TäzejeViolinisT [off]
05.01.2024 / 18:05
Hiç garaşmadygyň bir günde, üstünden seneler geçirip garaşan bir habaryň geler:"Täzeden başlalymy?.."
Araňyzdaky boşluklary onsuz geçiren günleriň doldurýarka, garaşan habaryň geleninde hem indi seni täsirlendirmejegine ynanyp gün geçirýärkäň gelen bu habar ýüzüňde ýylgyryş,ýüregiňde ýylylyk döreder. Soňra oýlanarsyň, pikirleriň akylyň we ýüregiň arasynda belli bir karara getirmez. Akylyň bu habaryň ýalňyşdygyny,habary ýazanyň ýalňyş adamdygyny, ýalňyş adama ýazylandygyny, ýazgynyň ýalňyşdygyny aýdar, sebäbi gelip ýüzbe ýüz gürleşmek barka, her bir ýazylan habar ýalňyşlykdyr diýer. Akylyň oňa mümkinçilik bermezligi, sen ýaşan günleri, sen ýörän agyr,garaňky ýollary onuňam görmelidigini aýtsa, ýüregiň aklyň tonuna bütinleý ters sazy hiňlener. Sen öňem ýüregiňi diňläniň we kän ejir çekeniň üçin,aklyňa gulak asmalydygy barada karara gelersiň we ýüregiň her urgusy onuň ady bilen urýarka teklibini kabul etmekden ýüz öwürersiň we gün geçip ol seniň ýaşan günleriňi ýaşaýanyny, seniň ýörän agyr,kynçylykly,garaňky ýollaryňdan ýoreýänini bileniň üçin senem ol ýollardan täzeden ýöräp başlarsyň, kynçylyklary täzeden çekersiň, sebäbi onuň gynalmagyna sen sebäpçidigiň ruhyňy gynar.Gören kynçylyklaryňy onuňam görmegine dözmeýänligiň bir zada göz ýetirmegiňe elter:Aslynda şunça sene unutdym diýip ynanyp ýören ýalanlaň özüňi aldamakdan başga zat däl. Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar."Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"
Abat Aşyrgeldiýewa
271 |
20 |
6 |
4 |
1 |
0 |
3 |
Perman [off]
05.01.2024 / 18:11
+3
Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar. :thumbsup:
halmyradov [off]
Durmush doly yenil kelleden#
08.01.2024 / 16:00
+1
Awtor meň durmusymdan alp yazypdyr😏
HAKYKAT [off]
Ustunluge tarap ynamly adim bilen Oñe !
13.01.2024 / 00:47
+1
Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"
👏👍
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
18.01.2024 / 21:18
+1
ýa-da meň nämämi söýdükä dp sorag berýäň özüňe sebäbi ol seň gözüňde gaty gelişikli bagtly duýýaň özüňi şolar ýaly söýülýäniň üçin bagt guşy gonan ýaly emma hemme zat başdakysy ýaly bolup galaýanokda
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
18.01.2024 / 21:20
+1
özüňi durmuşda utdum dp hasaplaýaň emma habaryň ýok başyňa geljeklerden aslynda sen durmuşdan bir eýýäm utulupdyň...
EpifiZ [off]
"Life Without Reality"
03.02.2024 / 06:29
+0
gelen bu habar ýüzüňde ýylgyryş,ýüregiňde ýylylyk döreder
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
