Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke. Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN
Premium
 Sebap [off]
 24.06.2025 / 08:01
 Lekum dinukum we liýe din

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa Hommadow


102

13

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Rabiya [off]
  Her Nebis ölümi datjakdyr!
 24.06.2025 / 09:04

+0

Pegas


Täzeje
Ahmal  (24.06.2025 / 12:08) 

Rabiya, ýitdi gitdi şolam


Täzeje
Rabiya  (24.06.2025 / 12:20) 

Ahmal, Şu saýtda bar. Görnüp gidýän ekeni arasynda.


Premium
Sebap  (24.06.2025 / 18:04) 

Rabiya, Howwa arasynda gelýär öza

 Täzeje
 Queen [off]
  Gyzykma goujam ok .
 24.06.2025 / 12:04

+0

Govy ekeni õziñ düzdüñmi


Täzeje
Ahmal  (24.06.2025 / 12:08) 

Queen, gosgyny okaman teswir yazyanlar beryar sol soragy. Okamasanam sonyna bir goz ayla)


Täzeje
Queen  (24.06.2025 / 12:11) 

Ahmal Gõrmändirinlai,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:26)

Sabyr / hekaýa


Gowy ýazylypdyr. Gaty kyýn ýagdaý şunuň ýaly bolsa....dowamy...
Hekaýalar | Sabyr / hekaýa
Fantom (Düýn, 19:41)

BAGLYLYK


"Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan", Bäh, nämekäraýt ol?...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Fantom (Düýn, 19:24)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Dine mn yazmandyrn komentarya:...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Jasmin (Düýn, 14:23)

Sakla


Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy, Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy, Ýetimiň öňünde bolma hataly, Agyr günälerden, töhmetden sakla. Ămin...dowamy...
Şygryýet | Sakla
@menin_dunyam (Düýn, 09:18)

Söýgi seniň özüň!


Kőseneniñee degipdir...dowamy...
Şygryýet | Söýgi seniň özüň!
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика