Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öýlerdäki “Wi-Fi” inerneti keseki adamlardan nädip goramaly?
 Täzeje
 Relax [off]
 20.02.2024 / 20:47
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Öýlerdäki “Wi-Fi” inerneti keseki adamlardan nädip goramaly?

Häzirki wagtda internet ulanyjylary günsaýyn artýar we internet köp öýlerde bar diýsek ýalňyşmarys. Ulanyjylaryň köpüsi öýlerindäki interneti “Wi-Fi” routeriň üsti bilen simsiz görnüşde ulanýarlar.Soňky wagtlarda ““Wi-Fi”-ni döwmek, goňşyň internetini ulanmak, goňşyň “Wi-Fi”-niň açarsözüni bilmek, “meniň “Wi-Fi”-mi biri hä ulanýar”” ýaly sözler meşhur bolup başlady.Eýsem, “Wi-Fi” internetimizi keseki adamlardan nädip goramaly? Ýokarda belleýşim ýaly, “Wi-Fi” internet toruny “Wi-Fi” routeri paýlaýar, diýmek, biz, ilkinji nobatda “Wi-Fi” routeriň goragyny üpjün etmelidiris.“Wi-Fi” routeriň goragyny üpjün etmek boýunça esasy maslahatlar:1. “Wi-Fi” toruňyzyň adyny üýtgediň (SSID);

Adatça “Wi-Fi” torunyň adynda “Wi-Fi” routeriň öndüriji kompaniýasynyň ady we onuň modeli durýar. Mysal üçin TP-LINK, D-LINK....Bu bolsa bet niýetli adamlara routeriňiziň modelini anyklamaga aňsatlyk bilen ýol açýar. Şol sebäpden, “Wi-Fi” toruňyzyň adaty adyny başga bir ada üýtgetmek maksada laýyk bolar.
Internete baglanýan “Wi-Fi” toruňyz açarsöz bilen goragly bolmaly, eger “Wi-Fi” toruňyz açarsözsüz bolsa, onda onuň tutýan çägindäki ähli ulanyjylar oňa aňsatlyk bilen baglanyp bilerler. “111111”, “123456” ýaly ýönekeý açarsözleriň goýulmagy maslahat berilmeýär. Açarsöz hem harplardan (şol sanda baş harp), hem sanlardan ybarat bolup, onuň uzynlygy 6 simwoldan uly bolmagy maslahat berilýär.

3. Goragyň görnüşi (Encryption);

“Wi-Fi” tora açarsöz goýlanda, onuň gorag görnüşi hem saýlanylýar. Bu ýerdäki gorag - açarsözi şifrleýär. Şifrlemeleriň her dürli görnüşi bar, olar barada aýratyn internetde okap bilersiňiz. Esasy maksat – açarsözüň açyk bolmazlygy, şifrlenen bolmagy we şifrlemäniň güýçli görnüşi saýlanylmagy.4. “Wi-Fi” routeriňizi ulanmaýan wagtlaryňyz öçürip goýuň;

Öýüňizde uzak wagtlap bolmadyk wagtlaryňyz “Wi-Fi” routeriňizi öçürip goýsaňyz, hiç kim siziň toruňyzdan peýdalanyp bilmez we bu howpsuz bolar.5. “Wi-Fi” routeriňizdäki DHCP serwer tarapyndan diňe özüňize zerur bolan mukdarda IP salgylarynyň paýlanylmagyny üpjün ediň;

“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň içinde DHCP serwer diýen menýusy bar. DHCP – “Wi-Fi” toruna baglanan kompýuter we enjamlara IP salgylaryny paýlaýar (meselem: 192.168.1.110). DHCP serwer diýen menýuda paýlanylýan IP salgylarynyň mukdaryny özüňize görä sazlap bilersiňiz.Meselem, paýlanylýan başlangyç IP salgysy 192.168.1.100, soňky IP salgysy 192.168.1.200 bolsa, DHCP kompýuter we enjamlara 192.168.1.100-192.168.1.200 aralygynda IP salgylaryny paýlar. Netijede 100 sany IP salgysy paýlanar. Şol iki aralykda diňe özüňize zerur bolan mukdarda enjamlar üçin IP salgylarynyň paýlanylmagyny üpjün edip bilersiňiz.Meselem, öýüňizde “Wi-Fi” internet toruna 1 kompýuter we 3 sany telefon baglanýan bolsa, onda başlangyç IP salgysyny 192.168.110, soňky IP salgysyny 192.168.1.113 diýip sazlap bilersiňiz, netijede DHCP size 192.168.1.110, 192.168.1.111, 192.168.1.112 we 192.168.1.113 IP salgylaryny paýlar. Bu usul, diňe özüňize zerur mukdarda IP salgysyny paýlamaga ýardam eder we artykmaç IP salgysyny paýlamaz.Ýokardaky mysaldaky ýaly, öýüňizde 1 kompýuter we 3 sany telefon “Wi-Fi” toruna baglanan bolsa, onda başga biri we başga kompýuter ýa-da enjam siziň toruňyza baglanyp bilmez, sebäbi DHCP serweri eýýäm ýaňky 4 sany IP salgysyny siziň öz enjamlaryňyza paýlar. Eger 4 enjamdan biri baglanan däl bolsa, onda 1 IP salgysy boşaýar we indiki baglanjak enjama paýlanylýar.6. DHCP serwerinde IP salgylary rezerwirlemek;

