Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Oñler senen basga zada gidmedik beynim,ini sen dashynda ahli zada uns berya akyl'ym)_D

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ENEME HAT
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 10.06.2025 / 06:59
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Diri gezip ýörmüň, garryja enem?
Menem diri, saňa ýollaýan salam.
Goý, seniň şol garyp külbäň üstüne
Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam.

Maňa hat ýazýarlar, düşüp howsala,
Meni küýsäp, gezýärmişiň gussaly.
Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap,
Egne geýip sary giden possuny.

Agşam düşse, mawy gijäň tümünde,
Eýmenç düýşler, seň beýniňi çokýarmyş.
Kimdir biri meýhananyň jeňinde,
Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş.

Rahatlan, ezizim, gamlanma, käbäm,
Aýyr serden beýle agyr hyýaly.
Men juda bir köçä zyňylan däl-ä,
Seni görmän ölüp gidäýer ýaly.

Henizlerem öňkim ýaly näzik men
Hemem arzuw edýän şol bir zat hakda:
Göwnüm gamdan dynyp, duman içinden
Çykyp, basym garyp külbä barmakda.

Bararyn tupany sowulyp gyşyň,
Bahar baglar gülden geýende ak don.
Şonda meni, senden ýeke haýyşym:
Sekiz ýyl öňkiň deý oýarma daňdan.

Uklan arzuwlarmy oýarma serde,
Goý, şonlugna galsyn paşmadyk hyýal.
Juda ir uçradym tükenmez derde,
Ýitirdim, ýadadym, keç boldy ykbal.

Hem öwretme çokunmany, gerek däl!
Ýokdur asla geçen günleň gaýdymy.
Sen ýeke-täk şatlygym sen ýürekde,
Sen ýeke-täk aýdylmadyk aýdymym.

Ýatdan çykar howsalaňy, gussany
Hem delminip bakma saga-sollara.
Egne geýip sary giden possuny,
Meni idäp, çykyp durma ýollara.

Sergeý Ýesenin.


39

10

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 10.06.2025 / 08:57

+0

Enelerimiz ýeri hemme adamda aýry başymyzda dik ýaşawersinler sagamanja

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 10.06.2025 / 08:58

+0

Gowy eken ýetirip dur agam

 Premium
 rexha [off]
  Я твой стресс🐬
 10.06.2025 / 11:17

+0

Eneee

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Mlds2...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
BAYOGUL (Şugün, 06:31)

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
@menin_dunyam (Şugün, 00:59)

Bagtymsyn kabam


Kābelermiziñ jany sagbolsyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtymsyn kabam
@menin_dunyam (Şugün, 00:59)

Ýüregim bar


Galamyñ ujy ÿiti bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
@menin_dunyam (Şugün, 00:40)

Gyzlar size degisli


gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Diamante (Düýn, 22:18)

Gyzlar size degisli


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Aixcam_nx (Düýn, 20:22)

Gyzlar size degisli


Bolýar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Maleficent (Düýn, 18:00)

Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer
Sasiyona (Düýn, 17:48)

Gülme goňşyňa...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülme goňşyňa...
Sasiyona (Düýn, 17:47)

Ýüregim bar


Gowy ekeni...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
BAYOGUL (Düýn, 17:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика