Ýürekdeş sözler!
Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?
Dreamfull [off]
09.01.2024 / 12:38
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
Eje, eshidyäñmi ogluñ sesini?
Gamsyz gezip yörün Ashgabatda men.
Yandak b/n yakyp demir pejiñi,
Duluña duwlanyp oturansyñ sen.
Ya jorapjyk örüp, Ya yamag yamap,
Unutjak bolyansyñ gaygyny-gamy.
Çyranyñ peltesin galdyryp käte,
Diñ salyp, Uludan alyansyñ demi.
Diñe pejiñ shatyrdysy diymeseñ,
Gum-guklukdyr, Bilyän, içeriñ eje.
Egsilen tüñçäni dolduryp arshy,
Goyarsyñ hemishe höwürdesh peje.
Kendirik gemiryän kör syçan kimin,
Dyrmalar aynañy dasharyñ yeli.
Diwarda asylgy durandyr shindem
Kakamyñ getiren kagyzdan güli.
Bilyän, gynanç bilen çañyny sylyp,
Kagyzdan ysymy alyansyñ, Bilyän.
Ukusyz gijeler, Uzak gijeler
Hyyalyñda yene yanyña gelyän.
Yene Ashgabada uçar hyyalyñ,
Yene men barada gayga gidersiñ.
"Oglum aman bolsun! Dik bolsun bashy!
" Alladan dilärsiñ, Alkysh edersiñ.
Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oynamaga baryaryn baga.
Belki, Sorayansyñ häzir shol gülden:
"Hany seni sansyz ysgadan çaga?
Hany, bu hütdügiñ han ogly hany?
Indi uçurmazmy oglum batbörek?
Yekesiräp, Yetim galaymalymy
Yshkyny perzende siñdiren yürek?"
Men bolsa ernime sigar gysdyryp,
Billiard oynamaga baryaryn baga.
Shol kepbede sallançagy üwrelen
Näçe çyrçygyna çydalan çaga.
Shol tamda äleme indirdiñ meni
Shol kepbede açdym, Eje, Gözümi.
Yadyñdadyr, Begendirip baharda
Ilkinji aydyshym "eje" sözüni.
Shol kepbede durjan-durjan bolup men,
Gujagyña gollarymy geripdim.
Shol kepbede yörjen-yörjen bolup men,
Gapa çykyp, Güne salam beripdim.
Indi adam boldum, Adam boldum men.
Dogurdanam adammykam asylly?
Shol sowaly sorady añ yürekden.
Yürek dymdy, Yürek añdan basyldy.
Namys näme? Gayrat näme? Ar näme?
Bu babatda akyl berip ynsana,
Sapak geçyän, Makala-da yazyan men...
Sowulyan showhunly, Jazly meyhana.
Arpa suwnuñ düwme-düwme köpügi
Birden gözyashyña öwrülyär, eje.
Men olary ishdä bilen içyärin...
Yene yandak salyañ sen sowan peje.
Diwardaky aynadan öz suratym,
Gañyr garap, degyä meniñ degnama:
"Alym bolsañ, Ayt, eshdeli, han ogul,
Namys näme? Gayrat näme? Ar näme?"
Eshidyäñmi, eje, ogluñ sesini?
Agyr oylar dushaklayar ädimmi.
Senden uly sud yok maña, Jogap ber:
Men adammy, Men asylly adammy?
(ATA ATAJANOW) 1965y
136 |
11 |
4 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Admin [off]Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!
09.01.2024 / 12:46
+0
Ezhdilyami Chalaja
rexha (10.01.2024 / 03:06) Admin, eshdiljek bolya
halmyradov [off]
Durmush doly yenil kelleden#
09.01.2024 / 12:47
+0
Edil hazira okamaga yaltanyan
rexha (10.01.2024 / 03:07) halmyradov, soňam yaltanjagyň alamaty shol
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
10.01.2024 / 03:06
+0
Bilyän, gynanç bilen çañyny sylyp,
Kagyzdan ysymy alyansyñ, Bilyän.
Ukusyz gijeler, Uzak gijeler
Hyyalyñda yene yanyña gelyän.
:(
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...