Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Sorry... No feelings today

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kaka, ejem nirede? / hekaýa
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 07.02.2024 / 21:50
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...

Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady.
— Kaka, ejem gelenog-a.
Gyzynyň bu gezek gyryljygrak çykan sesi häzir höre-köşäniň ýeri däldigini aňdyrdy. Onuň sesindäki howsala Atdanyň çep gursagyna-da geçdi. Işe göterýän gaýyş bukjasyny gyzynyň eline tutduryp, başartdygyndan sep bildirmejek boldy.
— Ýeri, ol gelip-gelmän nirä gidipmiş?
— Ertirki düýe sürüp gidişi.
Atda ýantilindäki sagada seretdi. Içinden «Beh!» diýenini duýman galdy. Daşyndan başgarak hörpden gopdy.
— Gyzym, ejeňe näbeletmi? «Guba çägeleriň üstüne çyksam, Gyzyltakyrdyr Diňlide oturan ýaly bolýan» diýip, alaňlaryň biriniň depesinde oturandyr görseň — diýdi-de, ýoluny dowam ediberdi.
Şu ýere göçüp gelýänçäler kyrk dört ýaş ömründe çarwaçylykdan öwrenen zadynyň — yzçylygyň häzir onuň maňlaýyndan diremeli ýeri. Yz çykarmalydy. Anha, saga tarap bir ýolaýryt sowuldy. Ol obanyň içi bilen şähere çykýar. Yz bolsa geçenok. Çarwaçylykda ýa-da yzçylaryň dilinde muňa daşyndan yz çalmak diýilýär. Atda ýöräberdi. Saga tarap ýene bir ýolaýryt sowuldy. Ol şäheriň çetindäki uly keselhana eltýär. Bolsa-da yz geçenok. Ýol indi obanyň daşy bilen çepe öwrülip, günbatara gönükdi. Ol ýurduň demirgazyk welaýatyna gidýän uly ýola sapýardy. Ertirden soň, örä çykarylan çekene çygrynyň üstünden agaryp ýatan düýe yzyna hemem tanyş köwüş yzlaryna Atda begendi, bogazynyň ýumrusynda bolsa tokga bir zat dykyn alyp duran ýaly boldy. Bu onuň soňky döwürde tapynan zady. Sebäbini-de aňýar. Zybagözel atly özi adyndan owadan bir gelniň mertebesine tokunmasyndan soň, şeýle bolýan boldy. Häzir näme bolanda-da, görjek-eşitjek ýok. Obanyň daşy. Şonda-da özüňe basalyk beren ýagşy. Atda bogazynyň ýumrusynda tegek bolup duran zadyň öňi açylaýmaz ýaly, garşy-garşy ýuwdundy. Ol Nargözeliň öýde girip çykanda geýýänje köwşüniň yzyny tanady. Duran ýeri aklaňyň depesi bolany üçin oba tarap seretdi-seretdi-de, goluň içine tarap eňdi. Soňam ellerini agzyna tutdy-da, «Na-argöz-e-el! Aý, Na-argöz-e-el-o-ow!» diýip, ömür etmedigini edip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. «Ömür etmedigini edip» diýilmesiniň sebäbi bar. Aslynda Nargözeliň gyz ady — Ogulnar, ýöne toý gününiň ertesi gün Atdanyň ejesi pahyr oňa eýýäm « Nargözel!» diýen owadan at dakypdyr. Elbetde, munda gelin ady dessuryndan ugur alnanlygy belli zat. Ynha, Atda gelniniň özi ýaly owadan adyny säherleri ýaňlandyryp gygyrdy. Birinji gezek şeýtdi. Howanyň durulygyndan bolsa gerek, ol at ýaňlanyp , özüne öwrülip gelip duran ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, gollaryň içi-de Nargözeliň adyndan ýaňa püre-pürlenene meňzeş. Atda umydygärlik bilen näçeler gygyrsa-da, Nargözeliň ýaglygyny bulap, «Men bärde» diýip gygyrýan sesini eşidip bilmedi. Gul-gula düşdi. Bolmajagyny bilip, öýlerine tarap ylgady. Albyraňňylykdandyr-da, beýik alaňdan eňip gelýärkä, serrelip gitdi. Üst-başyny kakyşdyryp, gapyda söýelgi duran «IŽ—PLANETA-3»-iň ýangyjyny barlady. Benzin berip, depip gördi. Gumda ýaşaýarkalar goýun ýanyna münmäge hezil beren janawar ýeke depüwde otlandy. Gazy birki gaýta towlanansoň, sesi durlandy. Atda bärik göçüp gelneni bäri, münüp ýörmeýän motoryna atlandy. Gazy gatyrak berdi-de, 1-nji tizlige geçirilen motoryň muftasyny sypdyryp goýberdi. Motor duran ýerinde 180˚öwrüldi. Ýene birki gaýta gaz berip, gündogarky ýapa tutdurdy. Ýapa dyrmaşdym-dyrmaşdymda 2-nji tizlige geçirilen « IŽ» dim-dik beýigiň ýüzünde inçejik tüsse galdyryp, atylyp gitdi. Goýny motorda barýarka yzlamaga endik eden Atda Nargözeli basym tapdy.Jan barlamak üçin habar gatyp gördi.
— Ýene öýkelediňmi?
Nargözel ne «Hawa» diýdi, ne-de «Ýok».
«Bolýa-laý!» diýen Atdanyň sesi müýnli çykdy. Bogsaklap sagylýan düýeleri bardy. Irden işe gitjek bolup durka Nargözel oňa «Bogsak çekişäý!» diýipdi. Göreniň Atda, öňem işe gyssanyp duransoň, «Sagybam bereýinmi?» diýäýmezmi. Ýeri, «Çagalaň bilen günüňi göraýsene!» diýse-hä allanäme boljak. Göwni synypdyr. Ber habary. Kakasy Esenmyrat aga pahyr «Göwün ýykmak Käbäni ýykmak bilen deňmiş»diýerdi. Synan göwnüň seýik tutmasy kyn bolýar. Atda edenini egni bilen däl-de, ýüregi bilen çekmeli ýeriniň gelendigini duýdy. Motoryny tümmege söýedi-de, gözüni bir nokada dikip oturan Nargözeliň edil gapdaljygyna baryp oturdy. Näme üçindir, owadan gelinleriň duýgur bolmaýanlygy hakdaky gürrüň ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, Nargözeliň häzirki bolup oturşy şony tassyklaýan ýalydy. Ol ş-şu wagt owadanlyga, görk-görmege guýlan heýkele çalymdaşdy. Indi şol heýkele jan bermekde iş bardy. Nämeden gürrüň açanda boljagynyň pikirine çümen Atda özi bilip-bilmän, ak çägäniň ýüzüne Nargözeliň adyny ýazyp-bozup, ýazyp-bozup oturypdyr.
— Näme edip oturanyňy bileňok öýdýän.
Atda gulaklaryna eşidilen sözleriň gapdalyndaky gözellik heýkeliniňkidigine ynanmajak boldumy, nämemi:
— Nä-äme-e? — diýäýipdir.
Gapdalyna dikanlap seretse, heýkeliň balkyldap duran gözlerinden gaýdýan dür monjugy ýaly gözýaşlar taýly ýaňagynyň ugry bilen boýnunyň ýüzünden emenjek çukuryna tarap syrykýardy. Atda galsa ol gözýaşlary kim näme diýse-de, sapaga düzüp, monjuk edinip, boýnundan asyp gezmejekmi?Häzir oňa maý ýok. Jübüsinden elýaglygyny çykardy, çykaryşy ýaly-da yzyna saldy-da, heýkeliň eýýäm gyzaran hem pökgeren gabaklarynyň aşak etegindäki gözýaş damjalaryny hamala, ele alaýasy gelýän ýaly, usullyk bilen elledi ,ol diýenem bolmansoň, barmaklarynyň ýerine dodaklary bardy. Şorja damjalar! Heýkeliň kellejigi gursagyna ýaplandy. Atdanyň ýüregi sersdi. Ýigrimi ýyl mundan öňki guşakçözdi ýadyna düşdi. Bir tapawudy şonda ikisiniň daşy adamdan ýaňa hümerdi. Häzir weli, saýraşýan guş-gumrular bolaýmasa, bu däli daňaýmaly diýilýän gollaryň içinde Ýer bilen Çögüň arasynda ýalňyz özleri. Heýkeliň sagrysyna düşüp ýatan saçlary çöşlenip, oňa gandym gülleriidir pürleri ilişen eken. Atda olary aýryşdyrdy.
Heýkeliň sesi eşidildi:
— Köýnegiň ýagyrnysy çintik-çintik gara-la, bir zad-a syçrapdyr?
— Motoryň tüsseçykarynyň işidir o. — Atdanyň sesi haýyşmy, sala salyjylykmy ýa teklipmi bir äheňde çykdy. — Gaýtmaýasmy? Çagalaryň gözi ýoldadyr.
— Gaýdaly, ýöne öňürti köşege gysym-penje ot alynsa gowy bordy.
Atda:
— Häzir — diýdi-de, sargylt, gyzgylt güllere basyrynyp oturan gandymly depä tarap dyrmaşdy. Pürli, güllän gandym şahalarynyň — çalynyň bir goltugyny ulagyň oturgyjynyň yzyndaky goş-kötele niyetlenen ýörite ýere daňdy. Motora benzin berdi. Suw yaly diýilýän ulag-a ýeke depüwe, Nargözelem motoryň otlanaryna garaşyp duran yaly, ugramaga hyýallandylar. Atda motory birinji tizlige geçirdi-de, muftany ýuwaşja goýberip, gazy şoňa görä köpeltdi. Şeýdip ugrasaň, sen özüňi motoryň üstünde däl-de, hamala, sallançagyň içinde ýaly rahat duýýarsyň. Atdanyň edil häzir beýtmesi dogrusy, Nargözeliň göwnüni görmek üçinem däl, onuň başga sebäpleri bar: birinjiden, öýden gaýdyşynky ýaly, batly ugrajak bolsa, ulagyň yzky tekeri gum peşäp, yzda oturan Nargözeliň arkasyna gum sowurjak, ýakasyndan-da girse girjek, ikinjiden, duran ýeri boş gum bolansoň, batsa batmagy-da mümkin. Owarram, garnyna çenli bataýanda-da motor maşyn däl, çekip çykaryp bolýar. Atdany çekindiren zat-birinji sebäp:öňem höre-köşe bilen seýiklenen göwün ýene ynjasa,ol aýna ýaly bir zat ahyry, çeňk tutmasa, tutmaz-da! Şeýle howatyrdan halas bolan Atda:
— Obanyň gündogarsyndan eňýän uly ýola düşüp ýöräýinmi ýa gönüläýinmi?
Nargözel ulagyň aýakbasaryna dikine galan bolarly, demi edil nika günündäki ýaly, çep gulagynyň düýbi bilen ýaňagyny çawlap gitdi.
— Aýlanyp-öwrülip ýörme-de, gönüläbersene!
— Onda atasy öýüňize gatnan ýyllaryňy ýatlarsyň-da!
Nargözel Atdanyň bu sözleriniň niräni tozadýandygyny aňdy. Ulag bökjek ýerinde iki aýagyňa diklenmelidi. Şeýtseň, bir-ä özüňe rahat, ikinjiden, ruldaky üçin sürmek ýeňil, galyberse-de, ulagyň ýüki ýeňlän ýaly bolýar.
Ol:
— Bolýa — diýdi.
Motor ilerden gaýralygyna uzalyp ýatan dim-dik depeleri gördüm-bildimem etmän, sähel salymda hälki ugran ýerine öwrülip geldi. Gapyda saklanan ulagyň sesine içerden bosup çykan çagalary Atdanyň gözüne bolmasa, eýýäm horugana meňzeşdi. Çüperäkligindenmi, nämemi ýa ene hamraklygyndanmy, anha, Nargözeliň giň gujagyna olaryň birbada üçüsi sygaýypdyr.Çagalarynyň ekabyrragy, ýer ýaly ýuwaş diýilýän gyzy:
— Kaka, ejemi nireden tapdyň-a! — dýdi.
— Mamaňlardan.
Hergiz, böwrüne sanjy, ünji bolýan zatlary oýunlyga salyp ýeňledegen kakasynyň jogabyna gyzy gülüp goýberdi. Gujagyndaky çülpelerini yzyna tirkäp, meýdandan getirilen gülli gandymy goltuklap, köşege bermek üçin eýýäm ýataga barýan ejesiniň yzyndan gygyrdy:
— Eje, kakamyň diýýänini eşidýäňmi?
Nargözel gidip barşyna sagynaýynam diýmän dillendi:
— Aý, kakaňdyr-da!

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW


145

11

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  Forever in my mind only you🐼
 08.02.2024 / 03:54

+2

Ajayyp

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 08.02.2024 / 09:49

+0

gowy?

 Premium
 baanu [off]
  ýüregim gysýa sygamok dünýä
 09.02.2024 / 14:04

+0

Gowy hekaya eken yetirip dur yenede

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Düýn, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика