Ýürekdeş sözler!
Ýaryşyň dowamy
TäzejeId_327 [off]
13.02.2024 / 20:15
Salam eziz saýtdaşlar!
@Perman agzanyñ başyny başlamagynda dowam edýän ýaryşymyzyň 2-nji tapgyryna başlaýarys.
Ýaryşyň başdaky şerti boýunça 1-nji tapgyrda 1-nji oruny eýelän ýaryşa gatnaşyjy agza ýaryşyň 2-nji tapgyryny özi gurnamalydy. Men hem şol şert boýunça ýaryşymyzy dowam etdirýärin.
Ýaryşymyzyň 2-nji tapgyrynyň şertleri şeýleräk: @Unknown we @Diamante_08 agzalarymyz bu tapgyrda özleriniň zehinlerini çeper döredijilikde synap görerler.
"Her kimem ömründe hiç bolmasa birje sapar goşgy ýazyp görýän bolsa gerek?!"
Ine biziňem şu tapgyrymyzyň şerti goşgy düzmek bolar. @Diamante_08 we @Unknown siz erkin temadan 2 bent goşgy düzersiňiz.
Ýöne sizden iň wajyp hemem uly haýyşym goşgyny özüňiz düzüň! Taýýar goşgyny göçürip ýaryşymyzyň adalatly dowam etmegine şek ýetirmäň!
Ýaryşyň eminleri bolsa islen agzalardyr. Ýagny @Unknown we @Diamante_08 agzalar, sizler ýaryş üçin düzen goşgylaryňyzy bir mowzuk edip açarsyňyz. "Ýaryş üçin düzen goşgym" diýen at bilen. Soňra saýtymyzyň agzalary sizler hem ýaryşa gatnaşýan @Diamante_08, @Unknown agzalarymyzyň şol mowzuklaryna "LIKE" basyp goldap bilersiňiz! Edebiýat ugryndan gyzyklanýan, şol ugurdan zähmet çekýän agzalarymyz saýtymyzda bar bolsalar olar hem bu agzalaryň düzen goşgularyna öz tankytlaryňyzy we bellikleriňizi berip bilersiňiz. Ýöne tankyt medeniýetli we göwne degilmezden ýerine ýetirilsin.
Ýaryşymyzyň şertleri düşnükli bolsa hany onda @Diamante_08 we @Unknown size üstünlik arzuw edýärin. Agzalarymyzdan hem ýaryşy goldap çykyş etmeklerini haýyş edýäris.
Ýaryş ertir sagat 20:00-da jemlener.
153 |
16 |
1 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
halmyradov [off]
Durmush doly yenil kelleden#
13.02.2024 / 21:09
+0
Hany onno udaci size sahyrlar :D
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
