Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Sen sensin menem men. Her kim ozune handyr

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Halkyň aňy ukuda... Olary oýarmak gerek.
 Täzeje
 State [off]
 Şugün, 02:12

Size hakykaty aýtmany we duýdurmany özüme borç hasaplaýaryn.
Şu kitaby okap iň azyndan bir türkmeniň durmuşy üýtgese azabymyň ýerine düşenligi. Elbetde hyýalym has köp adama ýetmegi.
Egni gysylan, ruhy basylan we geljegi ipoteka alynan türkmeniň çykalgasy näme? Indi biz näme etmeli?


Has düşnükli bolar ýaly käbir ýönekeý mysallar bilen başlalyň. 21-nji asyryň ösen jemgyýetini bir ýaňa goýalyň. Aýdaly 10 asyr mundan ozal birgiden malyňyz bolsady we ýaşaýan ýeriňizde mallara iýere ot, iým, suw we beýleki zerurlyklar bolmasa näme ederdiňiz?! Elbetde goşuňyzam, maşgalaňyzam alyp otlak bir ýere göçerdiňiz.

Edil şuwagtky döwür ýaşaýan jemgyýetiňizde, ýurduňyzda iş ýok, bilim ýok, adam mertebesine-namysyna sylag-hormat ýok, öz emlägiňe ygtybar ýok, erk ýok, çykalga ýok bolsa meniň pikirimçe derrew etmeli işiňiz, pikirlenmän goşuňyzam alyp gadyrly ýere göçmegiňiz.

Ýurduňyzdan göçdüňiz diýip hiç kim siziň Watana bolan söýgiňizi sorag astyna alyp bilmez. Gaýtam şu döwürde watanyny söýýän adamyň edip biljek iň dogry işi. Erki öz elinde bolmadyk adamyň halkyna hyzmat edip biljek ähtimallygy ýok!!!

Gynansagam käbir ajy hakykatlary siz bilen paýlaşmak isleýärin. Eger siz biziň nebite-gaza we beýleki tebigy baýlyklara baý ýurdumyz bar, elbetde bir gün hemme zat düzeler diýýän bolsaňyz size gaty erbet habarym bar: Diňe özüňizi aldarsyňyz! Ol baýlyklary halka rowa göräýenoklar. Türkmenistanyň esasy nebit ýataklary belli firmalar tarapyndan näçe ýyl mundan ozal özara paýlaşylan. Aslynda hiç hili güýji bolmadyk, ýöne reklamasy aşa köp edilen, gereginden artyk çişirilen, gözümizde ulaldylan, türkmençeläp aýtsaň: “Magtanan güýçler”, köşk emeldarlary, saýry millet-saýry adamlaram bu firmalar bilen gönüden-göni şärik. Şärikli biznes. Şärikli kärhana. Munuň bilenem doýmadyk gara garynlary, nebit-gazdan döwletiň paýyna düşýän bölekden gelen girdejileri hem şärikli bolan gurluşyk kärhanalary bilen paýlaşýarlar. Toý bagşysyna (Gurbanguly Berdimuhammedow) dükandan diňe süýji alarlyk pul berilýär. Esasy şäriklikde ol ýok. Halkyň paýy bolsa gury owaz...

Meniň size düşündirjek bolýanym asyl bu mesele däl. Bar ukyp-başarnygy öz halkyna zulum etmek bolan binesip adam biziň hemme zadymyzy ogurlap biler. Diňe beýnimizi ogurlap bilmez! Oýanmak isleýän ähli türkmene beýni zähmetini, akyl işi bilen gidiljek çykalgany maslahat berýärin! Düşünýän adama bu iň Ygtybarly çykalgadyr! Bu döwürde akyl işi bilenem baýap bolýar. Hat-da bu döwürde millioner bolmak öňki döwürlere garanyňda has aňsat. Nesip etsin haram baýlyklary özlerine... Bizi beýni güýjimiz halas eder.

