“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Relax : Hiç zady unutmazlyk hemme zada düşünmekligi talap edýär.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY (OGUL HEKAÝASY)...
Premium
 rexha [off]
 19.02.2024 / 22:11
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Ýazyldy atalar-eneler hakda..
Kakasyn sylamaz ogullar hakda..
Emma meñ ýazanym hakda ýazan ýok..
Meñki halal ogul wepasy hakda..

Dünýä jägildäpjik inen güninde..
Diñe uruş, söwüş çagañ göreni..
Ogul zürýat hemmä nesip edenok..
Ony begendirmez Allañ bereni..

Kakasy mydama içgili halda..
Mährem käbesini urup gezipdir..
Hatda oglunada şerap içirip..
Kiçijek çagada haram dözüpdir..

Çagalyk geçipdir gussaly halda..
Her gün gorky gurşap alypdyr öýi..
Ýarty gaty çörek barja nahary..
Ol öýüñ bolmandyr şagalañ toýy..

Enesi çydaman ölmek isläpdir..
Ýüp alyp çykypdyr asylmak üçin..
Çaga ýapyşypdyr ses edip aglap..
"Mähribanym ýaşaýsana meñ üçin"..

Ýalbaryp enesin halas edipdir..
Ol dünýäniñ azabyndan odundan..
Beýik Alla ses ýetipdir çaganyñ..
Zarlap, bozlap perýat edýän dadyndan..

Aýlar ýyllar salym bermän geçipdir..
Ene ogly watan borja gidipdir..
Enesine uzak gijeler ýatman..
"Maña garaş"- diýip sargyt edipdir..

Ene garaşypdyr perýat içinde..
Aglapdyr gözýaşyn ile bildirmän..
Hudaý enä şeýle rehm edipdir..
Oglun gaýdyp berip ýolda öldürmän..

Ogly geldi borjun haklap daýanyp..
Enesi hem begenipdir, gülüpdir..
Emma agyr geçen ol iki ýylda..
Saç agaryp güler ýüzi solupdyr..

Kaka ýene öñki käre başlapdyr..
Içip topulypdyr naçar aýala..
Ogly ýakasyndan tutup galdyryp..
Gelipdir bir ýumruk urmak hyýala..

"Atañ it bolsada ýene atañdyr"..
Diýip ene dözmän oglun saklapdyr..
Enesiniñ gözýaşyna gyýylyp..
Ýürek gowşap ene sözün haklapdyr..

Ogly ejesini gujaklap aglap..
"Señ sözüñ kanundyr ejem"- diýipdir..
Atada şol pursat özüne gelip..
Mährem aýalyny jandan söýüpdir..

Gerçek ogul geçip atañ günäsin..
Ene-ata sözün hijem ýykmandyr..
Bu eden ullakan sogaby üçin..
Durmuşam mert ýigde gyýa bakmandyr..

Garrapdyr atasy tapdan düşüpdir..
Ölüm penjesini urupdyr jana..
Ýorganly-düşekli kesel ýatypdyr..
Durmuş-dünýe bir ýan ölüm bir ýana..

Ogul atasynyñ gitmän ýanyndan..
Pullar seçip sagalmagym isläpdir..
Kakamjan toýumda otyrsyn diýip..
Süýji arzuwlary kalpda besläpdir..

Emma ajal pursatyny sypdyrman..
Tenden şirin jany sogrup alypdyr..
Kakasyn gujaklap merdana ogul..
Soñky gezek bagra basyp galypdyr..

IL gün aglap jaýlaşypdyr kakasyn..
Ogly hem üstüne toprak atypdyr..
Şol pursat bir gowşap ata jesedi..
Mazarynda baky rahat ýatypdyr..

Döwran bar ekeni ýalan dünýäde..
Merdana ýigitler gerçek ogullar..
Bilmedim mert dostum Umytjan ýaly..
Haýsy enä hemdem bolup dogular..

Dowran Muhammedow


174

19

3

8

0

0

5
Teswirler:
 Täzeje
 Aydogdyyewa [off]
  Majbur seni tark etdim 💔kecirgin man ketdim
 19.02.2024 / 22:24

+0

Bet gosgu yaltanman okadym

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 19.02.2024 / 22:26

+2

Млдц


Täzeje
 (20.02.2024 / 12:57) 

rexha, 👍👍👍👍👌👏👏👏👏

 Täzeje
 Domen [off]
  Живи без сожелению
 20.02.2024 / 18:57

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
Fantom (Şugün, 19:49)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Şugün, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (Düýn, 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (Düýn, 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->