Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolona

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

"Ogry" / hekaýa
 Öwreniji
 bagabat [off]
 Düýn, 08:03

Oba. Toý. Gije. Tirkeg. Bagşy. Al-ýaşyl çyralaryň ýalpyldysy. Ýaşlar. Tans.
Gelnini gaýtaranyna şu gün ýaňybir üçülenji gün bolsa-da, onuň-a eýýäm haly harap. Içi diýseň iç-ä, uzakly günläp nähilidir birhili düşnüksiz byjyk-byjykdan doly. Öň işden geldigi nahar iýlerine mähetdel, öz otaglaryndan ertesi gün işe gider uçurlary bolman garasynam görkezýän däldir welin, indi o ýanlara iň bärkisi kesesinden dagam garasy gelmeýär.
Onda-da, gijäni ýarymdan agdyryp özi tarapyndan oklanýan düşegem, gyşyň güni daşarda, sop-sowuk betonyň üstünde ýatandan enaýy däl.
Bir, azda-kände bu sowuklyk bilen sähelçe-de bolsa oňuşmaga maý berýän zat, ýassyga ýüzüňi bereniňde, ondan onuň beýhuş ediji ysy kükäp dur.
Ýöne, ol netikaza ysam, öň eýesi gapdalyňdaka meýmiredip, süňňüňi goram-gowşak edip, gabaklaryňdan aslyşyp, ukuňy tutduryp alyp barýan bolsa, indi tersine.
Burnuňa girdigi beýniňi gyjyklap-gyjyndyryp, öňem-ä bagryňa gurt düşen mysaly, müňňül-müňňül bolup duran içiňi hasam beter gyrmyl-gyrmyl gybyrdydan doldurýar.
Onsoň beýle üznüksiz bükgüldä, çyda-da, çydap bilseň.
Şu doly däl üç günüň dowamynda başyndan geçiren musallat halyna onuň özüniňem haýrany hekgerip ýatyr. Şujagaz üç günde özüniň beýle perişan hala düşüşini görüb-ä, “Oňa öýlenmezinden öň ýaşan ýigrimi ýylyny dagy nädip, çydap ýaşap bildikä?!” diýen pikirem kellesine gelmän durmaýar.
Äý hawa-da, Erem bagyny gören bilen görmedik, onuň şirin-şeker miwelerindenem dadan bilen datmadyk hiç haçanam deň bolmyýa-da…
Haýh!
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan…
Haýh!
Assalar-ow, yşk dagyn gögüň boýnundan…
Boýnundan-ow, boýnundan…
Ow-ow-ow…
Gök titreýip…
Haýh!
Gök titreýib-ow…
Ow-ow-ow…
Çeke bilmez bu derdi…
Bu derdi, bu derdi-i-i-i…
Diýip, daş-töweregini gallaşyp duran toýçy tomaşaçylaryň hiç haýsyna bildirmän, içinden gaty çyny bilen, öte zarynlap, gyzylödegini üzäýmegiň bäri ýanynda biçak süýkdürip aýdyma zowladýan ýigdiň, iki gözem tirkegiň beýle tarapyndaky uly ýagtylyk meýdanyna guba gaz gonan kibi bolup, kowçum-kowçum duran gelin-gyzlardady.
Has takygy, al-ýaşyl geýnen, biri-birinden beter gözüň ak ýagyny iýip gelýän näzeninleriň hiç haýsam, şahyr aýtmyşlaýyn: “bu mahalda, bu çakda” onuň gözüne görünmeýärdi. Onuň küýi-köçesi bu mahal üç gün mundan ozal öz ejesidir-gaýynenesi tarapyndan, özüniň aňyna-maňyna garalman, yrza-närzalygy soralman, golundan gaňryp alnyp gidilen humaý guşundady.
Ol zaňňaryň gyzam, tirkegiň ala-garaňky tarapynda munuň ýaňy sagylan süýtli golça gözüni çarhlaýan galtaman pişik kibi, gözüni ýyldyradyp durandygyny görmese-de, ýüregi bilen duýýan mysaly, ýukajyk gyrmyzy köýneginiň içinde tyrsyldap bulduraýan tutuş kaddy-kamaty bilen owsun atyp, ine bir, gözüňe söweýin, ýalpyldap dur.
Özem şar-gara saçyny gaýtarmalaryňky ýaly örüp arkasyna atypdyr.
Başyndaky zerli ak ýaglygynam gaýtarmalaryňky ýaly edip daňypdyr.
Özem, göýä ony: “Içjagazyň ýanýa gerek, hämi?!” diýip gižželeýän ýaly, durmuşa çykandan soň hasam suwlanyp, dym-dykyz bolan, beýigi-beýik, pesi-pes bolup dyňzap duran kaddy-kamatynam, aram-aram çuw-akja nepis-näzik elleri bilen sypap, sypap, sypap goýberýär.
Soňam öz garagol oýnundan öte lezzet alýandygyny göz-görtele bildirip, hiç bir sebäpsiz ýerden jakgyldap gülýär. Merjene çalymdaş akja dişleriň sähel pursatlyk görnüp giden lowurdysy, gaýtarmanyň her bir hereketini nebsewür takatsyzlyk bilen sypdyrman synlap duran ahmyrly bendäniň gözüni gapana dönderýär.
Ýanynda duran kiçi gyz jigisi, ilk-ä uýasyna igençli nägilelik bilen alarylýar. Soňam tirkegiň ala-garaňky tarapyna ýeke pursatlyk gabagasty ogrynça nazar oklaýar.
Olaryň daş-töweregindäki birneme ýaşy ulurak ýeňňelerem keýpihon gaýtarmanyň sebäpsiz “jakgyldysyna” düşünmeklik bilen seredişýärler. Olaryň ýaşmak astyndan kinaýaly ýylgyryşýandyklaram al-ýaşyl çyralaryň şöhlesine lowurdaşýan gözlerinden bildirýär.
Garagol gaýtarmanyň hereketleridir-jakgyldysy öňem saly suw üstündäki görgüli ýigdiň inini tikenekledýär-de, onuň on iki süňňüne-de bir wagtda ýakyp barýan howurly gyzgynlyga eýlenen ýeňiljek sandyrama inýär.
Ol ýene-de dodaklaryny pugta gysýar-da, ahmyry ganmanka golundan sogrulan humaý guşuny, şol duruşjygyna diriligine-çigligine iýäýjek-iýäýjek bolup, ümzügini öňe atman zordan saklanyp durşuna, içinden aýdýan gaýgyly aýdymyna has belentden zarynlamaga başlaýar.
Haýh!
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan…
Haýh!
Assalar-ow, yşk dagyn gögüň boýnundan…
Boýnundan-ow, boýnundan…
Ow-ow-ow…
Gök titreýip…
Haýh!
Gök titreýib-ow…
Ow-ow-ow…
Çeke bilmez bu derdi…
Bu derdi, bu derdi-i-i-i…
Toý sowulýança sabyrsyzlyk bilen içinden dady-perýatlar eýleýip garaşan bendäniňki, gaýdyşynam paşmady.
Ol humaý guşuny girisine salmak niýeti bilen, olaryň yzyna garaba-garaba düşüp gaýtdy. Emma, ilk-ä toýdan olar bir ugra hümer bolup gaýtdylar. Soňam öýlerine bary-ýogy bir çatryk galanda, iň soňky ýoldaş gelin-gyzlary sowlup, diňe uýalaryň ikijigi galanam bolsa, megerem, öýlerinde gaty berkden gulagyna guýlandyr, yzlaryna düşüp hol allaowarradan dähedem-dessemläp gelýän intizaryň nämä intizardygyna düşünip aňyrsyna geçip dursa-da, humaý guşunyň ýanyndaky on üç – on dört ýaşyndaky sylaça sypat “ýarak köpek”, olara sataşmaga-gabatlaşmaga, birek-biregiň mährinden ganyşmaga-gatyşmaga maý-mümkinçilik bermedi. Megerem, ol “ýarak köpek”, onuň humaý guşy bilen ganybir süýtdeş uýadygyna, üstesine-de şunuň ýaly gögele ýaşyndadygyna garamazdan, eýýämden tüýs özüniň ejesine meňzän, şum rakyp bolup ýetişen bolmaly.
Uýalar gädiklerine ýetdiler-de, girdiler-gitdiler, öýlerine sary…
Humaý guş-a intizarlyk bilen yzyna garanjaklaý-garanjaklaý…
Ýanyndaky “ýarak köpegem”, hol beýle-de sömelip duran onuň garalyp görünýän gara sudurynadyr, gözegçilik edýän uýasyna eşidiler-eşidilmez hyňrana-hyňrana…
Awuny alyp bilmän, armanly galan gurt bolmazmy?!
Şu pille özüni şol böri pisint duýýan bu bende-de, çete çekilip, ýoluň gyrasyndaky ýabyň tutlarynyň garaňkysyna duwlanybrak, perişan halda çök düşdi. Kellesindäki uzyngaş papagyny biraz aşak çümürdi. Uludan bir gaýgyly dem aldy.
Näme edýändigini özem duýman, ýene-de ýaňky zaryn aýdymyna içinden zowladyp ugrady.
Özem bu gezek onuň içinden gygyrýan aýdymy, çölde ýalňyz galyşyna, mahy-tabana bakyp tükeniksiz uwlaýan ýekemen möjegiň uwwuldysyna hasam beter çalym etdi.
Haýh!
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan…
Haýh!
Assalar-ow, yşk dagyn gögüň boýnundan…
Boýnundan-ow, boýnundan…
Göwnünde üznüksiz pyrlanýan aýdymynyň şol bir topbagyna içinden hiňlenip, esli oturdy. Birdenem kellesine täze pikir geldi.
Beýdip, bärde, dünýeden nadyl garry köpek deýin içimden uwlap oturmaýyn-da, ýatýan otagyn-a bilýän, baryp penjiresini tyrkyldadaýyn. Öýdäkileri uklandan soň daşaryk çykdygam, boldy. Girime ilýär. Soň sypdyrman. Gaňryp alyp bileniňem enesinden erkek bolup doguldygy.
Ol aýgyt bilen ýerinden turdy-da, gaýyn öýüniň ýabyna girip, gür tutlugyň arasy bilen olaryň tamlaryna garşy assyrynlyk bilen ýegdekläp ugrady. Gidip barşyna-da içinden hiňlenýän aýdymynyň hörpünem üýtgetdi, sözlerinem.
“Bardym-da bir baga girdim…” diýip, öz-ä içinden keýpihon hiňlenýär, özem arasynda, hatda içinden aýdýan şadyýan aýdymynam kimdir biriniň eşitmeginden çekinýän dek: “Çüş-ş!” edibem öz-özüni içinden çüşleýär.
Bardym-da bir baga girdim,
Ne bag duýdy, ne bagbanyň.
Gyrmyzy gülleriň tirdim,
Ne bag duýdy, ne bagbanyň.
Çüş-ş!!!

Bir goç ýigit şikar etdi,
Baryp Gürjüstana ýetdi,
Hupnyşan ýagşylyk etdi,
Ne bag duýdy, ne bagbanyň.
Çüş-ş-ş!!!
Ýöne, ol içinden näçe çüşlese-de, näçe ýapyrylyp, ýere siňäýjek bolup assyrynlyk bilen ýegdeklese-de, gaýynlaryň howlusyndaky iki gatly belent täleriň ikinji gatyndaky hüşgär sakçy onuň her bir hereketini sypdyrman synlap, gözüniň aýtymyna alyp ýatyrdy.
Uýalarynyň ýatýan otagynyň penjiresine tarap gybyrdyklap gelýän garaňkylyk üýşmegini, gören badyna onuň kimdigini tanan oglanjyk, öýlerine howp salýan ogryny wagtyndan öň ürküzmezlik üçin, örän seresaplyk bilen kemanyny eline aldy.
Ol tigriniň tekeriniň deşik içgisinden gaty oňat bejerip ýasanan bu kemanynam, oňa laýyk bolaýjak göjek ýaly, göjek ýaly ýylmanajyk daşlaram, bu gün hut şunuň ýaly bir zatlar üçin zerur boljakdygyny öňünden aňan ýaly, irgözinden ýassygynyň astyna dykyp goýupdy.
Hüşgär bezzat, ýylmanajyk daşlaryň birini alyp, kemanynyň daşlygyna saldy-da, penjirä ýetmäge az galan “ogrynyň” aýyň şöhlesine çala saýgardýan papagyny maýajyna aldy. Birdenem ýatan ýerinden dyzyna galakga, kemanyny dartdy-da, sypdyryp goýberdi.
Pat!
Kellesindäki uzyngaş papagy gaýyp giden dessine nämäň nämedigine doly düşünmese-de, öz niýetiniň paşmandygyna, indem gaty bahym bu jelegaýlardan ökjäni götermelidigina göz ýetirip ýetişen ýigit, bir towsanda ýaba ýakynlady-da, oňa sümüldi.
Ýöne, ol hernäçe çalasynam bolsa, täleriň üstündäki hüşgär bezzat ondan bäşbeter çakgan ekeni. Ýigit tutluga sümüp barýarka, kemandan sypan ikinji daşjagaz patylap otyrýerine degdi-de, onuň öňem-ä kosmos gämisi bilen bäsleşip biljek tizligine tizlik goşdy.
“Eý wäg-eý! Häk seniň bir…Munuň eliniň gönüdigin-äý! Garaňkam bolsa atan ýerinden çüýleýşini diýsene!” diýip, tutlary süsmejek bolup, ýabyň içi bilen sapalak atyp gaçyp barşyna, awy oňman ät galan ýigit, gatyrganmaly oýlandy. Ýüzüniň ugruna köçä çykyp, haýdaşlap esli gaçandan soňam, demini dürsemek üçin saklananda, özüniň bolup ýörşüne heziller edip güldi. Soňam yzyna öwrülip, ýumrugyny talawladyp, özüni oka tutan bezzada gaýybana keýpihon haýbat atdy.
-Dur bakaly, bir ýerde elime düşersiň! Ýogsa-da, ýene-de on-on bäş günden soň bujagaz awundyranyň ahmyryny, şeýle mergenlik bilen goramagyň hötdesinden gelen uýaňdan çykararys-da!-diýip ol, indi işiniň şowuna bolmajakdygyna boýunalyk halda, öňki zaryn aýdymyna hiňlenjiräp, öýlerine ýüzlendi.
“Ogry” ýazzyny berenden soň, tälerden düşen bezzat bolsa, “ogrynyň” depesinden gaýdyran “oljasyny” agtaryp tapdy-da, ertesi günem, ony ejesi-kakasyndan, agalaryndan hiç haýsyna bildirmän, uýasyna gowşurdy. Özem, özüni gazaply nazary bilen ýakyp-ýandyraýjak bolýan uýasyndan birki ädim keseräge-de çekilip, gädik dişini görkezip ýyrşardy-da, hilebir iş eden ýaly öwündi:
-Bir okda urup alandyryn! Aýt, şony:ň özüne-de, bu gezäm-ä oňa dözmän, diňe birki günläp, otursa ýadyna düşer ýaly edip goberendirin. Indiki-de beýle ujyz sypdyrman, gowuja awundyraryn! Atan okum sowa geçmeýänni bilýäň dämi, hä?!
-“Hä” görkezerin men saňa, ýeksurunyň biri…-diýip, gözünden uçgun syçratmagyň bäri ýanyndaky uýasy, özüne gowşurylan uzyngaş papagy elinde gysymlap durşuna, duran-duran ýerinden garagola topuldy.
Hatyrjem duran bezzat uýasynyň penjesine düşmedi.
Dessine ökjesine tüýkürdi-de, uýasynyň elýeterinden sumat boldy.


64

16

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Bentner [off]
  Люди принимают доброту за слабость.
 Düýn, 12:21

+1

Agam bu ýaş wagtyňdaky öz priklýuçeniýaňmy

 Premium
 rexha [off]
  вы все такие разные,а заебали одинаково🐬
 Düýn, 12:24

+0

Elde yazdynmy ya kopirowat etdinmi

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 Düýn, 15:27

+1

Serdar aga, goryan welin onkulerden goyup baslapsynyz. "Internetli dunya" toplumynyzdan goysanyz-a bular hezil edip okardymykylar diyyan. Galyberse-de menem gaytadan okasym gelya.


Öwreniji
bagabat  (Düýn, 15:39) 

Belki, ok.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir sagat mundan őñ...


Bir gűn señ bagtyñy kőp gőrse ykbal, Ony saña asla gowşyrmaz eken. ...dowamy...
Şygryýet | Bir sagat mundan őñ...
Violetta (Şugün, 01:59)

Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)


Manifesto...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)
Khanture00 (Şugün, 01:53)

maslahatynyz gerek mana maslahat berayin


Menne dagy problema ýogam eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | maslahatynyz gerek mana maslahat berayin
Akoyli (Şugün, 01:45)

VPN hyzmaty


Dogry dusunipsin mlds...dowamy...
Internet resurslar | VPN hyzmaty
Диамонд (Şugün, 00:47)

Şaý-sep / hekaýa


Okadygymça hekaýanyň içine siňip gidenimi duýman galdym. Hekaýadaky gahrymanlaryň hereketlerem, gürleýiş äheňleninem edil boluşy ýaly beýan edili...dowamy...
Hekaýalar | Şaý-sep / hekaýa
Gulmahrem (Düýn, 23:50)

Sygmaryn...(


Gowy goşgy...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
Gulmahrem (Düýn, 15:54)

Halypama


Halypalañ jany sagbolsun...dowamy...
Şygryýet | Halypama
@menin_dunyam (Düýn, 15:29)

Sygmaryn...(


Ÿetirip dur...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
@menin_dunyam (Düýn, 15:28)

"Ogry" / hekaýa


Serdar aga, goryan welin onkulerden goyup baslapsynyz. "Internetli dunya" toplumynyzdan goysanyz-a bular hezil edip okardymykylar diyyan. Galyber...dowamy...
Hekaýalar | "Ogry" / hekaýa
Belki (Düýn, 15:27)

Sygmaryn...(


Yalpyllap duran 1-nji layk menden...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
BAY-HAN (Düýn, 14:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика