“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Gadayly : Herkime nesip etsin Ôz sôÿen gyzy bn Bagtly bolmak Gadayly

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gûÿzûñ gelerine garaşýadym men.
 Özümiziňki
 yurekdes [off]
 09.01.2024 / 01:26
 Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕

Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat
ýeke söz üçinem göreşýädim men.
Hiç kime duýdurman, hemem assadan,
Güýzüň gelerine garaşýadym men.

Üstüme gülleriň ysyn sepelän,
Ýeller, ak çabgalar ýazlarda galdy.
Ýöne meniň görmek isleýän zadym,
Süýji arzuwlarym ýazlarda däldi.

Köýnek geýip egne sary güllerden,
Begenýädim güýz gelende çaga deý.
Aýdyň maňa, urup duran ýüregiň
küýsegine bolupmydy çäre heý?

Bir işiň başyna barmaly bolsa,
Ýüregme diň salyp -geňeşýädim men,
Gözlerimi mawy asmana dikip,
Güýzüň gelerine garaşýadym men,

Birden,
öz-özünden heserläberýän,
Güýzi söýýän teşne ýüregim bardy.
Ony sözde düşündirip bilemok,
Nämedir bir zada ýüregim zardy.

Şol zarlygy doldurýadym güýz bilen,
Güýz bilen dolardy şol zar-zelillik.
Arzuwlam Göge çen uzap giderdi,
Däl ekenik biz diňe şu zeminlik.

Gizläp nädeýin men, dogrusy, käte
Bulutly howa deý gamaşýadym men.
Açyp goýup penjiresin kalbymyň,
Güýzüň gelerine garaşýadym men.


155

7

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perman [off]
 09.01.2024 / 09:11

+0

Awtory kim bu goşgynyñ


Özümiziňki
yurekdes  (09.01.2024 / 12:18) 

Perman,menem bilemokda


Özümiziňki
Burning  (09.01.2024 / 12:36) 

yurekdes, bäh

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 09.01.2024 / 12:54

+0

Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat
ýeke söz üçinem göreşýädim men.
Hiç kime duýdurman, hemem assadan,
Güýzüň gelerine garaşýadym men.

Gurbannazar Ezizow yazardy guyz hakda

 Täzeje
 Yashyl [off]
 10.01.2024 / 11:09

+1

Awtor: Ogultäç Oraztaganowa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->