Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
MARY : üns bermeseň çaý hem sowar,Göwün hakda gürlejegem däl

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Şaý-sep / hekaýa
 Öwreniji
 bagabat [off]
 Düýn, 12:53

Jorasydyr-baldyzy, gelni agşamky dabara üçin bezäp-beslemäge başlanda, onuň bukjasyndaky şaý-seplere “aýak bitendigi” ýüze çykdy.
Toý ýerinde tupan, deňizde harasat kibi tutaşdy.
Ilki, assajadan tolkunlar “güwwüldäp”, kenara hüjüm edişlerini güýçlendirýär.
Ýeliň dyzamasy dogumlanýar.
Asmanyň meňzi goýy bulut perdesi bilen örtülýär.
Birdenem, nijeme wagtlap gazabyny gursagynda toplap, içine “hylç” ýygnap ýatan, aždar deýin, deňiz garalýar-da, silkinip çarpaýa galýar...
Bularam şonuň ýaly, ilki üçüsi üç ýerden hiç kese bildirmän, elem-tas bolup, gelniň goşuny dökdüler.
Näme üçindir ejap bilen “bukja” diýlip atlandyrylýan, hakykat-da bolsa, ençeme düwünçekdir, çuwal haltadan hem-de hyryn-dykynlykdan ýaňa zordan gapagy iltelen, birnäçe çemodandan ybarat sülsady barlap çykjagam bolsaň, hyllalla.
Tapmadylar.
“Aňyrda galan bolaýmasyn?” diýen kör umyt bilen, gelniň atasy öýüne jaň edip soradylar. Ýok ekeni. “Nämesi bar bolsa, elin ýükläp goýberdik” diýdiler...
Soň nalaç, ýeňňelere çawuş çakyldy.
Ýeňňelerden daýzalara ýetdi. Daýzalardan daýylar-a...
Garaz, sähel wagtyň içinde toý märekesinde it-güjükden başlap, dagy güýmenere pişe tapman, bahana bolsa-bolmasa, ýöne, keýpine “wägirip” iň aglak çaga çenli, hemmeler gelniň şaý-sepleriniň “jünelendigini” eşidip galdylar.
“Toba, toba, estagpurulla! Tüf-tüf-tüf! Gelnalyjyň geleni ýaňy, eýýäm haçan şu ikarada, kim ogurlap ýetişsin, gyz?!” diýşip, gözleri bilesigelijilikden ýaňa gyzyl köz bolup lowurdaýan ýeňňeler, ýakalaryna tüýkürişdiler.
“Biziň ýaş döwürd-ä, edil beýle-beýle gözdençykgynç zatlar bolmyýady! Şü bolýan zatlar, eýsem-de bolsa, ahyrzamanyň bolmaly senesiniň hepdäň aýagyna ýa-da indiki hepdäň pemşemmesine süýşürilenini aňladýan bolaýmasyn?!” diýşip, daýzalaram öz aralarynda hyşy-wyşy edişip ugradylar.
-Älhepus, muny kimem beýden bolsa, şol-a ýaman, adamam däl ekeni!-diýip, kän bir aýdanyna-diýenine gulak gabardylmasa-da, märekä mürehetsiz beýemçilik edip ýören ýaşulyraklaryň biri gepläp galdy.
-Kimem nemeden bolsa, nemedip başlamankam, gaty derrew nemetsin! Onsoň, menem erkek ýaly nemetjegimi aýdýan! Bitiniň burny nemetse, meňem neme bolmadygym!-diýip, toýuň eýeleriniň arasynda has garynlagrak bolanyndanmy nämemi, eýlekilere görä has dogumlyragy, çar töweregine ganguýma gyzaran gözlerini aýlady-da, hemle urdy.
“Är-aýalyň topragy bir ýerden alynarmyş” diýleni:
-Äý käkäsi, senem: “nemetjek” diýip, ilden-günden, kada-kowahatdan nemedip, şeýle nemäni nemedip bilýän gutaran nemä: “Alanja ýeriňde goýsaň, degmen” diýip, äht edip nätjek?! Ondan-a bejit nemeleri nemet-de nemet! Onsoň milisgeleň özi ysgaw itlerini getiräkge, derrew o nemäni nemedip nemederler!-diýdi-de, dogumlyragyň aýalam, ärini köşeşdirýänden bolup, oňa assyrynlyk bilen meçew berip goýberdi.
Garaz, toýa üýşen mähelle, ýap-ýaňyja-da toýuň heýjanelek täsiri bilen çaýkanyp-ýaýkanyp durandygyny gaty bahym başbitin unutdy. Her kim bileninden gepläp galyp, gelniň goşlarynyň salnan otagyna kim girdi, kim çykdy, ilik-düwme seljermäge girişdiler. Şol jaýa ol-a girmek ekeni, saý-sebäp bilen deňesinden öten adamam bolsa, ýüzüne-gözüne müňkürlik bilen gabak astyndan garanjaklaşyp, adamlar, birew-birewiň keşbinden kümsük ogurlygyň alamatyny agtardylar.
Netije bolmady.
Onýança, öňem-ä, şujagaz ýigrimi ýaşa ýeter-ýetmez ömründe, mundan öň birje saparam durmuşa çykyp görmändigi sebäpli, ilkinji gezek başyndan inen heýjanly-hyjuwly, şol bir wagtda-da howsalaly-galagoply hadysalara halys kelebiniň ujuny ýitirip oturan gelne-de jan girdi. Dogrusy, ilk-ä özüniň: “o taýda bolaýmasyn, bu taýdan tapylaýmasyn” diýýän çaklamalaryny, jorasynyň ýa-da baldyzynyň üsti bilen töweregindäkilere ýetirip, dessura laýyk edebini saklanam bolup otyrdy. Emma, birhaýukdan soň, daşyndaky erew-berewlik öňem alas-gopas beýnisini çaşyrdymy nämemi, gelin, birdenkä ýerinden turdy. Keşdesi ýaldyrap duran kürtäniň gotazlarydyr-şaýlaryny “şyňňyrdadyp” bir çete urup atdy. Kellänem keýerdip bir, uçgun syçraýan nazary bilen çar ýanyny daglap çykdy:
-Meň şaý-sepimi kim ogurlanam bolsa, şu ýeksurun ogluňyzzan başga hiç kesem dädir! Ýaňybir gudaçylyga gatnap başlaňyzza, heniz bärligine gaýtmak niýeti kelläme-de gelmänkä, maňa jan ýalyjak joralammyň biri, onyňyzyň öň ebla neşekeş bolanny aýtdam-la. Ýöne, ejem bilen kakam ikisi iki ýerden: “O taýy öňem adam çykýan ýer! Enesinne-atasynna, ýedi arkasynna öň-ä neşekeş ýokdy! Gidäý, gyzym! Bizem inni, ýaşymyzyň soňunna dynyp göräýeli!” diýşip, özelenip duransoň, yrza bolmaly bolaýdym-da!
Ýüzi açylmadyk gelniň agzyndan ot bolup çabran awuly sözler, otaga üýşen aýal-gyzlaryň ýüzüni hazan ýeli urana dönderdi. Otagdakylaryň aglaba köpüs-ä, oslugyň ysyny alan dek ýüzlerini kürşertselerem, endige eýerip, seslerini çykarman oňdy. Emma, öýlenýäniň ýakynragy bolanyndanmy nämemi, dogumlyrak ýeňňeleň biri, geplemän saklanyp bilmedi:
-A gyz, utanaňokmy? Kürtäni dula bulap urup, nä, özüňi nirä gelendirin öýdýäň? O “neşe-peşe” diýibem diliňi başyňa çeýneme! Toba-toba, tüf-tüf-tüf! “Özüm näme?” diýenok gyz! Ibaly zat bolsaň, owal-a, şumad-a çenli ataň duluny saklap oturarmydyň?
Galyberse-de, öň gutaran üflis bolup, soň adam boljak bolup ýören süpügem özüňe serpaý bilip, işigiň açylyp-açylmanka towsaklap, gelenleň öňüne düşüp gaýdarmydyň?!
Özlemmiz-ä on altam ýaşamankak, duz ýalyjak edip, şakyr-şukur alyp gaýtdylar!
Seň ýaly: “Kim bir serpikden jyklaýarka? Iň bolmanna agsak-towsagam bolsa yrza men!” diýip, gözümizi ýola dikipler garrap gitmedik.
Onnoňam, gyýw gelin, a belkäm o saňa geçirilen şaý-seplere özüň birmahal “çyn eýe” tapyp, indem eden işiň üstüni gömmek üçin, “ogurlandy” diýip, iki egniňden gum sowurýan bolaýma?!
Bu sözlerden soň gelniň heýýaty göçdi. Agzyndan çykyp başlan sözleri iki gulakly eşider ýaly bolmady. Toý ýeriniň ýeňňeleridir-daýzalaram ondan kem galmady...
Entegem oslagsyz tutaşan goh-galmagalyň soňunyň nirelere baryp ýetjegi belli däldi. Hernä, toý eýeleriniňem, jemagatyňam Hudaý diýen ýeri, gelnalyjy gelenden soň gürüm-jürüm bolan öýlenýäniň dostlary, bir ýerden sümsünişip çykaýdylar. Turan tüpgeniň özenine ýetenlerinden soňam, olaryň biri ýüzüni boz-ýaz edip, täzeje, akja çemodany göterip geldi.
Jahyl bezzatlygyny edip, içi süýji-kökeli, kişmiş-maňyzlydyr öýdüp, ony gelniň bukjasyndan sogrup, soň öýlenýänden “toý paýyny” almak üçin gizlän bolmuşdyklar...


29

8

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Gulmahrem [off]
 Düýn, 23:50

+0

Okadygymça hekaýanyň içine siňip gidenimi duýman galdym. Hekaýadaky gahrymanlaryň hereketlerem, gürleýiş äheňleninem edil boluşy ýaly beýan edilipdir welin, hamala şol dawaň bir çetinde özümem olary synlap duran ýaly duýdum. Gaty gyzykly, käbir ýerlerinde ýylgyranyňy duýman galýaň.

-Äý käkäsi, senem: “nemetjek” diýip, ilden-günden, kada-kowahatdan nemedip, şeýle nemäni nemedip bilýän gutaran nemä: “Alanja ýeriňde goýsaň, degmen” diýip, äht edip nätjek?! Ondan-a bejit nemeleri nemet-de nemet! Onsoň milisgeleň özi ysgaw itlerini getiräkge, derrew o nemäni nemedip nemederler!..

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)


Manifesto...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)
Khanture00 (Şugün, 01:53)

maslahatynyz gerek mana maslahat berayin


Menne dagy problema ýogam eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | maslahatynyz gerek mana maslahat berayin
Akoyli (Şugün, 01:45)

VPN hyzmaty


Dogry dusunipsin mlds...dowamy...
Internet resurslar | VPN hyzmaty
Диамонд (Şugün, 00:47)

Şaý-sep / hekaýa


Okadygymça hekaýanyň içine siňip gidenimi duýman galdym. Hekaýadaky gahrymanlaryň hereketlerem, gürleýiş äheňleninem edil boluşy ýaly beýan edili...dowamy...
Hekaýalar | Şaý-sep / hekaýa
Gulmahrem (Düýn, 23:50)

Sygmaryn...(


Gowy goşgy...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
Gulmahrem (Düýn, 15:54)

Halypama


Halypalañ jany sagbolsun...dowamy...
Şygryýet | Halypama
@menin_dunyam (Düýn, 15:29)

Sygmaryn...(


Ÿetirip dur...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
@menin_dunyam (Düýn, 15:28)

"Ogry" / hekaýa


Serdar aga, goryan welin onkulerden goyup baslapsynyz. "Internetli dunya" toplumynyzdan goysanyz-a bular hezil edip okardymykylar diyyan. Galyber...dowamy...
Hekaýalar | "Ogry" / hekaýa
Belki (Düýn, 15:27)

Sygmaryn...(


Yalpyllap duran 1-nji layk menden...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
BAY-HAN (Düýn, 14:09)

Beşirim


Hojambazda öýdýän Beşir...dowamy...
Şygryýet | Beşirim
Boniya (Düýn, 13:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика