“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym Ykbalymyň ellerinden ogşaryn...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arakkeşiň Ejesiniň nalasy
 Gerekli
 Aypipijik [off]
 06.02.2024 / 11:39
 Жизнь шутит а мне не смешно

Dumanlap dur mydam öýümiñ içi,
Tüsse ýok edipdir,külbäniñ nurun.
Keç pelegi satyn alyp başyña,
Satypsyñ arassa ýollaryñ ugrun

Käseler çaý küýsäp,çatlap başlady,
Jaýryldy ýürekler küýsäp mähriñi.
Eneñ hiç,ylaýym eneñ gurasyn...,
Gorasañ bes gelne beren ähdiñi

Haýsy günäm üçin beýle dogduñ sen,
Il ýaly geýdirdik, iýdirdik il deý.
Guwanyp göz ýaşlar dökjekdik welin,
Nalalardan ýaña ajy ýaş sil deý.

Çagalañ islänok senden ýeke şaý,
Güler ýüz olaraiñ zerur, gyt zat.
Jan ogul bir gezek iýipmidiñ sen,
Olara urşuñdeý bisebäp şapbat

Çaganyñ atadan aglap gorkuşyn,
Biz seniñ "Saýañda" görýäris ogul.
Heý enä diýlermi akyl berende,
"Kellämi agyrtma,bar geç-de gömül!"

Elbetde gömlerin, o-da uzak däl,
Emma gorkýan soraglyja möwsümden.
"Perzent maña günä bagş etsin" diýp,
Saña spirt emdirmändim göwsümden

Tüssä gysylypdyr garypja külbe,
Indi bu öý gyzmaz, sowasa sowar.
Penjiräni ýazdyr,mañlaý şor gelnim,
Oglum ýokka girsin, arassa howa.


142

22

6

8

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 06.02.2024 / 12:36

+0

Men namaz okap ýören dili dogaly adama däl welin, shu arak çüýshäni goltu£ap ýören alkashy itden beter ýigrenýän.

 Täzeje
 Abdylla2763 [off]
 06.02.2024 / 12:40

+0

Gowy goşgy

 Täzeje
 test3 [off]
 06.02.2024 / 13:56

+0

Gowy yazylypdyr

 Täzeje
 test3 [off]
 06.02.2024 / 13:57

+0

avtory kim

 Gytyndan
 xuliganka [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 07.02.2024 / 06:25

+0

Menem halammok sho arak icyanleri...
Goshgy gowy yazylypdyr:dovolen:

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 07.02.2024 / 21:20

+0

Ustlerini porsadyp ankasyp yoryaler ozlerine utanc dalmika

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...


Ýüregim boldaý bu tema...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Aý, howwa, dogry...dowamy...

Sözler


Süper :dovolen:...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
Orazjan (Düýn, 07:27)

Sözler


Otyran yerinde el gysyp salamlashsan name bolyarka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
MG8 (11.06.2026 / 23:30)

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Bilmedim oza birhilirak...dowamy...

Ahwal


Ay bolya yazybersene islendik ishde kop synanyshmalar kamilleshdiryar diyyarler... (tanaman bir zatlar diyaydimem)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
MG8 (11.06.2026 / 20:08)

Durmuş romany


duygular, "Ýürekde müň bir roman bar, kagyzda bolsa hiç zat ýok"... (... kop komentarya yazjakdym emma pikirler dagap gitdi,)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş romany
MG8 (11.06.2026 / 20:04)

Ýyldyza öwrülen gyzjagaz /hekaýa


mydama fantastica tragic gynandyrmalary garyp yazmak bilen hakykatdan uzak dushyan awtorlaryn maksady nameka? -okyjyny gynandyryp ozine cekmekmi...dowamy...

Nobatguly Rejebowdan


Nobatguly mollumy yatlanalara÷÷÷÷...dowamy...

Sözler


Käwagt ÿoklugyň... Duÿulyança gadyryň bilinmez....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
афганка (11.06.2026 / 18:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->