Ýürekdeş sözler!
Asman : Özüñi södürmeseñde ýigrendirmezligi bashar!!!
Üstünligiň bahasyny töle!
Täzeje Melisa [off] Düýn, 20:49
Beýik sahabalaryň biri Suheýb ar-Rumy Resulalla hezretleriniň ýanyna barmak üçin Mekgeden Medinä göç etmegi ýüregine düwende, kuraýyşyň betpälleri ony yzarlap, ýol ugrunda bir ýerde gabapdyrlar. Suheýb şol ýerdäki dag aýrydynyň bir ýerinde bukulyp, penalanyp başlapdyr. Ol ýaý atmaga örän ezber bolansoň, duşmanlarynyň hiç biri munuň golaýyna barmaga milt etmändir. Ony ele salmak tamasyny ýitirenlerinden soňra, iň bolmanda mal-mülküne eýe bolmak höwesi nebislerini odukdyrypdyr. Niýetini tersine düwen betpäller: «Ähli emlägini, mal-mülküni taşlasa, öz ugruna goýberjekdiklerini, ýogsam, gitmäge idin bermejekdiklerini» aýdypdyrlar. «Sen aramyza geleňde, ýer urup, ýerde galan garyp biridiň. Ýanymyza geleniňden soň, rysgyň açylyp gitdi, baýlygyň artdy. Aramyzda iň uly baýlaryň birine öwrüldiň. Indi seni şol baýlygyň bilen goýbermejekdigimiz hak» diýşipdiler. Suheýb olara hazynasynyň, mülküniň gömlen ýerini salgy beripdir. Gömülgi genjiň salgysyny eşiden betpäller, ony şol ýerde taşlap, hazynany talamaga gidipdirler. Suheýb hem sag-salamat Medinä aşypdyr we dessine Pygamber hezretleriniň huzuryna barypdyr. Bolan wakalary gürrüň beripdir. «Bu-da bir söwdadyr. Söwdaň oňuna bolsun, Suheýb» diýip, Pygamberimiz dillenipdir. Suheýb öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin ähli baýlygyny, malyny, hazynasyny berdi. Ol isleýän zadyny gazanmak üçin gelen bu geleşiginde bir sekunt hem, birjigem ikirjiňlenmedi. Her bir üstünligiň özboluşly bahasy, töleg nyrhy, gymmaty bar. Parhy ýok, ol üstünlik maddy, edebi, jemgyýetçilik ýa-da ahyrete dahylly üstünlik bolaýsyn, hökman bahasyny ödemelidiris. Eger-de üstünlik mugt ýa-da mugta ýakyn bir zat bolsa, her bir işýakmaz, ýalta, biweç adamlaram ony islän çagynda gazanardy. Der dökmezden alardy. Işewürlik dünýäsinde adygan, girdejisi, gazanjy bilen beýlekilerden bir ädim öňe düşmegi başaran adamlaryň ählisi diýen ýaly şu hakykaty tekrarlaýar: üstünligiň bahasy bar, ony gazanmak üçin öňürti şol bahany hökman ödemegiň gerek. Agynjak zehiniň we gudratyň özi hasaplanylýan tanymal suratkeş Maýkl Angelo üstünlik hakda oý-hyýallara çümýänlere, ukyp-başarnygyň ýüze çykmagy ýa-da bagtyň çüwmegi üçin üstünlik gerek diýýänlere şu zady maslahat berýär: «Üstünlik üçin harç eden yhlasymy bilsediňiz, üstünlik üçin ýerine ýetiren zähmetlerimi görsediňiz, Maýkl Angelo bolmak üçin nähili çytraşandygymy göz öňüne getirsediňiz, meniň başarnygym size asla geň zat bolup görünmezdi. Sisten ybadathanasynyň gümmeziniň iç ýüzüne surat çekmek üçin dört ýyllap arkanlygyna ýatyp-turdum, ukymy şeýdip aldym» diýipdir.Muhammet Abu Terike Müsüriň we tutuş arap dünýäsiniň ençeme ýyllap meşhur türgeni bolmagy başaran adam. Ol ähli arap dünýäsiniň berekellasyna, söýgüsine, hormatyna mynasyp boldy. Adamkärçiligi, erjelligi we tutanýerliligi bilen jemgyýetiň hem-de milletiniň gyzyklanmasyna dogry bakyp bilýändigi bilen şol mertebä eýe boldy. Bir gezek men ondan bu artykmaçlygynyň syry hakda soranymda: «Dogrusy, men üýtgeşik zat edemok. Meniň edýän her bir zadym meniň hökman edäýmeli zatlarym. Türgenleşik döwründe özümden ödelmeli yhlasy, erjelligi ýerine ýetirýärin, tälimçilerimiň görkezmelerini gyşarnyksyz we doly kämil ýerine ýetirmäge çalyşýaryn, şeýdibem, tomaşa etmäge gelýän janköýerleriň hormatyny gazanýaryn» diýip jogap berdi. Ewerest dagynyň çür başyna çykan ilkinji müsürli Omar Sümre. Bir gezek onuň bilen bolan duşuşykda Ginnessiň rekordlar kitabyna ýazylan bu batyrgaýlygy we muny başaran ilkinji müsürli hökmünde taryha girmegi bilen gutlap, muňa nähili hötde gelendigini soradym. Ol maňa şu hakykaty äşgär etdi: «Ewerest dagynyň depesine iki hepdede çykdyk, ýöne munuň üçin ilki dört ýyllap taýýarlandyk». Ol göz öňüne getirişinden has agyr bolan pursatlar hakda hem gürrüň berdi. Muňa garamazdan, üstünligiň iki ädim bäri ýanynda durkaň, maksatlary hasyl etmekden, doly amala aşyrmakdan saklanmazlyk gerekdi. Ol hyýalynda göterip gezen dag belentligine dyrmaşmak meselesinden birjik dänmedi. Üstünligiň bahasyny öňünden töleseň – taýýarlygyň, taýynlygyň we laýyklygyň kämil bolsa, orta ýoldan yza gaýtmak gelşiksiz ahyry. Doktor Nebil Faruk – arap edebiýatynda ýaşlaryň söýgüli gahrymany, arkadaýanjy, Ýakyn Gündogarda aňtawçylyk edebiýatynyň öňbaşçysy. Ol bir gezek şeýle gürrüň berdi: «Bir maksady ýüregime düwdüm, ýöne munuň ummasyz tölegi bardy, ödemegim borçdy. Eger-de men üstünlige ymtylýan bolsam, maňa üstünlik gerek bolsa, men şol tölegi ödemelidim. Ýogsam, göz öňünde tutan işimi hasyl edip biljek däldim. Ahyry bellibir karara geldim. Öz islegim boýun ça saglyk ministri wezipesinden boşadym we adaty lukman bolup işlemegi ileri tutdum. Işimiň daşyndan göz öňünde tutan maksadyma amal ederim ýaly boş wagtlarym tapyldy. Edebiýat bilen has içgin gyzyklandym we owaldan ýürekde lowlap duran islege ot berdim – elime galam aldym we eser ýazyp başladym. Öňümde goýan beýik maksadyma ýetmek üçin wezipämden meýletinlik bilen ýüz öwürdim. Ýogsam, lukmançylyk ugry şol wagt hem adamzada bähbitli we girdejili hünärleriň biridi». Edara ediş-dolandyryş işleriniň ussady hasaplanylýan Stiwen Kofi hem şu sözleri tassyklaýar: «Maddy, mal-mülk ýa-da amaly üstünlik gazanan adamlaryň ählisi biragyzdan ykrar eder: üstünlik gazanmak üçin ilki akylyňy işlet, soňra şol ugurda der döküp