Ýürekdeş sözler!
Ejejan, Sen hakda ýazasym geldi...♥♥
xuliganka [off]10.01.2024 / 05:17
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Her adamda iki sany ganat bolýar: biri Eje, beýleki Kaka. Biz şol ganatlar bar wagty al-asmana uçup bilýäris. Ýöne, bir ganat bilen uçmak kyn düşýar... Has agyram eger sen pyýada ýöreýän bolsañ. Ene-atañyz gadyryny biliñ. Diñe olar sizi asmana uçurjak ynsanlardyr...
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,
Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.
Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»
Entek garramaga Saňa ir dälmi?!
Ogul-gyzyn adam edip ulaldan,
Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan,
Emma meniň üçin, perzendiň üçin
Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan!
Bergili men Saňa, bergili baky,
Şol bergi dur ömürbaky boýnumda,
Bu barada pikir etmän ozallar,
Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda.
Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe,
Synlap Seniň gyraw basan başyňy,
Öz içimden Saňa sorag berýärin:
«Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!»
Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden,
Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»
A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:
«Bermesin ol Saňa beýle jezany!»
Her gün ertir Taňrymdan dileýşim meniň- Kakam bilen uzak yasha Ejemjan!!!
120 |
8 |
3 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
10.01.2024 / 11:20
+0
«Bu tebigatyň kanuny!»
A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:
«Bermesin ol Saňa beýle jezany!»
афганка (10.01.2024 / 11:39) Dreamfull, :(
yurekdes [off]
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
10.01.2024 / 11:23
+0
Eje hem kakany ganada denemek:thumbsup:
афганка (10.01.2024 / 11:39) yurekdes, +
King-official [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
08.02.2024 / 09:53
+0
like :thumbsup:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...