Ýürekdeş sözler!
Durasyñ geler
imissyou [off]
14.02.2024 / 19:06
Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
Durasyn geler
Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyñ hyzmatynda durasyñ geler.
Edepli, ekranly, mylaýymzada,
Tä ölinçäñ bile ýöresiñ geler.
Gözel bardyr, uzyn boýly,alkymy-
Garañky gijede düşer ýalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Ýañagyndan posa alasyñ geler.
Gözel bardyr, günde-günde göresiñ geler,
Şol gözeliñ syýa zülpün örmeli,
Döküp, hazynanyñ zerin bermeli,
Anyñ söwdasynda bolasyñ geler.
Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz, yuwmaz, tabagyny, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene yaşyny,
Anyñ hyzmatyndan gaçasyñ geler.
Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle gözel mert ýigidiñ geregi,
Ne hajat istese, beresiñ geler.
Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,
Yamanyñ yanyndan gaçasyn geler.
Magtymguly Pyragy
188 |
9 |
4 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
15.02.2024 / 16:10
+0
shu goshgyny halayanda vara
TäzejeAbdylla26 [off]
15.02.2024 / 23:49
+0
Magtymguly yaly agirtler dunya yeke sapar gelyar. Gelse-de, garañky gijede yolundan azashan adamyñ ugruny saygarmaga bir pursat yalkym sacyan yyldyryma meñzeyar. Sheydibem ugur yitiren adamy dogry yola gonukdiryar
Soňky teswirler
Oratdy şahyr / hekaýa
Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Oratdy şahyr / hekaýa
Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.
Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...
Durmuşum.
Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Durmuşum.
Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...