Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Dost bardyr arkada durjak✊ dost bardyr arkadan urjak?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

IT HAKDA AÝDYM.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 10.06.2025 / 06:06
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Säher al şapakdan alanda ody,
Ýananynda ak sähranyň gujagy,
Ganjyk ýedi sany güjük guzlady, —
Ýedi sany sary çypar güjügi.

Söýdi baryn garalýança ýalançy,
Dili bilen olaň tüýün ýalady.
Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz
Ýyly garnyň, aşagynda eredi.

Agşam towuk bary üýşüp her taýdan,
Düzülende nar üstünde kirş deýin,
Güjükleri halta gapgaryp, öýden
Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn.

Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman
Ylgady. Duýmady pesi belendi...
Şeýdip uzak salym gyş güni doňman
Duran suwuň tolkunlary elendi.

Hesretden müzzerip, sesin çykarman,
Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör, indi,
Obanyň üstünde dogan çypar Aý
Güjüklerniň biri bolup göründi.

Bu mawy belende garap, gussada
Zaryn sesli uzyn-uzyn uwlady.
Inçejik Aý bolsa assa-assadan
Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy.

Şonda ýöne ýerden — gülki üçin ylla,
Zyňylan daş deýin onuň kastyna,
Ganjygyň gözleri misli bir tylla —
Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne.

Sergeý Ýesenin.


15

3

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Mlds2...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
BAYOGUL (Şugün, 06:31)

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
@menin_dunyam (Şugün, 00:59)

Bagtymsyn kabam


Kābelermiziñ jany sagbolsyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtymsyn kabam
@menin_dunyam (Şugün, 00:59)

Ýüregim bar


Galamyñ ujy ÿiti bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
@menin_dunyam (Şugün, 00:40)

Gyzlar size degisli


gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Diamante (Düýn, 22:18)

Gyzlar size degisli


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Aixcam_nx (Düýn, 20:22)

Gyzlar size degisli


Bolýar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Maleficent (Düýn, 18:00)

Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer
Sasiyona (Düýn, 17:48)

Gülme goňşyňa...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülme goňşyňa...
Sasiyona (Düýn, 17:47)

Ýüregim bar


Gowy ekeni...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
BAYOGUL (Düýn, 17:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика