Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ýürek söýer bir kişini göz görmez müň kişini

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Rahatlyk nirede?
 Betinden
 Sebap [off]
 Düýn, 22:56
 Lekum dinukum we liýe din

Günlerde bir gün halkyň söýgüsini gazanan hökümdar rahatlygy iň gowy suratlandyryp bilen suratkeşe uly sowgat garaşýandygy barada jar çekdirýär. Bäsleşige örän kän suratkeş gatnaşýar. Gije-gündiz çekilen irginsiz zähmetiň netijesinde dörän suratlar hökümdara görkezilýär. Suratlaryň her birini üns bilen synlan hökümdar bularyň arasyndan diňe ikisini saýlap alýar. Bu suratlaryň hem ikinjisi ýeňiji diýlip yglan edilýär.

Birinji suratda asuda tebigatly köl bardy. Köl Zeminiň ýüzüne düşelen aýna mysaly töweregindäki daglaryň keşbini şöhlelendirýärdi. Ýokarda pagta ýaly çuw-ak bulutlar asmany bezeýärdi. Surata kim seretse, haýran galýardy, suratyň örän ussatlyk bilen çekilendigini ykrar edýärdi.

Ikinji suratda-da daglar bardy. Emma, kert we ýylçyr daglar… Ýokarda gazaba münen asmandan elekden guýlan ýaly bolup ýagyş ýagýardy, ýyldyrym çakýardy. Dagyň eteginden bolsa köpürjikläp akýan uly şaglawuk bardy. Sözüň gysgasy, surat gaty bir rahatlandyryjy görünmeýärdi.

Emma surata siňe sereden hökümdar lummurdap akýan şaglawugyň arkasynda gaýalaryň ýarygyndan çykan bir terje dag ösümlijegini gördi. Ýaşyl öwsüp oturan bu ösümligiň üstünde höwürtge bardy. Bir ene guş bat bilen akyp barýan şaglawugyň orta bilinde guran höwürtgesinde mähir bilen çagalaryny iýmitlendirýärdi.

…Rahatlyk, hiç hili goh-galmagalyň, aladanyň we kynçylygyň ýok ýeri diýmek däldir. Rahatlyk bularyň ählisiniň arasynda-da kalbyňyzyň rahatlyk tapmagydyr.

Aýna BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.


17

8

1

4

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmusda dine ustunlik
 Düýn, 22:58

+0

Gaty gowy


Betinden
Sebap  (Düýn, 22:59) 

erkin1997, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Doğlan gunin gutly bolsun @meniň dunyam


Hemmejañiz sagboluñ Allajan sizede uzak ÿaş beslesin. Ayjahanjahan jigim sañada aÿratyn sagbol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Doğlan gunin gutly bolsun @meniň dunyam
@menin_dunyam (Şugün, 00:02)

Dünýäde iň howply möýler


Yzyna alybam bolanok ekenä, laýk goýjakdymda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Maleficent (Düýn, 23:35)

Dünýäde iň howply möýler


Bagyşla dislaýk basylyp gitdi ýalňyşlyk bn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Maleficent (Düýn, 23:34)

Dünýäde iň howply möýler


Daş sypaty ýigrendiriji şu jandaryň, hatda suraty tisgindirýär meni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Maleficent (Düýn, 23:33)

Ykbala


Bu owadan dünýä – guwanjym meniň, Ygtybar dostlarym – daýanjym meniň. Mukaddes baýdagym – ynanjym meniň, Del baýdaga tagzym kylmakdan sakl...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbala
Maleficent (Düýn, 23:28)

Rahatlyk nirede?


Gaty gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Rahatlyk nirede?
erkin1997 (Düýn, 22:58)

Unudylmaýan zatlar taryhdyr


Paylasyp dur seytde agasynyň ❤️i...dowamy...
Erkin mowzuklar | Unudylmaýan zatlar taryhdyr
Bezzat (Düýn, 22:55)

Doğlan gunin gutly bolsun @meniň dunyam


Bu gún doglan gúnúñ gutlayan uzak yaş hem Jan saglyk dileyan yürekde beslän arzuwlaryňa yet allajan elliň diplomly ene ataňy buysanyr inşallah he...dowamy...
Erkin mowzuklar | Doğlan gunin gutly bolsun @meniň dunyam
Bravee (Düýn, 22:22)

Gurt


şo piwa bilen içilýän onda ak gurt bolýada?...dowamy...
Umumy | Gurt
Fantom (Düýn, 21:39)

Yşkyň hyýaly


Durky bilen gurap galan _"peşmek" men. Näme bolýar?...dowamy...
Umumy | Yşkyň hyýaly
Fantom (Düýn, 21:36)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика