“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Sevene can feda!Sevmeyene elveda!(Dream)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Tankyt
 Gerekli
 Aypipijik [off]
 11.02.2024 / 13:01
 Жизнь шутит а мне не смешно

Mesgeni näbelli Eýranmy,Türkmi,
Är-aýal ýaşanmyş howlusy görkli.

Aýal her gün,penjireden bakýarmyş,
Goñşyñ howlusyna ünsün çekýärmiş.

Ärine seredip,başlarmyş gepe:
-Seret goñşularyñ, howlusy hapa.

Ýogsa günde tämizleýär aýaly,
Onuñ iş edişi çalarak ýaly...
Diýip goñşularny tankytlarmyşyn,
Äri gepe biparh,Okaýarmyşyn.
Ertir irden ýene penjirä garap,

Himýaly boýalan saçyny darap.
Tankytly gürrüñe başlanmyş ýene:

-Günüñe ýanaýyn muny görsene.
Howly ýene hapa,zenan işleýär,
Ýöne nämeüçindir kiri süýşmeýär.
Belki süwsesiniñ hili pesräkdir,

Ýa-da musur alýan pili poslapdyr...
Diýip ol gepine nokat goýanmyş,
Äri gepe biparh, gazet söýenmiş.

Ynha ýene bir gün tankytçy zenan,
Endik bilen baryp ýan:na penjiräñ.
Seretse daşary juda täsinmiş,
Goñşulañ howlusy biçak tämizmiş.
Diýýärmiş ýanyna çagyryp ärin:
-Ahyr tapypdyrow ýuwmagyñ tärin.
Seretsene oña diýseñ arassa.
Äri ýylgyranmyş agrasdan, assa.
Hemem gürlänmişin agramly,şowly:
-Aslynda hemişe arassa howly.
Ýöne bu gün irräk açdym-da gözi,
Gowja edip ýuwdum penjirämizi...
Garaz bu myş-myşyñ ýorgudyn ýorsak,T
ankytda halalja bolmaly gursak.
Ilki arassalap öz öýüñ tamyn,
Soñ ýuwup bilersiñ ýüz öýüñ tamyn


333

21

6

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Seyidovfilm [off]
 11.02.2024 / 13:03

+0

Awtory kim bu gosgyn


Gerekli
Aypipijik  (11.02.2024 / 13:04) 

Seyidovfilm, Kerim hally

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 11.02.2024 / 13:06

+2

iliň aýbyny tapyp gürleýänçäňiz, ilki özüňizi oňaryň diýipdir awtor

 Özümiziňki
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
 11.02.2024 / 19:53

+0

Öñem okapdym men şu goşgyny bir yerde. Gowy goşgy like!💙

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 13.02.2024 / 12:04

+0

Dogry ilki ozuňizi oñarmaly

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 13.02.2024 / 12:06

+0

Owadan goşgy

 Täzeje
 Id_327 [off]
 13.02.2024 / 12:08

+0

Ökdeýt şu oglan göçürmäne :D


Premium
rexha  (13.02.2024 / 12:34) 

Id_327, gyza ol


Täzeje
Id_327  (13.02.2024 / 14:28) 

rexha, Men mowzugy açana aýtmadym goşgyň awtoryna aýtdym. Siziň "beýik şahyr, gowy ýazýa, ajaýyp şahyr diýýän şahyryňyz" Kerim Hallyňyz ogry! Goşgylary göçürme, ogurlyk, täsirlenme. Aý garaz


Premium
rexha  (13.02.2024 / 16:07) 

Id_327, Dushundim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (Şugün, 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (Düýn, 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (Düýn, 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Düýn, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Düýn, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Düýn, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Düýn, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Düýn, 09:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->