“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
ertir.zya.me/ Häzirlikçe şu ýere üýşüp bileris, çatsöýerler :)
Ýürekdeş sözler!
Adminka : Кавир адам,кавагт адам#Админка

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Süýt çelegi
 Täzeje
 Aurora [off]
 19.02.2024 / 10:40

Obalaryň birinde ýeke özi ýaşaýan bir garyp aýal bar eken. Onuň şu dünýäde birje goýnundan başga zady ýok eken. Goýnunyň süýdüni sagyp, gazanýan az-küş puluna zordan eklenýän eken. Obadaşlarynyň biri oňa etrap merkezinde süýdüň köpräk pula durýandygyny aýdanda, şol günki süýdüni şol ýerde satmagy ýüregine düwýär. Şeýdip, süýtli çelegi başynyň üstünde goýýar-da, ýola rowana bolýar.

Dürli arzuw-hyýallara çümüp gidiberýär, gidiberýär. «Häzir men etrap merkezine baryp, bir çelek süýdi sataryn-da, gazanan puluma bazardan ýüz sany ýumurtga alaryn. Öýe baramsoň basyrsam, ine, maňa bir ketek jüýje boljak-da! Dogrusy, oturan ýerim-ä jüýje bakar ýaly däl welin, şonda-da tilkiden seresap bolup, eýdip-beýdip jüýjeleri ondan gorap saklaryn. Aňry gitse, bir-iki sanysyny tilkä aldyrdym diýeli. Ýitirýän zadym barmy?! Galanlary maňa ýetip, artygam bolmaýarmy eýsem! Soňra men olaram sataryn-da, ýerine bir goýun edinerin. Bakyp semredenimden soň, onam sataryn. Ondan geljek pula-da bir sygyr alaýsam diýýän. Haý diýmän, sygrymam gölelär welin, gara gözlüje öküzimem bolar… Ana, şonda dünýäde menden bagtly adam bolmaz» diýip, begenjinden ýaňa bökjekläp başlaýar.

Ol barmana daşa büdräp, deňagramlylygyny ýitirýär-de, başyndaky çelegi ýere gaçyryp, çym-pytrak edýär. Elinde ne öküz, ne sygyr, ne goýun, ne-de jüýje galýar… Gara ýere siňen süýdüne, bölek-büçek bolan çelegine – ýeke-täk gazanç çeşmesine gözi ýaşly seredip oturyberýär. Barça baýlygyndan dynansoň, öz obasyna bakan ugraýar.

«Gündiziň günortany düýşürgäp ýörseň, ine, boljagy şudur. Ýadyňdan çykarma! Gazanjagyňa begenjek bolup, eliňde barjasyny gidirmekden seresap bolmaly.»


201

13

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Crazy-boy [off]
  Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
 19.02.2024 / 10:47

+0

wah wahe pahyr hotyaby 1jagazy diyeni bolaymaly ekenda :plak:

 Täzeje
 Jasmin [off]
  Sen soñky duralgam❤🩹
 19.02.2024 / 10:49

+1

:plak:

 Täzeje
 Gaplan [off]
 19.02.2024 / 13:35

+0

Okamadym

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 20.02.2024 / 10:33

+1

Gynanchly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->