Ýürekdeş sözler!
GÖZÝAŞLARYM SÜMSÜLEDIR ÖMRÜŇE
yurekdes [off]
09.01.2024 / 23:33
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
Seniň sümsüläňe seredip siňe,
Irkilen bagtymyz pikire batdy.
...Geýen zatlaň görkdi görküň üstüne,
Ýaglyk daňyşyňam duran sungatdy.
Keýik owlagy deý gyz gopuşyňdan
Düldürän mejnundym, ýanýardym çeper.
Syrly gülümsiräp, göz gypyşyňdan
Dogumly aklyma ýetipdi zeper.
Gyz başyňa ýaraşardy gök ýaglyk,
Aýna bakyp düzedişiň eserdi.
Toýlarda säw tapyp, gyzlardan galyp,
Golaý gelip pyşyrdardyň heserli.
"Saňa gerek dälmi ýaşajyk gelin...?!" -
ýarymoýun, ýarymkine gürlärdiň.
Ýaglygyňy öýmä öwresiň gelip,
Şaý-sepleriň şyňňyrdysyn küýsärdiň.
Sen arzuw ederdiň azan aýdylsa,
Soň aglardyň başyň goýup egnime.
...Gözýaşlarmy dakyp gaýtdym gaýdamda,
Olar indi sümsüledir ömrüňe.
Seýitmyrat Geldiýew
113 |
6 |
1 |
2 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
10.01.2024 / 00:12
+0
Sen arzuw ederdiň azan aýdylsa,
Soň aglardyň başyň goýup egnime.
...Gözýaşlarmy dakyp gaýtdym gaýdamda,
Olar indi sümsüledir ömrüňe.
Agym geli su bendine
TäzejeLirika (10.01.2024 / 00:40)
Dreamfull, Ay bul sahyryñ gosgularyna soz yok
афганка (10.01.2024 / 02:49) Dreamfull, goshulypbatyn:(
Dreamfull (10.01.2024 / 05:59)
Lirika, Manada seydp gosgy duzeen bolmodyda
TäzejeLirika (10.01.2024 / 12:39)
Dreamfull, siz in gowy gosgulara mynasyp...
Dreamfull (10.01.2024 / 13:13)
Lirika, Duzup berjekmi)
TäzejeLirika (10.01.2024 / 15:15)
Dreamfull, ay yuregime girip bilseñiz...:wink:
Dreamfull (10.01.2024 / 15:28)
Lirika, Ondo mohumdal jenap: ),men eyyam birnin yureginde.
Soňky teswirler
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.
😕 ozi nace adam bar bu yerde dusunmedim gelini kim tutya gyza kim degya...dowamy...
Bagana telpekli adam
McM agza diýsene gülüp başlanymdanam heňi şoňka meňzeş diýipdimemle. Beter ussat degişgenaý şu agam jany sag gorjegi gowy bolaýsyn Allajan...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...