Aýdaly sizde mikrobiologiýa ugrundan professor bolup biljek we ylmy açyş edip biljek beýni mümkinçiligiňiz bar. Şeýle ýagdaýdaky adamy Kanada döwleti ýurduna salmazmy?! Ýa bolmasa siz Nobel baýragyny alyp biljek derejede güýçli edebiýatçy. Şwesiýa sizi kabul etmez öýdýäňizmi? Täzelikçi programmisti Silicon Valley gapysyndan salman durmaz. Oscar alyp biljek režissýory Hollywood kowup durmaz. Beýni operasiýasyny edip biljek lukmana Gollandiýa gapysyny ýapyp durmaz. Maýa goýum goýjak telekeçileri Belgiýa, Polşa, Germaniýa, Gruziýa gujak açyp garşylar. Başyňyza musallat bolmagyň deregine size goldaw bererler. Käri bar adam- Arzyly adam. Gaýtam bu ýerlerde Arzyly bolarsyňyz. Indi dünýä gaty kiçi, ulurak bir oba ýaly. Kapasa dykylyp oturmagyň, soňýetme toý bagşysynyň ynsabyna garaşyp oturmagyň manysy ýok.

Başlamak üçin beýle derejelere ýeten adam bolmak hökmän däl. Ýaňy hem belläp geçişim ýaly: beýni mümkinçiligi, ýagny şu derejä ýetip biljek potensialy bolan adamlar. Erksiz ýerde gul bolandan, özüňize haýpyňyz gelsin! Arzyly boluň! Ömrüňizi kül etmäň! Bu zeýilli adamlar diňe güýçli bolsaň hormat goýýarlar. Başga medeni we ynsany gymmatlyklara sarpasy ýok.

Türkmenistanda doglan, soň daşary ýurda göçüp giden bir astronawt bilen duşuşanda, toý bagşysy astronawta äsgermezçilik edip bilmändi. Äsgermezçilikden näm-nyşan ýokdy.

Ýa-da hemmä tanyş mysal. Eger Gurban Berdiýew Türkmenistanda ýaşan bolsa näme bolardy? Şugünki derejesine ýetip bilerdimi? Ýetirerdilermi? Herkimiň bilýän jogaby...

Eziz ýaşlar!
Özüňize haýpyňyz gelsin. Akyl taýdan näsag adama öz erkiňizi bermäň! Ykbalyňyzy däliniň ynsabyna goýmaň! Arzyly, beýik adam boluň! Goý, herkim sizi sylamany öwrensin! Sizi görende äsgermezçiligini kiçi dili bilen ýuwutsyn! Siz bilen duşuşanda, halkyna zulum eden Sizden aljyrasyn! Elleri titresin! Aljyraňňylygyndan iki sözi çatyp bilmesin! Sebäbi Siziň mertebäňiz, akyl taýdan näsag adamdan üstündir! Muňa berk ynanyň!

Soňýetme toý bagşysy diňe türkmene garşy haýbatly. Diňe öz halkyna zulum etmäni oňarýar. Bar ukyby diňe şol. Onuň daşary ýurtda ýagdaýy, hinine gizlenýän alaka ýaly. Türkmene gazaply bolşy ýala-ha däl daşary ýurtlylara garşy. Hiç hili abraýy ýok. Türkmen döräli bäri, 5 müň ýyllap, taryhymyzda ilkinji gezek akyl taýdan näsag, psihiki keselbent däli adam bize baştutan boldy!!! Şu anyk maglumat! Eger däli däldigini öňe sürýän bolsa Ýewropada garaşsyz bir hassahanadan barlagdan geçsin we tassyk hatyny bize görkezsin. Tire-taýpa bolup ýaşalýan döwürlerinde hem türkmende beýle masgaraçylyk bolmady. Akyl taýdan näsag adamy baştutan etmändiler.

Quantum fiziki ylymlaryny düýpli öwrenmäne döredip beren mümkinçilikleri üçin gahryman, mähribän, at çapyp bilýän...xxx diýip ýaňyltmaç aýdyp ýörenden; ýa-da beýni mümkinçiligi bolan režissýorlar toýda “love story” düşürip ýörenlerinden Arzylanýan ýeriňizde käriňizi dowam ediň! Magtymguly atamyz “Watany terk edip, gidiji bolma!” diýibemä aýdypdyr diýýän bolsaňyz “Özüňden egsik bir gaýry namardyň, Hyzmatynda gulluk ediji bolma!”-da diýipdir. Iki sözüň arasyndaky tapawudy gowy edip ölçemeli, soň netije çykarmaly. Öz erkiňiz eliňizde bolan ýerde, arkaýyn işläp, ösüp, baýap bilersiňiz. Watana hyzmaty diňe içinde ýaşap etmeli diýip ýörelge ýok. Daşary ýurtda ýaşabam halkyňa hyzmat edip bolýar. Esasy zat siziň beýik sepgitlere ýetmegiňize bagly. Halkyňa hyzmat etmegiň müňläp ýoly we usuly bar.

