Biz ýeten derejelerimizi ýeterlik derejede aňymyzda özleşdiremzok.
Hany, pikirleniň we täze bir güýç bilen herekete geçiň. Siz hijem “gury gelip, boş gitmeýäňiz”. Siz doguldyňyz, şu dünýäň, şu ýaşaýşyň bir parçasy bolup ýaşaýaňyz we siz hökman bir zatlary başaransyňyz. Şeýle dälmi?!
01.06.2025ý. Türkiýe, Eskişehir-Ankara ýoly
©Laçyn BAZAROWA
Teswirler:
Täzeje Boniya [off] 02.06.2025 / 09:43+1Başardymmykam- a diýýän!
Soňky teswirler
Menem kem galmayyn
Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...
dowamy...Ajy ýylgyryş
mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...
dowamy...Yone gyzyklanyan
yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo
...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...
dowamy...
Ýokaryk