Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Durmuşda herkim birini tapar, emma bir-biriňi tapmak örän az adama miýesser eder" _zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Jyda etmegeý?!
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 06.02.2024 / 11:24
 Durmuş doly yenil kelleden#

Erkekdeý geleni,erkekdeý ýaşap,
Erkekdeý ölmekden jyda etmegeý!
Musulmançylykda jesedi ýaslap,
Hormatlap gömmekden jyda etmegeý?!

Ýogsa ýitip barýar ýasyñ agysy,
Mertsirän bolup dur süýtdeş agasy,
Galjak miras,ýitiripdir namysy,...
Ynsaba dönmekden jyda etmegeý?!

Bir-birekden görüp perzentsizligi,
Unutdylar"Ýazgyt"diýen düzgüni,
Sabyr berip Allam,dünýäñ düz güni,
Ynsany önmekden jyda etmegeý?!

Diñe mert ynsanlar derdi göterer,
Ene ýer çökse hem merdi göterer,
Mertlik ynsanýeti gadra atarar,
Şol gadra çümmekden jyda etmegeý?!

Dünýä gelmegmize sebäp edeniñ,
Inderenin ekläp,kebap edeniñ,
Aýyrma bir ömür togap edeýin,
Enäni emmekden jyda etmegeý?!

Ata tutar, toý-toýlasañ başyny,
Ata tutar,öý-öýleseñ başyny,
Eý Biribar çaraýançam başymy,
At:a el sermekden jyda etmegeý?!

Isgenderdeý açyp gitmäli eli,
Öýkene soraly, ynsapdan demi.
Görkezseler "Salam" atly edebi,
Waleýkim bermekden jyda etmegeý?!

Seniñ düýnüñ bolar,saçak, nanly dost,
Diñe şu günüñdir inli-ganly dost,
Bir-ömrüñe ýeter jana-janly dost,
Soñkusyn görmekden jyda etmegeý?!

Ýamanlardan sapak,ýagşydan öwüt,
Geljege gadamla,geçmişi unut,
Görenler yzyñdan diýsin "Bähh...Ýigit!",
Il içre ýörmekden jyda etmegeý?!


172

10

1

3

0

0

2
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  Forever in my mind only you🐼
 07.02.2024 / 06:30

+0

Ene Ata mukaddes

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Şugün, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Şugün, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Şugün, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:39)

Lolular


Soz yok gowy goshy eken yone indikide loly ayallar barada goyaysanyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:27)

Lolular


Name ucn loly erkekler dine Hany loly ayallar barada yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Şugün, 20:26)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Tizräk çykaýsa şo programma...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Sasiyona (Şugün, 20:13)

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi


Şu günler daşarda ýatýan welin, güjikler üýrip bizar etýär. Şolara baryň ýok boluň diýip düşindirip bolaýsaha... ))) Näme diýänine düşinsegem bir...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Fantom (Şugün, 19:33)

Yatkeslik


Öňem okapdym şuny. Çaga kiçilikden gymmat daşy demir gapyrjakly malyş idirseň, akly üýitgeşik bolýan ekeni. Beýleki çagalardan saýlanyp durow gep...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatkeslik
Fantom (Şugün, 19:27)

Soragnama logiki


Bah gyzykly soraglary tapyaney...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
Sasiyona (Şugün, 18:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика