“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Allah göryar, Perisdeler yazyar, Omur gecip baryar...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gosgy ''Gijeki myhman''
 Öwreniji
 Plany [off]
 05.02.2024 / 17:58

Gijeki myhman
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.

– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.
– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.
– Ýok, men jaý nomerin ýalňyşamok, ýok,
Men geldimmi — boş gitmäni halamok.
– Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.
– Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.
Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
– Niçik? — diýip sorajakdym, şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.
Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».
Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.
– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.
Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.
Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.
Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.
Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!
Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.
Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.
Diýdim: — Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

– Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
– Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym.
– Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! — diýip,
Sumat boldy gözümden.
* * *
Giderin, giderin,
Uzakdyr ýollar,
Söýerin. Işlärin.
Aglap-gülerin.
Kim men? Näme
Gadym dünýäň ýüzünde?
Men bulary ölemden soň bilerin.
Aýagymy düzdüm döwrüň aýagna.
Sesine ses goşdum beýik döwrümiň.
Bir aladam; näçe sahap bolarka,
«Saýlanan günleri»
Ýaşan ömrümiň?
Gurbannazar Ezizow


116

9

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 xuliganka [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 08.02.2024 / 06:24

+0

Govy yazlypdyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Mena ýatlanýan bärde eýýäm 3 gün gelmesem sms ÿazyp çagyrýalar...dowamy...

Saýtda öz mowzugyňy ösdürmegiň 5 syry🙂


Sen permanmy ya basga awatar tanys nikin cykaryp bilemok...dowamy...

Aýdymçy we şahyr /satiriki hekaýa


Şahyr öz sözlerini satdy. Yzyna alan zady bolsa — öz adyny gizlemek. Bu söwdanyň iň beteri. Çünki bu söwdada satyjy hem aljy boldy. Alýan ýüz dol...dowamy...

Saýtda öz mowzugyňy ösdürmegiň 5 syry🙂


Men şulary etjek...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


mowzuga okoýan ýone açamok teswir ýazýan esasan pikirlerde kän ýazyshýas bilemokda welin ýatlarlara oýdemok menä ozümü...dowamy...

Saýda girip bilmeýän agzalar üçin admindan ähmiýetli duýduryş we maslahatlar! 🔧


Üns beriň! Keşy arassalaňyzda häzir boluň. Parollaryňyzy pozaýmaň. ))...dowamy...

Aldygyna kowýan


Telegram ýaly zat oýlap taplan, ady: "start". Içi edil telegram. özem türkmenleriň oýlap tapan zady. Ýöne häzir bizde iň gowy işleýän link mes...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aldygyna kowýan
Fantom (Düýn, 19:09)

Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly


senden dizaýner çykar , akurantnyja ýazypsyň...dowamy...

Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly


Bet edip ýazypdyr...dowamy...

Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly


Ine malades düşünmesiz zat ýok...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->