Ýürekdeş sözler!
Eje sensiz maňa ýetim diýýärler.
Admin [off]05.01.2024 / 18:15
Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!
Eje...sensiz maňa ýetim diýýärler,
Gülýärler görkezip gedemligini,
Men aýtýan gaýtalap seniň asmana,
Kakamy almana gidenligiňi.
Aýdýan ynha bir gün kakamjan bilen,
Gelip meni bagra basjagyňyzy,
Daýzamlardan meni öýe äkidip,
Bile gujaklaşyp ýatjakdygymyzy.
Eje sensiz maňa ýetim diýýäler,
Gülýäler dostlarym deňi duşlarym,
Bagyşla käbämjan aglama diýdiň,
Emma saklap bilmän gözde ýaşlarym.
Birazajyk agladym men jan ejem,
Agladym ýüregimi ýeňletmek üçin.
Ynan käbäm bu gözýaşlar çykmady,
Ynanmaýanlary diňletmek üçin.
Ynha sen gelersiň kakamjan bilen,
Men bolsa subut ederin,
Hemme deň-duşlarmyň içini ýakyp,
Siziň bilen aýlanmaga giderin.
Garaşaryn garaşaryn şol güne,
Aglatsada meň üstümden gülýänler,
Ýöne sizem dolanaýyň tizräk,
Ýogsam sizsiz maňa ýetim diýýäler.
236 |
10 |
5 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
06.01.2024 / 00:14
+0
Birinji bent gaty gowy:(
Arzuw [off]
Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
18.01.2024 / 21:14
+0
hiçkim ejesiz kakasyz galmasyn
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
Sen diňe umyt et uýam, umyt et!
Ýüzi ýapyk, elleri gabarçak bolsa-da, köçe süpürýän şol gyzyň süpürgesi — dünýäniň ähli nadanlygyny we hapa pikirlerini arassalamaga synanyşýan m...dowamy...
