“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Jimin : Entak yasymyz kici yone yureklerde dunyalere sygmayan dertler bar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Göz ýaşy.
 Özümiziňki
 Perman [off]
 27.02.2024 / 18:37

Oglanjyk ejesinden sorady: - Eje, näme üçin aglaýaň? Ejesi: - Sebäbi men aýal maşgala. diýip jogap berýär. Ogly: - Düşünmedim, eje.
- diýýär. Onda ejesi ogluny bagryna basyp,
- Muňa asla düşünibem bilmersiň - diýýär. Oglanjyk kakasynyň ýanyna baryp kakasyndan soraýar. Kakasy:
- Ähli zenanlar sebäpsiz aglap bilýändir - diýip jogap berýär. Bu jogap oglanjygy kanagatlandyrmaýar.
Oglanjyk ullakan bolup ýigit çykýar. Ýöne entegem aýal maşgalalaryň näme sebäpden köp aglaýandygynyň sebäbini anyklap bilmeýär... Bir gün dünýeden ötýär. Ömürboýy anyklap bilmedik soragyny jennetde Allatagalladan soraýar:
- Allahym, näme sebäpden zenanlar aňsatlyk bilen aglap bilýärler, näme üçin köp aglaýarlar? Allatagalla oňa:
- Men zenan maşgalalary ýörite adamzat üçin aýratyn edip ýaratdym. Olar näçe kynçylyk başdan geçirse-de beýlekilere mydama göwünlik berip bilýändirler. Men zenanlara çaga dünýä indirmegiň kynçylygyna döz gelip çaga dünýä indirmegi we ezizläp ulaldan çagasynyň gadyrybilmezligine çydam edip biler ýaly güýçli ýürek berdim. Çagalary nähili erbet iş etse-de, ejeleriniň näçe köp göwnüni ýyksa-da olary gaýtadan söýüp biler ýaly söýgi berdim. Bu söýgi çaganyň ýaşyna garamazdan ejäniň kalbynda mydama terligine saklanýandyr. Zenanlary erkegiň gapyrgasyndan, olary erkegiň ýüregini gorar ýaly edip ýaratdym. Olaryň bir ejiz tarapy bolan gözýaşyny berdim... - diýip jogap berýär.
Görşümiz ýaly zenanlaryň owadanlygyny ölçeýän zat olaryň saçy, gözleri, daş keşbi däl. Olaryň esasy owadanlygy ýüregindäki söýgüsini paýlaşyp bilmegi, mähirliligi, bagyşlap bilmegi, gussalarymyzy biziň bilen paýlaşyp bilmegidir we şular ýaly tükeniksiz gowy duýgularyň jemlenmegindedir. Mähribanlarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!!!

#gyzyklymaglumatlar


174

21

6

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Firuza [off]
 27.02.2024 / 18:53

+1

:kul2:

 Täzeje
 Kevin [off]
 27.02.2024 / 19:28

+2

:kul2:hic wagt aglaman gyzjagazlar

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
 27.02.2024 / 20:38

+0

:lol:

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 27.02.2024 / 23:47

+0

Amin:)

 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 29.02.2024 / 18:55

+0

Ýetirip duruň 😃💙

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 29.02.2024 / 19:20

+0

:dovolen:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->