“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
ELa : Every mystery has an answer#banditka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kerim Hally: «Kaka, uly bolmak aňsat däl eken»
 Gerekli
 Aypipijik [off]
 09.02.2024 / 11:26
 Жизнь шутит а мне не смешно

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.



KAKAÑ BAŞYÑ SYPAMASA

Ýeñsänden ýel kakyp geçer,

Kakañ başyñ sypamasa .

Ýöräp barýan ýollañ öçer,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Durmuş saýlar öz merdini,

Başa täç etmez her kimi.

Iller götermez derdiñi,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Gûnem gizlär ýagtysyny,

Hiç kim bermez artygyny,

Ykbal çalar şarpygyny,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Ýitirip baýlyk sarpasyn,

Ah, seni kimler ýalkasyn?!

Özüñ-özüñe arkasyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Çözüşmez hiç kim ýumagyñ

Ýamanlar bolmaz ýamagyñ,

Dolup durar aç damagyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.



ISLEG

Aň goýalyp, pana akyl ýetirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Ojagma biminnet çörek getirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Höwes edýän halal gadam urşuna,

Zähmetden gollary dönen gurşuna,

Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Sylagy essedir hormat goýana,

Ejize el berer (gurpa daýana),

Galamymy çalşyp çopan taýaga,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Müdimilik çöle çykmalam bolsam,

Sowatsyzlyk ýükün çekmelem bolsam,

Ýigrimiden kyrka bökmelem bolsam,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,

Beýik arzuwlarmy gysyp, gysyma,

Ýagşy ynsanlygyñ hatyrasyna,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.


122

16

3

8

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 xuliganka [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 09.02.2024 / 13:23

+2

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.
ajayyp goshgy

 Özümiziňki
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
 09.02.2024 / 13:27

+0

Şeyle gowy goryanda şu şahyry

 Täzeje
 baanu [off]
  Aglamadym diysem gowudur öýütýäler
 09.02.2024 / 13:45

+0

Gowy goshgy eken tuweleme

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dogry düşün!


Gowy zat diýmek isläpsiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Ahmal (Şugün, 13:06)

Dogry düşün!


Gyz ozuni yeterlik derejede goramagy, erkliligi basarsa haysy niyeti bozuk oglan golayyna gelip biler? Ya-da oglan niyetini duzuw tutsa haysy nam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Belki (Şugün, 11:35)

Dogry düşün!


Hazirki dowurde duygy, pikir, dusunje yaly zatlaryn ahlisi ayak asty boljak derejede ownady. Hazir dine materiya gyzykly. Ahlak,namys, mertebe bu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Belki (Şugün, 11:31)

Geler


Gaty gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Geler
erkin1997 (Şugün, 11:14)

Dogry düşün!


Inda gyzam oz abraýyna özi seredenok gaýta 2-3 oglan bilen birbada gepleşip ýörler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Minigim (Şugün, 05:41)

Человек без прошлого film barada


Alssgeýmer?!...dowamy...

Tebip rowaýat


Ýeri ýylan zäherini gudamyzyň tüýküliginden alsak, galanyny nirden tapjak?! Gyzykly tymsal....dowamy...
Erkin mowzuklar | Tebip rowaýat
IDEALLIDER2 (Düýn, 15:31)

1nji fewral täleýnama


Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary, Haýrana galdyrýar akly düzleri. Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma, Çünki sergezdandyr olaň özleri. Omar Haýýam....dowamy...
Erkin mowzuklar | 1nji fewral täleýnama
Jennet_guli (Düýn, 12:05)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5


57. Almaň şänikleri zäherli hasaplanylýar. Sebäbi almaň şäniginiň düzüminde sinil kislotasy bar. Şri Dewiniň baş roly oýnan "Eje" atly kinosyny...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5


56. Käte biz düýşümizde nätänyş adamlary görýärs, hem ol adamy biziň aň-düşünjämiz ýasandyr ýada başga sebäpleri bardyr öýdýäs. Emma bu beýledäl....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->