işle. Üstünligiň bahasyny öňünden we doly-kämil tölemegiň gerek. Üstünlik üçin iň gysga ýol şundan ybarat». Üstünligiň bahasyny tölemäge sen şeýle bir borçly, şeýle bir mejbursyň. Tölegiň görnüşleri dürli-dürli bolup biler: şol ugra degişli zatlary köp okamalysyň, köp maglumat toplamaly bolarsyň ýa-da ýadawlygy ýada salman, dynç gerek diýip göwün bölmän, irginsiz we yzygider işlemek hem bolup biler. Belki, häzirki iş ornuňy üýtgetmegiň gerekdir. Täze tanyşlyklar, dostluklar zerurdyr. Garaz, her üstünlik üçin nämeleri näçe mukdarda tölemelidigini, neneňsi yhlas-tagalla etmelidigini bilmegiň we berjaý etmegiň gerek. Hernäçe arzuw-maksada eýlenseňem, hal-ýagdaýyň öňki bolşundan üýtgäp gitmeýän bolsa, diýmek, seniň bu ugurda ýeterlik alada ýa-da dogry hereket etmeýänligiňi aňladýar. Öňüňde goýuljak üstünlik tortunyň tagamy we göwrümi – seniň tölän bahaňa, muzduňa, ýagny sarp eden yhlas-zähmetiňe bagly bolar. Gorkaklar, çekinjeňler üýtgeşik zat gazanyp bilmezler. Rahatlyk, arkaýynlyk bilen üstünligi utgaşdyrmak isleýän adamlar haýpygelijilikden başga zat tapmazlar. «Yhlaslary» puç bolar. Özüňe berlen akyl-zehini peýdalanyp, öňde goýan maksatlaryňda üstünlige ýetesiň gelýän bolsa, ýaltalyga iterýän aldawçy duýgulara, salgymlara boýun egmän, töwekgellik bilen ähli gorky-ürkini dep edip, batyrgaýlyk bilen öňe ýöre. Hereket et we gazan! Üstünlik hergiz mugt däldir. Her üstünligiň bahasy bardyr we onuň bahasyny hemişe öňünden tölemelidir. Üstünlik karzyna gazanylmaýar. Yhlasyňa, ýadawsyzlyk bilen çeken zähmetiňe, gaýratyňa, sabryňa görä hem sowgat-serpaý, sylag we miwe – gadyr gazanarsyň!
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gülka gülmesen
Oglum, agzym orazada weli, bilmän naharyň duzuny dadaýypdyryn-da, indi näme borka?
— Eje, Hudaýjan bilse-hä, işiňi suda geçirer.
Agzyñ...
dowamy...Gülka gülmesen
Dostum bir gezek gürrüň berdi:
-Düýşüme Ezraýyl perişde giripdir. Çym-ak saçly, görmegeý ýaş ýigitmiş…
-Näme diýdi?-diýýän.
-Näme diýer öýdýäň-aý...
dowamy...Gülka gülmesen
Dostum bir gezek beýleki bir dostumyzyň halys muňalyp oturyşyna dözmän, oňa tüýs ýürekden göwünlik berermen boldy:
-Dos,-diýdi:-beýdip hemme zady...
dowamy...Gülka gülmesen
Dostum bir gezek menden bir meseläň kanun boýunça çözgüdini sorady.
Menem oňa diýdim:
-Saňa maslahat gerekmi ýa-da hukuk konsultasiýasy?
Olam aý...
dowamy...Gülka gülmesen
Dostumyň eline bir gezek saý-sebäp bilen ýeňilräk pul düşdi. Soň ol şol puluna on-on bäş sany goýun alyp, onam bakyp satdy welin, puly ýene köpel...
dowamy...Gülka gülmesen
Ýokary okuw mekdebiniň üçünji ýylynda okaýan talyp gelin ykdysadyýetiň nazaryýeti dersinden synag tabşyrýar. Ol belli iňlis nazaryýetçisi Adam Sm...
dowamy...
Ýokaryk