Belki [off]17.02.2024 / 07:12
"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
Gadyrly ýürekdeşler.
Ýaryşy gynansamam, wagtynda jemläp bilmedim. Oñam sebäbi 3-nji emin agzamyz ýarawsyzlyk tapynypdyr. Şeýle bolansoñ, wagty hasam gijikdirmezlik maksady bilen 3-nji emin agzanyñ ýerine özüm utuk berdim. Utuklaryñ berlişi we emin agzalaryñ teswirleri bilen "Emin agzalaryñ netijesi" mowzugymda giñişleýin tanşyp bilersiñiz. Närazy bolmarsyñyz diýip umyt edýän. Ýeñijileri yglan etmezden owal şulary belläýin:
1. 2 sany emin agza ýaryşa hödürlenen aforizmleri hödürnama mowzugynda bolşy ýaly gördüler. Ýagny haýsy agzanyñ haýsy aforizmi ýazanlygyndan olaryñ habary ýok.
2. Emin agzalarymyz biri-birinden bihabar görnüşde gatnaşyjylara baha berdiler.
3. 2 emin agzanyñam beren bahasyna meniñ hiç hili täsirim bolmady.
Ýaryş juda çekeleşikli geçdi. Muny alnan ballaryñ biri-birine ýakynlygam subut edýär.
Şeýlelikde bäsleşigimizde baýrakly orunlarymyza şu agzalar mynasyp boldy:
@Perhat Sabirov - 12 ball bilen 1-nji orun.
Baýragy 20 m.
@Peri - 11 ball bilen 2-nji orun.
Baýragy 10 m.
@Kuryazow - 10 ball bilen 3-nji orun . Baýragy 5 m.
Ýeñijileri ýeñşi bilen gutlaýas. Höwri köp bolsun. @Bulvar agzanyñ şahsyna telefon belgiñizi we baýragyñyzyñ mukdaryny ýazsañyz, baýragyñyz eliñize gowuşjakdyr.
Agzalar, ähliñize gurnan ýaryşyma işjeñ gatnaşanyñyz üçin sag bolsun aýdýaryn.Ýaryşa sponsorlyk eden @Tiko agza-da, agzalaryñ ses bermegi üçin mowzugy "vipde" saklan @Admine-de köp-köp minnetdarlyk bildirýärin. Sözümi şu halaýan aforizmim bilen jemläsim gelýär:
Esasy zat gazanmak däl, gatnaşmakdyr!
289 |
20 |
6 |
2 |
1 |
0 |
1 |
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
17.02.2024 / 09:13
+0
@Peri agza mendim, 2020 de bir oýlanma ýazypdym. Sözümi üýtgetmek isledim emma bolanokdy, bagyşlarsyňyzda
Belki (17.02.2024 / 09:17) Arzuw, saña gelişmedi bu.Indi bäsleşigiñ adalatly bolmagy üçin mowzuk açyp agzalardan pikrini alalyñ.
Arzuw (17.02.2024 / 09:19)
Belki, :sorry: Tiko agzaň özünede aýtdym, zyýany ýok diýdi, şonnada özüňiz bilersiňiz
Belki (17.02.2024 / 09:50) Arzuw, Tiko sponsor ol hiç hili jogapkärçilik almaýar. Emma men gurnaýjy. Adalatsyzlyga men jogap berýän. Häzir seniñ birinjiñi hasap etsek, ikinji nikiñdäkini hasap etmesek beýleki agzalara 3-nji orun almak üçin mümkinçilik döreýär. Gugapro we Şyhnazar ikisi üçünji orna geçýär. Häzir señ düzgün bozmaña göz ýumsak olaryñ hakyny iýdigimiz bolmazmy?
Arzuw (17.02.2024 / 10:22)
Belki, pul üçinä gatnaşmadym özümi barlamak isledim, isläniňizi edip bilýäňiz
Belki (17.02.2024 / 10:26) Arzuw, hazir agzalar name diyyarler narazycylyk bildirmeseler mesele yok
Crazy-boy [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
17.02.2024 / 09:44
+0
off :sorry: men aytdyma her yarysda utulyanouuu 2njini kabul eday dpdim :plak:
Crazy-boy [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
17.02.2024 / 09:45
+0
hany byram PerhatSabirovv agzanynkyny kabul etmandiniza kasgaram haramzada yalancxy inni beyle yarys gurnama gadyryny bilemok cxornyy spiska salyan inni
Belki (17.02.2024 / 09:53) Crazy-boy, Eren boýuñdan uly sözlemler düzmäý-dä ))
Perhat Sabirov ol sözüñ özüme degişlidigini aýdýar. Birnäçe deliller getirýär. Menem ynandym.Soñ kabul etdim. Onam şol teswirde aýdypdym.
TäzejeId_327 (17.02.2024 / 09:55)
Crazy-boy, :D heýt ýuwaş boleýt gohuň boýuňdan uzyn
Crazy-boy (17.02.2024 / 09:56)
Belki, onkyna diyenni edipsinz menin diyenmi etdinizmi?, bilyadimemlayouuu yene nesibesz gunumdigini men hemisxe utulyanow
Perhatsabirovv (17.02.2024 / 11:15)
Crazy-boy, Men hakyky bolan zady aýtdym näme ynanmazçylyk etjek bolýaňmy?
Perhatsabirovv [off]
Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
17.02.2024 / 11:14
+1
Ýaryşy gurnan @Belki agzamyza, sponsor @Tiko agzamyza we emin agzalaryna çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Işiňizde we saýtda diňe üstünlik. Baýrak geçdi halal eken
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
17.02.2024 / 12:24
+1
"Oslamadygyňdan osluk çykar" bolupdyr-da.
Belki (17.02.2024 / 12:50) BAY-HAN, haýsysyndan oslamadyñ )
BAY-HAN (17.02.2024 / 12:53)
Belki, Arzuw nikli gyzdan
Arzuw (17.02.2024 / 12:58)
BAY-HAN, meň özüm aýtdym şodygymy kim bilip dur aýtmamda, gürle diýseň senem :hm:
BAY-HAN (17.02.2024 / 13:00)
Arzuw, aýtmaňda-da bilerdim, bilmek niýetimde bolsa Arzuwgözel :(
Arzuw (17.02.2024 / 13:01)
BAY-HAN, 👍
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
