Ýürekdeş sözler!
Başymy sypalap elleň bilen
rexha [off]
12.02.2024 / 09:13
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň.
Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.
Güldür atyr sepmekçidiň ýollaryma, yzlaryma,
Goraň muny diýmekçidiň meniň söýjek gyzlaryma.
Ýetmezimi ýuwmakçydyň, ýagşyň ýeri ýuwşy ýaly,
Öz mähriňi bermekçidiň gury çykan sözlerime.
Sen meni ýaman gözlerden gorap saklap bilmediň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklap bilmediň.
Iliň içýän suwy bilen teşneligmi gandyrdyň,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöpläp bilmediň.
Hemmelerden artyk borum islediň sen başky günüm,
Ine, görseň iliňkiden ne artyk, ne kemdir günüm.
Ýöne käte nämüçindir ýa şat bolsam, ýa-da girýan,
Örän, örän, örän tanyş sesiň bilen öýe girýäň.
Ine, durun seň öňüňde sakal-murty gelişiksiz,
Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz.
Bu dünýäniň bir ajaýyp, bir gazaply kanuny bar.
Bolmaly, bolmasyz zatar enä hiç geňeş salmaýar.
Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,
Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem.
Awtory Gurbannazar Ezizow.
145 |
9 |
3 |
4 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
12.02.2024 / 09:14
+0
minnetdar ýetireniňe Gülzada
афганка (12.02.2024 / 09:19)
BAY-HAN, :)
rexha [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
12.02.2024 / 13:24
+1
Thanks hemmä
Sohbet_Dowletow (13.02.2024 / 22:35)
rexha, Şahsy hatda ýazar ýaly edäý
афганка (13.02.2024 / 22:37)
Sohbet_Dowletow, gel yaz
Soňky teswirler
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Meni tanayan barmy? Meselem 2019dan 2023e çenli saýtlara girýädim. Indi meni hiçkim tanamaýar...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
yuhhyjy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Marala06aaaa (05.05.2026 / 17:37)
Marala06aaaa (05.05.2026 / 17:37)
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Men gitsem ýatlajak köfdir. 5ýyl geçsede adymy unutmoýanla bargy...dowamy...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar... Hiç kim!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...
Maleficent (04.05.2026 / 22:45)
Maleficent (04.05.2026 / 22:45)