Birem hiç wagt ýatdan çykarmaň, taryhda zalym ýurt baştutanlaryny tagtdan agdaran iň uly Rewolýusiýalar, ýurdundan kowulyp sürgün edilen adamlar tarapyndan amala aşyryldy. Taryhda bolup geçen wakalara syn salsak, şu günümizde bolup geçýän ýagdaýlara has gowy düşünse bolar. Daşary ýurtda ýaşamagyňyza bir pursat hökmünde garaň. Öz ýurdundan çykyp gitmäge mejbur bolan adamlar, daşynda has güýçlenip ýurduň asyl ogullary we eýeleri hökmünde yzyna dolanyp biler. Bu siziň daşary ýurtda özüňizi kämilleşdirişiňize we güýçli ynamyňyza bagly.

Öz käriňizde professionallaşyň. Nobel baýragyny alan Siz boluň! Şolary alýan adamlaram etden we süňkden ybarat adamlar. Elbetde sözde aýdylşy ýaly aňsat däl bu zatlar. Hersiniň öz güzaby bar. Emma gymyldan-dag aşar. Poslamadyk, umytsyzlyga çümmedik adamyň ýetip biljek derejeleri bular. Alynyň ala meýdany... Bar gaýratyň bolsa görkezibermeli! Ýürekden ýapyşsaňyz almajak galaňyz ýok!

Belent Mertebeli Türkmen halkym!
Geliň egnimizi gysdyrmalyň! Ruhy hyjuwymyz bolsun! Bize energiýa berjek türkmençiligimiz bolsun! Döşümize kakyp ýaşalyň! Ýer-ýüzünde ýaşaýan adamlar goý Türkmeniň beýni güýjüni we akyl işini görsün! Birinden haraýa garaşmagyň manysy ýok. Bize kömek etjek ýok. Şu hakykaty 100% kabul ediň indi! Ýasama toý bagşysynyň utanjy galmady. Özünden utanmaýan-hiçkimden utanmaz. Öz akyl näsaglygyny we halka eden zulumlarynyň hasabyny Allanyň huzurynda türkmene berer. Beýle zalymlaryň soňunyň näme bilen gutarýany taryhdan mälim.

Beýik maksadymyz bolsun! Oňa ýetmek üçin güýçli erkimiz bolsun! Üstünlikde azmajak ynsabymyz bolsun. Üstünligi dowam etdirjek başarnygymyz we pälimiz bolsun. Özümizi çäklendirmäliň, çekinmäliň. 1-2 million dollar gazandym maňa şulam ýeter düşünjesinde bolmalyň, halal ýoldan Täze dünýäniň potensiallaryndan peýdalanyp 100 million dollarlap gazanalyň. Bu bir hyýaly gürrüň däl, iliň ogly gazanyp ýör. Bizem gazanyp bileris. Esasy zat munuň bilimini we tilsimini öwrenmek gerek bolany. Iň bärkisi “Silicon Valley”-däki firmalaryň işleýşi barada maglumat gözleşdirip bilersiňiz. Nähili işleýändiklerini we sistemalaryny öwrenip bilersiňiz. Amerikada diňe “Silicon Valley”-de 1 milliard dollardan köp girdeýji gazanýan 100-den gowrak kärhanalar bar. Şolaryň hemmesem siz ýaly ýaşlar. Täze dünýä tehnologiýanyň, innowasiýanyň döwri. Diňe nebit-gazdan pul gazanmaly diýip zat ýok. “Silicon Valley”-de firma açyp täsirli pikir tapyp we onuň application görnüşini gurup 2-3 ýylyň içinde 1 milliard dollar girdeýji gazanan 31 ýaşly ýaşlar bar. Täze dünýäde pul gazanmak kyn däl. Baýamagam kyn däl. Esasy zat pikirleniş örimiz giň bolsun. Türkmenistanda beýle innawasion application-lary gurmak üçin bir edaraň gapysynda bu işiň diňe lisenziýasyny almak üçin 1 ýyllap garaşyp wagt ýitireniňden geliň daşary ýurtda firma açyň. Gaty aňsat. 2 sagadyň içinde açyp berýärler. Bank hasabyňyzam, Wisa we master kartyňyzam derrew açyp bolýa bärde. Dünýe gaty giň indi. Dünýe diňe Türkmenistandan ybarat däl. Näme iş etseňizem Global derejede pikirlenip etmeli. Men şony düşündirjek bolýaryn. Dil öwrenmek indi kyn dälä. Gazanç etjegiňiz görnüp durka gowy edip öwreniň iňlis dilini. We taýýarlajak programmaňyzam, ýasajak mobil oýunyňyzam hat-da ýazyjy adam bolsaňyz ýazjak kitabyňyzam iňlis dilinde ýazyp bilersiňiz. Soň tölegli edip goýuň bazara(Amazon, App Store, Play Store...). Internet dünýäsinde diňe 6 million adamlar üçin däl-de 6 milliard adamlar üçin önüm-haryt-hyzmat satyp bolýar. Göz öňüňize getiriň bir harydyňyz bar we 6 milliard adamyň şol bir wagtyň özünde göni baryp alyp biljegi bazara harydyňyzy goýup bilýäňiz. Bu nähili täsin mümkinçilik. Biz çagakak obada mellegimizde hyýar ekýärdik we hyýarlar ýetişensoň jigim bilen galtakda oba aýlanyp satjak bolýardyk. Bu wagtky mümkinçilikler bilen deňär ýaly däl. Bu wagt bolsa ýasan zadymy tutuş dünýä satyp bilýärin. Şuwagtky döwürde öz ykdysady erkinligimi elime almagyma, köp girdeýji gazanmagyma sebäp bolan zadam Täze dünýäniň tehnologiýa mümkinçiligi. Bu pursaty elden bermäliň. Özem tehnologiýa älemi gaty adalatly. Bilegiň güýji bilen gazanyp bolýar. Tanyş gerek däl, garyndaş gerek däl. Geliň öwreneliň tilsimlerini.

Nähili derejelere ýetsegem, näçe köp gazanjymyz bolsada elmydama ruhumyzy sagdyn tutjak öz halkymyza bolan söýgimiz bolsun. Ýurdy söýmegiň diňe howaýy gürrüňden ybarat däldigini akyl taýdan näsag adamlara mesaňa görkezeliň! Soň terezini halk gursun. Kim ýurdy üçin, ýurdunyň abraýy üçin köp zähmet çekipdir ölçesin terezide. Allanyň adyndan ant içýärin Siziňki agyr geler!


87

27

2

2

1

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Violetta [2m]
  Dayanabiliyor oluşuma da kızgınım
 Şugün, 11:37

+0

Peydaly

 Özümiziňki
 Khanture00 [off]
  Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran
 Şugün, 12:15

+0

Saýty ertir.com ýaly ýapdyrmak isleýäňmi?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

VPN hyzmaty


Gaty kop sorapdyrlar oytyan movzuk edip açypsyn vln...dowamy...
Internet resurslar | VPN hyzmaty
Bumblebee (Şugün, 15:06)

Nirede bolduñ?


Сначала пошлёт а потом рвут...dowamy...
Şygryýet | Nirede bolduñ?
Tahallus (Şugün, 15:04)

Halkyň aňy ukuda... Olary oýarmak gerek.


Saýty ertir.com ýaly ýapdyrmak isleýäňmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halkyň aňy ukuda... Olary oýarmak gerek.
Khanture00 (Şugün, 12:15)

Halkyň aňy ukuda... Olary oýarmak gerek.


Peydaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halkyň aňy ukuda... Olary oýarmak gerek.
Violetta (Şugün, 11:37)

Bir sagat mundan őñ...


Bir gűn señ bagtyñy kőp gőrse ykbal, Ony saña asla gowşyrmaz eken. ...dowamy...
Şygryýet | Bir sagat mundan őñ...
Violetta (Şugün, 01:59)

Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)


Manifesto...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýalançylygam oňaran eder... (Tymsalpisint)
Khanture00 (Şugün, 01:53)

maslahatynyz gerek mana maslahat berayin


Menne dagy problema ýogam eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | maslahatynyz gerek mana maslahat berayin
Akoyli (Şugün, 01:45)

VPN hyzmaty


Dogry dusunipsin mlds...dowamy...
Internet resurslar | VPN hyzmaty
Диамонд (Şugün, 00:47)

Şaý-sep / hekaýa


Okadygymça hekaýanyň içine siňip gidenimi duýman galdym. Hekaýadaky gahrymanlaryň hereketlerem, gürleýiş äheňleninem edil boluşy ýaly beýan edili...dowamy...
Hekaýalar | Şaý-sep / hekaýa
Gulmahrem (Düýn, 23:50)

Sygmaryn...(


Gowy goşgy...dowamy...
Umumy | Sygmaryn...(
Gulmahrem (Düýn, 15:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика