Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Men bir erkek adamy soydum!-Sen name dimekci bolyan?!-Sen hemise sol erkekligine galmalysyn!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Doga
 Täzeje
 Relax [off]
 27.02.2024 / 16:00
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Maýsa / hekaýa



Maýsa ýokary okuw jaýyny tamamlap işe başlapdy. Ol entek ýaşdy, bary-ýogy 22 ýaşyndady. Maýsaň işe giren ýerinde diňe ýaş oglanlar işleýärdi. Ýaş, ýöne ählisi bir eýýäm öýlenendi. Ol ýerde soňky 20 ýyl bäri ýekejede aýal maşgala görünmändi. Oglanlaryň ünsiniň barsy diňe Maýsaňkydy, dogrusy oglanlar hem öz aralarynda gyzyň peýda bolmagyna begendiler. Maýsa daş töweregindäki oglanlar barada bolmalsyndan köp bilesi geldi we palçy diýilýän adama ýüz tutdy. Öz iş ýerindäki ähli oglanlar barada sorap çykdy, elbetde beýle hyzmatlar mugut däldi, beýle wajyp soragda Maýsa hem gysgançlyk etjek däldi. Şeýle ýoldan ýöremegi Maýsa öz ejesinden öwrenipdi. Günleriň birinde Maýsaň göwnüne, oňa oglanlar az üns berýän ýaly bolup göründi. Maýsaň bu ýerde işläp ýörenine eýýäm bir ýyl bolup geçipdi, eýýäm hiç zat öňki ýaly gyzykly däldi. Maýsa kän pikirlenmän mollaň ýanyna gitdi we öz arzyny aýtdy.







—Men täzelikde işe başladym, ýöne meň iş ýerimde diňe oglanlar işlänsoň meni känbir sygdyrmajak bolýarlar. Meni işdeşlem gowy görer ýaly edip bolmazmyka?







Maýsa ýalandan sesini ýumşatdy, hamala aglajak bolýan ýaly edip. Muşakgatlary şeýle usul bilen çözmegi Maýsa öz ejesinden öwrenipdi. Dogrusy ejesi Maýsa gös göni hiç zat diýmändi. Ýöne ejesiniň öz ýakyn adamlary bilen edýän gürrüňlerinden bar zat düşnüklidi. Ondan başgada Maýsaň kakasynda hiç hili erk diýen zat ýokdi. Ol hem Maýsaň ejesiniň işidi.







Molla aga köp pikirlenmän Maýsa etmeli işi aýtdy. Bir kilogram süýji köke getir diýdi we öz hyzmatlary üçin nyrh kesdi. Maýsa şol bada daşaryk çykdy we aýdylan zady alyp geldi. Molla aga süýji kökäň üstinde az salym okady we bir zatlar edişdirdi. Ine mollaň elinden gelen süýji kökäni iň soňunda üç sany oglan oturyp çaý bilen içdiler. Maýsaň begenjiniň çägi bolmady, üç oglanyň üçisi hem üç ýerden Maýsany tassana zorlapdylar. Olaryň gözlerinde hujuw ody ýanyp başlady. Maýsa bir bada gorksada, özüne bilen çenden aşan üns, oňa ýaraýardy. Oglanlar Maýsa näme diýse şony edýärdiler, işde Maýsa hiç zat eldedenokdylar, Maýsa özini hiç wagt şeýle gerekli duýup görmändi. Ýöne beýle bagt uzaga gitmedi. Bir aý töweregi wagtyň içinde üç oglan Maýsany arşa çykardy we yz ýanyndan ýere sokdylar. Oglanlar Maýsaň häsýetinde öň göze görünmeýän kemçilikleri görüp başladylar. Maýsa barada howja oýlandylar we gaýdyp bu gyz bilen gürleşmeli däl diýen karara geldiler. Şeýlede boldy, Maýsa indi öz iş ýerinde edil ruh ýalydy, üç sany oglan özleryny edil Maýsa ýok ýaly alyp barýardylar. Maýsaň bagty laýyk 40 gün dowam edipdi, indi ol gyzyň bardygy hem hiç kime gyzykly däldi. Beýdip işlemäge Maýsaň ýagdaýy ýokdy, ol bir bada özine başga ýer hem gözläp başlady, ýöne hiç zat başa barmady. Iň soňunda Maýsa ýene nollaň ýanyna gitmeli diýen karara geldi. Maýsa ýene molladan doga alasy geldi. Dogaň güýji hem ömürlik däl bolmalyda, —diýip Maýsa oýlandy.







Molla Maýsany ünsli diňledi, Maýsa geçenki dogaň güýji uzak wagt gitmedi diýdi, bu gezek güýçliräk bir zatlar okap beriň diýdi. Molla Maýsany üns bilen synlady az salym dymdy. Molla mollalygyna garamzada, ýaş oglana meňzeýärdi. Ol adamy ösgün sakal bilen, oň geýimi uly görkezýärdi.







—Diňle meni gyz, —Molla birden Maýsa ýüzlendi. —Meň ýanyma hemişe durmuşa çykan gyzlar gelýär, ýa-da baý oglany dogalap ber diýip gelýärler. Sen ýaly ownuk soragly gelýän ýok. Men saňa ýenede bir gezek kömek edip bilýän, ýöne barybir hiç hili peýda bolmaz.







—Gaýrat ediň molla aga, —Maýsa naýynjar ses bilen ýalbardy.







—Wah men öz etmeli işimi ederin, ýöne ýokardada Biri barda. —Molla jogap berdi. —Sen şu wagt işdeş oglanlar meni gowy görsün diýýäň, şeýle dälmi?







Maýsa hawa diýip jogap berdi.







—Olar seni gowy görerler, ýöne diňe az salymlyk, soň olar seni ýigrenerler.







—Näme üçin soňundan şeýle bolýa molla aga, geçen gezek siz okap bereniňizden soň bir aý ýaly bar zat gowy boldy, ýöne soň bar zat öňküsinden hem beterledi, —Maýsa bilesigeljilik bilen sorady we molla tarap azajyk süýşdi, hamala mollaň jogabyny gowja eşder ýaly.







Molla bir bada jogap bermedi, molla oýlanýan adama meňzeýärdi. Soň molla birden ukydan açylan ýaly bolup sorady:







—Ýogsada sen nirede işleýäň gyz?







Maýsa öz işleýän ýerini aýtdy. Molla ellerini käçe goýdyda dowam etdi.







—Onda men saňa öz hünäriň boýunça düşündireýin. Aýdaly aşgabada bir ýylda plança tonna ýagyş ýagmaly diýeli. Ýagyş 12 aýyň dowamynda ýagmaly, ýagyşyň mukdaryny Hudaý ölçäp goýdy diýeli. Indem bir ýerlerden gyz peýda bolýada bir ýylla ýagmaly ýagyş bir aýda ýagsyn diýýär, men şeýle isleýän diýýär.







Mollaň sözlerine Maýsa oýlanjak boldy, gaşlary bilen beýnini gözledi, emma başa barmady, Maýsaň agzy çalaja açyldy, ol hemişe geň galanda şeýle bolýardy.







—Ine 12 aýda ýagmaly ýagyş, bir aýda sepeläp gutardy, dünýäni şarpy şalaň etdi, ähli ýeri gark etdi. Bar zat bir gyzyň islegine görä. Indem galan 11 aýlap ýagyş ýok, asmana näçe seretseň serediber. Seň düşündiňmi meň näme diýjek bolýanyma gyz? —Molla sorady.







Maýsa welin hiç zada düşünenokdy, dogrysy beýle zatlara düşünjek adam mollaň gapysyndan hem gelmezdi.







—Maňa iň bolmanda, bar zat öňki ýagdaýa geler ýaly edip beriň, —Maýsa gorka gorka haýyşt etdi.







—Sen meni diňlemänsiňow gyz, asmandan ýagan gaýyşy indi yzyna tabşyryp bolanok. —Molla gaharlandy. —Sende indi diňe garaşmakdan başga çykalga ýok. Işdeş oglanlaryň seň bilen indiki ýyl Oraza aýynda gürleşip başlarlar, ondan öň däl.



Awtor: Rahman Zulfikarow


151

12

1

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 27.02.2024 / 17:08

+0

Söýgüli ýazyjymda

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика