Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Señ bilen bolar diýip eden arzuwlarymy gursagymda goýanyñ üçin seni hijem bagyşlamaryn.
Kakasy aýatda, çagasy ýetim...
Betinden Sebap [off] 12.06.2025 / 09:38 Lekum dinukum we liýe din
Uly bolmasa-da ýaşan howlymyz,
Çagajyklar oýnaşyp ýör hezl edip.
Gyş günleri olar pejiň başynda,
Ýazda oýnaýarlar ýagşa ezilip.
“Gülnar, Gülşat, Myrat…” atlaryn tutup,
Ejeler çagyrýar çagalaryny.
Bu ahwaly synlap duran bir goja
Diýdi: “Eşitmäli agylaryny!”
Ýaz ýagşyndan gorasa-da ejeler,
Gorap bilmediler olar bir zatda.
“Kaka!” sesi eşdilmeýär öýlerde,
Olar aýry öýde, haýp, aýatda.
Çagaka mähirden jyda düşeniň,
Diňläp görüpmidiň ýürek zaryny?
Näme diýip biler eje görgüli,
Eje saklap otyr namart törüni.
Biwepa atanyň ýetim çagasy,
Diýdim: “Bu-da durmuşyň bir kanuny”.
Howlymyzda oýnaşyp ýör çagalar,
Ýetim olar. Niçik zabun sen pany?!.
19-24.05.2024. Goşgular
Allaýar Çüriýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzlar size degisli
gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........
dowamy...
Ýokaryk