Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Fantom : Мудрость в том, чтобы видеть, но не указывать.

Forum | IŞ we IŞGÄR | Umumy

BAR EÝLE!
 Gerekli
 Gulmahrem [off]
 04.08.2025 / 17:22

Bar etmäge, ýok etmäge kadyr sen,
Allam tende dertlerimi ýok eýle.
Bu jahana synag üçin iberdiň,
Kalpda iman, aňda akyl bar eýle.

Ryskymy ber, her günüme ýeterlik,
Mal-döwleti - dünýäligi geçerlik,
Haýru-yhsan - huzuryňa elterlik,
Halallygy ýaşaýşyma ýar eýle!

Ejiz göwräm huzuryňda epilse,
Kabul eýle dergähiňe eltilse.
Haram edeniňe göwnüm ymtylsa,
Soňa goýma, bu dünýämi nar eýle.

Senam dilde, gybatlarym az bolsa,
Sabrym artyk bolsa, şükrüm kän bolsa,
Gözel ahlak ýüregimde bar bolsa,
Namys-haýa al ýüzüme tug eýle.

Dogry ýolda dogrulara sataşsam,
Yşk çeşmäňden bir goşowuç suw içsem,
Ol emine ymmat bolup ýetişsem,
Iki dünýe dostlaryňa ýan eýle.

**** **** ****

Ilki bilen saňa sary ýa Allam,
Köňül içre bir çümmüjek yşgym bar.
Ruhum synag üçin jahana ýollan,
Dünýälikden berenlerňe şükrüm bar.

Höwesim - başarsam il derde ýarap,
Bir ýetim balanyň ýarasyn sarap.
Emma, gazanmaga ep-esli sogap,
Ejiz gerdenimde biraz keşgim bar.

Gursagyma gussa düşmez myş-myşdan,
Gussam - geçmişimde eden etmişlem.
Maý gözleýän duşman ýetik durmuşda,
Akyl bilen göçülmeli küşdüm bar.

Bendäň men alymlar söhbedin diňlän,
Ylym ummanyna dabanyn öllän,
Kalbymda resulyň ömrüni geňlän,
On bäş asyr ozalyndan uçgun bar.

Belli däl, ajalyň haçan geljegi,
Dowzahdan çukurmy, behişt genjimi
Ýa, Hak,
özüňe sygynýan okap Elhamy
Köňül içre bir atymlyk yşgym bar,
Patma, Emin, Ýasin atly köşgüm bar.

Suraý Amanakowa


60

14

5

7

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 04.08.2025 / 19:26

+0

arasynda ýyldyzjyklar nämäni aňlatýar


Gerekli
Gulmahrem  (04.08.2025 / 20:49) 

Sebap, Şol ýyldyzjyklardan aşakdaky goşgy başga boldugy bolýa. Iki goşgy bar, bärde.

 Premium
 @menin_dunyam [off]
  Gőzin arkada kalmasin!!!
 04.08.2025 / 22:55

+0

Bu şahyr nireli

 Premium
 @menin_dunyam [off]
  Gőzin arkada kalmasin!!!
 04.08.2025 / 22:55

+0

Galamy ÿiti bolsyn tuweleme

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 04.08.2025 / 23:02

+0

Suraý owadan at

 Täzeje
 Alek [off]
 05.08.2025 / 00:03

+0

Berekella galamyň ýiti bolsun .

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Filmler size garaşýar


Ask sadece bır a kınony goyp berayında kyn gormesenız...dowamy...
Dünýä kinosy | Filmler size garaşýar
LaDy (Şugün, 16:23)

Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!


Dowamy yokmy muñ, Soñky gelen Rahman kim bolya indi ya olam bir oynashymyka...dowamy...
Hekaýalar | Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!
Avtohuligan (Şugün, 15:50)

“OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ


Ömrüňe bereket ,Iki dünýäň abat bolsun ,Goýýan mowzuklaň gaty gowy ....dowamy...
Şygryýet | “OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ
Alek (Şugün, 15:35)

Gyzgynjak hekaýa


Tasirli, yetirip dur yene...dowamy...
Hekaýalar | Gyzgynjak hekaýa
Avtohuligan (Şugün, 14:57)

Aýdym aýdyp bersene...


Awtor özüňizmi? Kakamyrat Rejepowyň goşgysyny ýatlatdy Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi Salar ýaly goşgy okap bersene! Meniň mydam mähre teşne...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýdym aýdyp bersene...
Mizan (Şugün, 14:44)

“Söýgi – Duýgynyň Gözelligi Ýa-da Real Dünýäniň Synagy?”


"Söýgi sebäpli özüňi ýitirmek — iň howply ýagdaý..." Hakyky...dowamy...
Oýlanmalar | “Söýgi – Duýgynyň Gözelligi Ýa-da Real Dünýäniň Synagy?”
Gulmahrem (Şugün, 14:06)

Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!


Hekaýanyň soňunyň nerijesini okyja goýýan häsiýerli hekalary okanyma ökünýändä....dowamy...
Hekaýalar | Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!
Gulmahrem (Şugün, 13:32)

Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar


1- nji oruna adamy goýardym menä!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar
Ahal (Şugün, 13:09)

Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar


Adamyn olduryan haywanlarnam yaz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar
Domen (Şugün, 12:59)

Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar


haladym şular ýaly zatlar ýazylsa gaty peýdaly biläýmeli zatlar ýetirip diruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar
Kitkat (Şugün, 12:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика