TäzejeGost [off]
09.02.2024 / 09:16
Salam Yureksh.ru saýtynyň ýürege ýakyn ýürekdeş agzalary! Şu gün saýtymyzyň admini Wepaň gurnan ýaryşynyň soňkyja güni, özüne sagbolsun aýtmak isleýän şu ýaryşa meni we beýleki dostlaryma ynam bildirip bizi mynasyp göreni üçin. Saýty näçe aktiw etjek bolup ýaryş gurnasada diňe ýaryş bilen çäklenmän başgada birnäçe täzelikler goşdy saýdymyza onnada gynansakda mesele saýtda däl, mesele agzalarda. Käbir agzalar bar welin göwne degişmejek bolup telefonyň aňyrsynda dişimi gysyp oturýan. Dereje üçin etmeýän zadyňyz galanok bir iki sözlem ýazýaňyz mowzuk bolýa, ýa başga internet sahypalaryndan kopýalap alýaňyzda bu saýda pylçaýaňyz. Şu mowzugy açsam okalarmy, okalmazmy ýa-da harp ýalňyşy barmy diýip üns bermeýäňiz. Günüň dowamynda şeýle köp mowzuklar açýaňyz manyly hem-de manysyz okap ýetişip bolanok we şolaň içinde manyly okalaýjak gyzykly mowzuklar ýitip gidýär. Dogrymy aýtsama mowzuk okaýyn diýip baş sahypa geçýän bar höwesim gaçýa okar ýaly mowzuk tapamok. Degişme ýazýaňyz hemmesini bir mowzukda açsaň bolmaýamy. Uzak bolsa okanok diýýän agzalar bar, okajak adam uzak bolsun gysga bolsun okar. Okamajaga zor bilen okadyp bolmaz. Bu saýt näme üçin ýürek gysgynç diýýäňiz o saýtdan näme tapawudy bar diýýäňiz? Esasy zat saýdyň agzalarynyň gymmady, çaga ýaly köpüňiz hany öňki 2017 däki ýürekdeş, öňki ýürekdeşi şeýle bir küýseýän, gaty üýtgeşikdi öň bu saýt, 2020-nji ýyldaky ýürekdeşem erbet däldi. Köpüsi o wagtlar 14-15 ýaşlaryndady ýöne özlerini şeýle gowy alyp barýadylar, jigi-dogan ýalydyk biz. Birimiz 1-2 gün görünmesek hany plan agza ýok habaryňyz barmy diýip nomerini gözläp başlaýadyk. Bu wagt 18-20 ýaşlaryndaky agzalar bolşuňyzy bir görüňä bagyşlaň welin saýtda dereje diýip öz derejäňizi gymmadyňyzy gaçyrmaýyň, başgada ýazsam ýazyp oturmaly welin mesele saýtda däl agzalarda...
@Gost
166 |
44 |
17 |
12 |
0 |
1 |
7 |
(09.02.2024 / 09:27)
TäzejeGost [off]
09.02.2024 / 09:19
+3
@paradox agzaň ýaryşynam biderek etdiňiz höwäs bilen çynlakaý ýapyşsaňyz ýapyşan zadyňyza
Crazy-boy (09.02.2024 / 09:36)
Gost, men yapysypdym ilkinji rawuntda utuldym inniki yaryslara garasyan!
King-official [off]
Ay ışığım #FerYam
09.02.2024 / 09:44
+3
@Aypipijik nikla degişli! göwne degen bolsamam bagyşla dogry aýtdym!
Aypipijik (09.02.2024 / 10:17)
King-official, hyh
Aydogdyyewa [off]
Majbur seni tark etdim 💔kecirgin man ketdim
09.02.2024 / 11:56
+3
Hacan gowu boldular indi bolar haly on palwan bu sayty birinji gezek acanda gowudu bari hemme aktiw konf edyadik urusyadyk sogusyadik ban alyadyk yöne sondada gowudu degisyadik indi gyzygy gacdy bulan. Wepa yaman diyemok Wepa söz yok sayta aktiwlesdirjek bolup Jan edya agzalar BN degisya ulumsyramaya admin MN diyip gowu oğlan biz ün hemme zadam edya yöne sayta gün gecensaýy kıçı cagalar kopeldi 2011den kiciler ulularam çağa yaly boldu sylanysyk yitdi pikirde so zady 10gezek yazyalar peydasy bamy yazanda karoci manysyzlasdy onki agzalar bolan bolsa bu sayt aktiw bolardy pikirde yazyp yetismeyadin
Palwan gitdi sayty yapyp birine ynanyl gitdi olam basarmady dowam etdirip bilmedi wepa tazeden acdy yöne sondada so bolus bu sayt uzak dowam ETSe onkiler geler gaydyp ynanyan muna
Wepa sayty yapmajak bol hayys
TäzejeGost (09.02.2024 / 12:34)
Aydogdyyewa, bu saýty birinji Pälwan açmady
Aydogdyyewa (09.02.2024 / 12:39)
Gost, MNin bilyanin so
Aypipijik (09.02.2024 / 18:21)
Aydogdyyewa, Sen ulymy olara caga dp?
Aydogdyyewa (09.02.2024 / 19:00)
Aypipijik, Hawa ha MN olar yaly çağa gürün edemyok
xuliganka [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
09.02.2024 / 12:51
+3
Dogry
TäzejeGost (09.02.2024 / 19:18)
xuliganka, düşünmegiňize begendim
rexha (09.02.2024 / 19:18)
Gost, 👍👍👍
TäzejeKuryazov [off]
🤴🤴🤴
09.02.2024 / 12:57
+2
Dogry goldayan on gyzyklydy
TäzejeHako [off]
09.02.2024 / 13:07
+2
Waleýkimsalam.
Rast gürrüň! Öňler çekeleşikli mowzuklar bolýardy. Hatda bir goşguly mowzugyň aşagyndaky teswirlerde-de şygryýete gyzyklanýan agzalar, başardyklaryndan çekeleşerdiler. Her kim öz pikirini delillendirjek bolup, üns bereniňe degýän, del pikir, garaýyş ýazmaga synanyşardy. Häzir bärde, gynansagam, ol zatlar ýok. Esasy, awtoryň belleýşi ýaly, köp mowzuk açyp, laýk gazanmak endik bolupdyr. Men-ä känbir açylýan mowzuklary okajagam bolamok. Göni pikirlere ýa şahsa barýan, bolany. Saýtyň, çyndanam, 2017 — 2019-njy ýyllarda şüweleňli günleri az bolmandy.
Arzuw (09.02.2024 / 13:12)
Hako, siziňem ýadyňyza düşýänine begendim şo günleň ýöne men kän ýetişmedim şo günlere 2019-njy ýylyň ahyrlaryna ýetişdim soňam saýt ýapyldy
TäzejeHako (09.02.2024 / 16:57)
Arzuw, sag boluň. Zyýany ýok, ýene gyzykly mowzuklar, teswirler, pikirler entegem bolar. 😊
Bulvar [off]Bir status yazjak eger rugsat bolsa))
09.02.2024 / 13:17
+2
Oň gowydy bolmanam indi girip biriki söz ýazyp pirkol alysjak bolýaň welin maçyladyp ortasyny atyp otyrlar pikirlerde. Bärik gümenje üçin gelýäsä
Arzuw (09.02.2024 / 13:20)
Bulvar, Tiko daýymam bardy şo wagt saýtda 
Bulvar (09.02.2024 / 13:30) Arzuw, huwa nirde ol buwagt gelenokmy indi )))
Arzuw (09.02.2024 / 13:30)
Bulvar, gelýärä))
Bulvar (09.02.2024 / 13:32) Arzuw, Bulwar daýy bir diýmegim 
baanu [off]
Aglamadym diysem gowudur öýütýäler
09.02.2024 / 13:51
+2
Onki agzalar gelsede inni bashga nikden gelyaler tanap bolonok
HAKYKAT (10.02.2024 / 16:34)
baanu, biza doglup dorap shu nikde
baanu [off]
Aglamadym diysem gowudur öýütýäler
09.02.2024 / 13:52
+1
Yone shu wagatam hezilsiz dala
TäzejeFiruza [off]
09.02.2024 / 18:12
+1
Hemman derdini gozgayan mowzuk bolpdyr menm gosulyan haz saytda manyly mowzuk yok gereksz zatlara onki 2017daki agzalar hazr girenok hemmesem ulaldii isli isinde hemmesii ozi islerinden saytlara girmage wagtlary yokdurrr on hekayalar bolan hekaya mistiki hekayalar okasan okkap oturvermeli zatlar bady
TäzejeFiruza [off]
09.02.2024 / 18:13
+1
Bu aytdylan gepler tasir edermikaa sayt agzalaryna duzelermika menm giryan welin okamana norm zat tapmam cikyan yene
TäzejeGost [off]
09.02.2024 / 19:22
+0
özüne çekip gaharlanýan agzalar bar men mowzukda hiç-hili ýagdaýda at bermedim herkim özüne geregini alyp düşünsin diýip, sizem dogry düşüniň
Perhatsabirovv [off]
# Virtualda köne möjekleriň biri♡ #Saýt admini
09.02.2024 / 23:43
+0
Mundan 2 ýyl öň gulluga gitmänkäm nähili indi nähili....
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
10.02.2024 / 00:43
+0
Menem pikirimi paylashman otmayin ini,bary dogry sol sanda iniki' diyen yashlarynyz esasy kitaba dal internet sahypadyr porgrammalarna unsini kan beryaler buda kitap bilen doslashmakdan saklaya diyip bilyan gepin gysgasy wagt cozer barny "
HAKYKAT [off]
Ustunluge tarap ynamly adim bilen Oñe !
10.02.2024 / 21:05
+0
Goshulyan on gaty gyzyklydy
Gulluga gitmankak gaty gyzygyp giryadik
Bu bir ýönekey durmush
Näme etsen et pusman bolup olersin, ya edenlerin uçin yada edip bilmediklerin uçin....dowamy...
Bu bir ýönekey durmush
Meniň bu ýazanymy çynlakaý hasaplamaň. Men oýnap geplemäni halaýan.Birbada iki taraplaýyn ýazmany oýlap tapdym....dowamy...
"Ölüm gapysy"(goşgy)
Kerim Gurbannepesowyn "Saja Batyrowyn yogalan gununde yazylan gosgy" syna menzapdir...dowamy...
Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)
Awtory: @Талант. Yada ✒️@Талант...dowamy...
Ahmal (22.10.2025 / 12:13)
Doglan gunin bilen gadyrdanym
uzak manyly we agzybir yasha Baydade, ozuñe mynasp yoldasyñ duşsun...dowamy...