Ýürekdeş sözler!
Öwünjeň däl men)
yurekdes [off]
10.01.2024 / 00:48
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
Munkyň çeken suratyndan elhenç men,
Niliň joşan akymy deý bulanyk,
Bir ýagşynyň dünýesinde ýigrenç men
Ýigrenc gözler synlar meni guwanyp.
Açyş men- ýigrimi ikinji asyrdan
Pazyrygyň halysyndan köne men
Gözlemeli bor- bäşinji pasyldan
Ker eşider görünerin köre men
Çaplini-de hereketsiz güldirip
Wang:a palçy boljakdygyny aýdan-men
"Öli" deňzi bir ýumrukda öldirip
"Ortaýeriň" ortasyndan gaýdan men
Syrlydyryn. (Piramidaň nusgasy)
Öňde- soňda diňlenmedik heñinden.
Gepiñ tümmek ýeri, gepiň gysgasy
Ne seniň meñzeşiñ, ne-de deňiñ däl
Meni mydam duýgulardan tapyň siz
Ýaşan döwrüm, iň gymmatly ömirjik
Ynan diýmen, öziňize bakyň siz!
Men bir welin, öwüneýin şu günjik.
Avtor:Ylham Gurbanalyyew
107 |
7 |
2 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
10.01.2024 / 02:29
+0
Öwünjeñ däl dıyivem övinip hezil etdi:D
Soňky teswirler
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Hudaýsyzlar 2- nji bölümi.
😕 ozi nace adam bar bu yerde dusunmedim gelini kim tutya gyza kim degya...dowamy...
Bagana telpekli adam
McM agza diýsene gülüp başlanymdanam heňi şoňka meňzeş diýipdimemle. Beter ussat degişgenaý şu agam jany sag gorjegi gowy bolaýsyn Allajan...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...