Ýürekdeş sözler!
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler...
yurekdes [off]
09.01.2024 / 23:31
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.
Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.
Meger, şu bolmaly wysalyň solup,
Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri.
Ne-hä şatlyk galdy,
Ne-de gam galdy,
Günler kalendar deý tüketdi meni.
Içimdäki badyhowa oglanjyk
Öwrüldi birmahal gam basan garra.
Täleý meni oglanlykdan oýardy,
Pursatlar duşumdan geçdiler parran.
Goşgyma siňdirdim ähli gussamy,
Şoldy meň aramym, derdime därim.
Şygrym — Alla bolan mynajat däldi
(Hiç kimden hiç zada hantama däl men).
Düşünmäň şygryma ejizlik diýip,
Bahar ýagşy deýin
Ýagyp, diňdim men.
Şatlygy, gussasy — baryna şükür!
Ujypsyz ömrüme ökünmedim men.
* * *
Dogduk mekan maňa kän zat öwretdi,
Aňşyrdym agramyn wepaly ýelleň.
Ýyllar geçip, ele ilen surat deý
Men bu gün özüme dolanyp geldim.
Ile çykyp,
illidigmi aňşyrdym,
Ýol kän eken, bildim ýola düşemde.
Adamlary görüp, arkaly boldum,
Ömrüme öwüşgin çaýyldy,
Şonda
göz ýetirdim:
çaňy çykmaz ýekäniň,
Derman tapylmaýar derdiň aýtmasaň.
...Nähili bagt eken
söýseň durmuşy
Hem özüňe ýalňyzdyryn öýtmeseň.
✏Aşyr HANOW
112 |
6 |
2 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
10.01.2024 / 02:50
+0
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.
:( :(
Soňky teswirler
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.
😕 ozi nace adam bar bu yerde dusunmedim gelini kim tutya gyza kim degya...dowamy...
Bagana telpekli adam
McM agza diýsene gülüp başlanymdanam heňi şoňka meňzeş diýipdimemle. Beter ussat degişgenaý şu agam jany sag gorjegi gowy bolaýsyn Allajan...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...