“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň içinde DHCP serwer diýen menýusynda IP salgylary rezerwirlemek diýen bölümi bar. Ol bölümiň esasy maksady – kompýuter we enjamlara olaryň MAC salgylaryna göra belli bir, hemişelik IP salgysyny paýlamak. Meselem, öýde 3 sany enjam “Wi-Fi” toruna baglanýan bolsa, olaryň ählisiniň MAC salgysyny şu bölüme goşup, şol MAC salgysyna diňe hemişelik belli bir IP salgysynyň paýlanylmagyny üpjün edip bolýar. MAC salgysy – kompýuter we aragatnaşyk enjamlaryň her biriniň ýeke-täk, gaýtalanmaýan, zawod tarapyndan goýlan belgisi. Mysal hökmünde, telefonyň MAC salgysy EC:10:7B:0B:XX:XX bolsa, onda EC:10:7B:0B:XX:XX MAC salgyly telefona hemişe 192.168.1.111 IP salgysynyň paýlanylmagyny üpjün edip bolýar. Munuň amatly tarapy – toruňyza islendik adam baglanyp bilmez, diňe rugsat berlen MAC salgylaryna IP salgylar paýlanar we netijede diňe olar siziň toruňyza baglanyp bilerler.

Ýeri gelende aýtsak, islendik enjamyň ýeke-täk, gaýtalanmaýan MAC salgysy bolup bilýär. Ol salgy hiç bir enjamda gaýtalanmaýar. Şol sebäpli hem “Wi-Fi” toruna baglanmasyny enjamyň MAC usuly bilen filtrläp bileris.

“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynda MAC filtrleme diýen bölümi bar. Bu bölümiň esasy maksady – “Wi-Fi” toruna diňe rugsat berlen MAC salgylarynyň baglanylmagy. Islendik kompýuter ýa-da enjam baglanman, diňe şol bölümde görkezilen MAC salgyly enjamlar baglanyp bilýärler.8. “Wi-Fi” routeriňiziň sazlamalar sahypasynyň administrator ulanyjysynyň adyny we açarsözüni üýtgediň;

“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasynyň ulanyjy ady we açarsözi köplenç “admin/admin” bolýar, muny köp kişi bilýär. Sazlamalar sahypasynyň ulanyjy adyny we açarsözüni üýtgetmek onuň goragyny has hem güýçlendirer.



9. “Wi-Fi” toruňyzy gizlin ediň;

Köp “Wi-Fi” routerlerde paýlanylýan tory gizläp bolýar. Meselem, telefondan “Wi-Fi” torlar gözlenilende şol toruň ady çykmaz ýaly edip bolýar, ol tora baglanmak üçin bolsa, ulanyjynyň ony eli bilen goşmaly bolýar. Bu “Wi-Fi” tory goramagyň iň ygtybarly görnüşi diýsek ýalňyşmarys. “Wi-Fi” toruň hiç bir telefonda görünmezligi üçin, sazlamalar sahypasyndaky “Broadcast network” diýen ýazgynyň gapdalyndaky belligi aýyrmaly.

10. “Wi-Fi” routeriňiziň programma üpjünçiligini täzeläp duruň.Bu bölüm esasan hem kompýuter hünärmenlerine degişli. Her bir routeriň programma üpjünçiligi bolýar, gaty wajyp bolmasa-da, olary kämahal täzeläp durmak maslahat berilýär. Routeriň programma üpjünçiligi diňe ynamdar çeşmelerden alynmaly, bu maslahat kompýuter hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilse maksada laýyk bolar.Bellik:

“Wi-Fi” routerleriň sazlamalar sahypasyna girmek üçin öndüriji kompaniýasy tarapyndan ulanyjy ady we açarsözi adatça “admin/admin” goýulýar, baglanylýan sahypasyna bolsa “192.168.1.1” (192.168.0.1) IP salgysy berilýär. Bular barada maglumaty goşmaça, routeriň ýanynda çykýan ulanyş düzgüni kitapçasynda-da tapyp bolar.


152

18

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Perman [off]
  Yes-No
 21.02.2024 / 09:04

+0

Peýdaly makala ýazypsyñ mazzaly, like+

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  "Sen benim yoldaşım, mutluluğum, huzurumsun..."
 24.02.2024 / 11:14

+0

MAC diýen ýerini tapmadym ýa-da düşünmedim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Programmanyn yatda saklanan gornusi seyle yazgy bilen yazylandyr!!! cc.ilkinji programmanyn yazylsy.c yada saklanyslydyr su!!...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:15)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Programmanyn yazylys gornusi...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:13)

At yazmak


gyzlardan Hayat ady ohlanam Begenc ady owadan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
gul (Şugün, 09:35)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Hemem Ýarhan Bally kim ýa edebi tahallusyñmy ?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:40)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


Goşga gowy a:t gerek. Ýogsa oña seredä "men ýaly gowy goşgada a:t goýañyzok " diýip öýkeläp oturşyny....dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:38)

Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam


On alty ýaşynda şular ýaly goşgular ýazyp bilýän awtora "Berekella" diýmeli. Biraz edebiýatdan çetleşýän deý . Ony döredijilige ugrukdyryp bilsek...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şygyrsyraýansumagameňzeýänşekillisiremeklige dowam
Gerceknazar (Şugün, 08:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика