“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Darkify : Gynanma hemme zat gowy bolar wagtyñ geçmegi bilen

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Ýylyň ilkinji sergisi başlayar
Premium
 xuliganka [off]
 10.01.2024 / 03:51
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Elektron enjamlaryna bagyşlanan dünýäniň ilkinji sergisi 9-njy ýanwarda başlaýar. ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Las-Wegas şäherinde geçiriljek «CES 2024» (Consumer Electronic Show) sergisi 12-nji ýanwara çenli dowam eder. Iri gözden geçirilişe dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan 1200-den gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň gatnaşjakdygy mälim edildi. Sergide diňe elektron enjamlar we programmalar däl, eýsem, «ýaşyl» önümçilige degişli täzelikler hem görkeziler. Olaryň arasynda iýmit we oba hojalyk galyndylaryny çig mal hökmünde gaýtadan peýdalanmaga degişli tehnologiýalar hem bar. Şeýle hem sergide elektrik energiýasy bilen işleýän çaga welosipedi, batyllar üçin sesli buýruklary berýän hasa, dakynylýan elektron enjamlaryň dürli görnüşi, senagata degişli enjamlar we dizaýnlar, logistika pudagyna degişli sanly tehnologiýalar, dronlar, elektron söwda üçin çözgütler, mobil oýunlar, okuw tehnologiýalary we beýleki elektron hem-de awtomatlaşdyrylan çözgütler teklip ediler.
Robotlaşdyrylan tehnologiýalar we emeli aň hem serginiň esasy ugurlarynyň biri bolar.


158

4

0

3

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->