Ýürekdeş sözler!
King-official : ýykylaňda el berip galdyrjak çyn dosduňdyr #eren
Ýesenindan:
Özümiziňki Fantom [off] 10.06.2025 / 06:55 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
1
* * *
Hawa! Tamam boldy, gutardy bary.
Men baky unutdym eziz topragy.
Indi meň depämde kakmaz-la tary
Derekleriň altyn şelpe ýapragy.
Garry itim ölüp gitdi, gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym.
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.
Şonda-da söýgi kän bu ýere mende,
Goý, ol köne bolsun, goý, bolsun harap.
Onuň gyzyl täçli gümmezlerinde
Göýä altyn Aziýa ýatyr meýmiräp.
Gije, asman Aýy bakanda gülüp,
Wah, kim habar alýar onuň halyndan.
Men gidip barýaryn başymy salyp,
Tanyş meýhanama, tanyş ýolumdan.
Ol näletli ketek — mesgen köplere,
Tä daňa çen dowam edýär güpürdi.
Goşgy okap berýän men jeleplere
Hem banditler bilen urýan spirdi.
Ýürek bolsa bökýär, gaçýar mejaly,
Başlaýan ýerliksiz sözler aýtmaga:
«Menem bir gutaran, edil siz ýaly,
Indi ýol ýok «maňa yza gaýtmaga».
Garry itim ölüp gitdi gör, kanda,
Pessejik jaýymam çöküpdir gaýym...
Meni Moskwanyň dar köçesinde
Şum ajala buýran eken Hudaýym.
2.
* * *
Aýdym aýt, aýt! Näletsiňmiş gitarym
Tarlaryn çitikläp lerzana gel sen.
Eý, ahyrky, eý, sen, ýalňyz syrdaşym,
Demikseňdiň bu heserde birsellem.
Bakma ak bilege humar hyýalda
Hem ýüpek saçlary tolkunýan çigne.
Men bagtymy agtaryp ol aýalda,
Ýalňyşyp sataşdym heläkçiligme.
Yşkyň ýokançdygyn bilmändirin men,
Mergidigne bilmändirin düşünip.
Ol geldi-de, gitdi süzlen göz bilen
Tüpbozany huşdan jyda düşürip.
Aýdym aýt, dost! Hem ýaňadan ýelpele,
Köňülleň ot alýan köne ýarasyn.
Şol diýseň owadan, nowjuwan tula
Goý, özgäni süýnüp-sarkyp ýalasyn.
Ah, saklan, dost! Gargynamok oňa men,
Ah, saklan! Näledem edemok oňa.
Al bäri gitary, ýognas saz bilen
Düşündireýin men özümi saňa.
Günlem akyp barýar elwan gümmezden,
Altyn düýşler kalba berýär jepany,
Men näçe gözeli geçirdim gözden
Hem bagryma basdym näçe jenany.
Hawa! Ýeriň ajy hakykaty bar.
Bakýar bir görnüşe çaga nazarym:
Itler bir ganjygyň yzynda ykýar,
Bir-birekden çykaryp bar gaharyn.
Onsoň neçün gabanaýyn ony men,
Onsoň neçün ýakaýyn men janymy,
Biziň ömür — krowat hem düşekçe,
Biziň ömür — posadyr gol hamydy.
Aýdym aýt, aýt. Badynda bu gollaryň
Täleýmiziň muşakgaty asylýa.
Hem bilýämiň gümläp goýber olary...
Men ölmerin, ölmerin, dost, asyl-ha.
3.
* * *
Gamsyz ýaşlyk ýyllarym — şan-şöhrada beslenen,
Zaýaladym men sizi, şol zäher-zakgun bilen.
Bilemok, men, ahyrym ýakyndamy, daşdamy,
Bardy mawy gözlerim, indi solup başlady.
Nirde sen, eý, şatlygym, meýhanadamyň ýa-da
Meýdandamyň bilemok barmyň beri dünýäde?!
Atlarmyzyň sagrysyn ellem bilen sermeläp,
Myçýas, jeňňel deňinden geçýäs biz bolman heläk.
«Eý, paýtunçy, sürüber, belki, däldirin asgyn,
Çarkandakly bu ýollar, goý, kalba bersin sarsgyn.
Paýtunçyň bir jogaby: «Gorkunç bu harasatlar,
Ýaman bor şu aňzakda agyr derlese atlar».
«Görýän welin paýtunçy, sen gorkajyk ýaly-la»,
Gamçy çalýan atlaryň arkasyna, ýalyna.
Urýan, atlar gar peşäp, çarpaýa galýar, ine,
Birden silkinýär sanýa... zyňylýan gar üstüne.
Oýandym, ah, al kakmyş, — atly paýtunda däl-de,
Krowatda ýatyryn, durkum saralgy halda.
Çarkandakly ýollarda ýabylara derek men
Ýençýän krowatymy öl-myžžyk hasa bilen.
Murt deý towlandy diller asma sagat ýüzünde,
Otyr şepagat bajy, uky-duman gözünde.
Ýuwaşja eglip diýýär: «Ah, sen altynsaç oglan,
Haraplapsyň özüňi şol zäher-zakgun bilen.
Biz bilemzok, ahyryň, belki, golaý gelipdir,
Bar eken mawy gözleň, meýhanada solupdyr».
S. Ýesenin.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzlar size degisli
gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........
dowamy...
Ýokaryk